42 dişini görkezip ýylgyrýan malaýziýaly ýigit Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 09.03.2026 19:56
  • 16k+

Malaýziýaly inžener Pratab Muniandi özüniň üýtgeşik ýylgyryşy we agzyndaky 42 sany dişi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. 33 ýaşly malaý ýigidiniň dişleri adaty adamlara mahsus bolan 32 dişden 10 sany köpdür. Şunlukda ol häzirki wagtda dünýäniň iň köp dişli erkek kişisi hasaplanylýar.

Nebit-gaz pudagynda işleýän Pratab özüniň bu aýratynlygyny 2021-nji ýylda, maşgalasy bilen çaý içip oturan wagty oýun edip, dişlerini sanaşanlarynda bilip galypdyr. Onuň dişleri ilki sanalanda 38 çykan bolsa-da, soň edilen rentgen barlagy indi döräp gelýän ýene 4 sany dişiň bardygyny görkezipdir.

Stomatologlar 2023-nji ýylyň başynda onuň jemi 42 dişiniň bardygyny resmi taýdan tassykladylar. Iň gyzykly tarapy bolsa, artykmaç dişleriň ählisi diýen ýaly, göni ösüpdir we Prataba hiç hili oňaýsyzlyk döretmeýär. Şeýle-de bolsa, ol dişlerini günde iki gezek ýuwup, olaryň arassaçylygyna örän uly üns berýär.

Zenanlaryň arasynda bu rekord 38 dişli hindistanly Kalpani Balana degişlidir.

 


18.06.2026 22:32
4.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....