Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
ISLENDIK SÖHBETDEŞIŇIZE HARYDYŇYZY SATMAGA SYNANYŞYŇ
Köpüňiziň ikinji jahan urşy tamamlanandan soň “Gudzon” awtoulaglarynyň eýläk-beýläk at salýan we satylýan döwürleri ýadyňyza düşýän däl bolsa gerek (“Gudzon” kompaniýasy 1909-njy ýylda Detroýtda esaslandyryldy. Ilkinji bolup elýeter bahadan ýeňil awtoulagyň (1922) we tirkelýän “tigirli öýiň” (1929) önümçiligini ýola goýmak bilen, bu kompaniýa pajarlap ösdi, ýöne soň çagşady we dargap ýitip gitdi). Etjek alajyň ýok, umumy ýetmezçilik we kartoçkalar arkaly paýlaşyk döwründe dört tigir bilen enjamlaşdyrylan zatlaryň ählisi satyn alynmagy üçin birnäçe aýlary, käte bolsa ýyllary talap edýärdi. "Gudzon" bolsa taşlamasy kyn we ynsana gaty ysnyşan güjüjek boldy.
Bir gün Las Wegasda biri bilen tanyş boldum, gürleşip başlanymdan onuň gaty baý adamdygy belli boldy, ol bir döwür awtoulag dileri bolupdyr, gaty köp pul gazanybam biznesini taşlapdyr, häzir hormatly dynç alyşda eken. "Siz näme satýardyňyz?" – diýip ondan soradym. “Gudzon” awtoulaglarynyň söwdasyny eden eken. Muny eşidip men gulaklaryma ynanmadym. Ol maňa nähili hereket edendigini gürrüň berdi. Onuň özüniň tabyn bolan we işgärlerini, ýagny, diňe bir dilerlerini däl, eýsem mehaniklerini, kanselýar işgärlerini we beýlekileri hem berjaý etmegi mejbur eden kadasy-düzgüni bar eken. Her gezek ol kimdir biri bilen duşuşanda ýa-da telefonda gürleşende, başga bir zat etmezden ýa-da başga bir zat diýmezden: “Edil häzir garaşman, awtoulag satyn alasyňyz gelýärmi?” diýip soraýan eken. Onuň iň ýönekeý düzgüni şundan ybarat eken, şonuň üçin hem hut şu usul bilen başga hiç kimiň satyp bilmejek awtoulagyny satyp, özüne uly biznes gurnapdyr.
Men tanyşýan ýa-da işleşýän her bir kişime wizit kartoçkalarymy gowşurmagy halaýaryn. Kimdir birine awtoulag gerek – siziň wizit kartoçkaňyz bolsa häzirki wagtda awtoulag bazaryna çykýan biriniň eline düşýänçä näbelli ýollary geçýär. Iň ahyrynda bolsa siz awtoulag satdyňyz. Wizit kartoçkalaryň bahasy näçekä? Nol diýip hasap etseň hem bolýar. Aýdaly, her bir müňe 9 dollar. Ýöne, hatda her müň wizit kartoçka paýlap bary-ýogy bir awtoulag satsaňyzam, harçlan şol 9 dollaryňyz göze-de görünmez, sebäbi ähli ýyldyzlar sizi görkezýär, mümkinçilikler bolsa siziň tarapyňyzda. Wizit kartoçkalaryny netijeli ulanmaly, bu bolsa diňe bir zady aňladýar: olary islendik ýerde we islendik kişä petdesi bilen paýlamak – biznesiňizi giňeltmegiň iň arzan usullarynyň biri. Wizitkalary paýlamagyň ýokarda agzalyp geçilen usullaryndan başga-da, wizit kartoçkalarymy meniň gözleýjiler diýip atlandyrýan ulgamymda ulanýaryn, ýöne munuň gürrüňi beýleki bapda ediler. Häzir bolsa ýokarda agzap geçen birnäçe pikirlerimi baglaşdyrmaga rugsat beriň.
Jirardyň iki ýüz elli kanuny, kimdir birini özüňize garşy gönükdirseňiz näme boljakdygyny aýdýar. –Ýöne ol ýene-de – bu has hem wajyp – eger siz dost, belli bir derejede tizlendiriji, ýagny kanagatlandyrylan müşderi edinseň näme boljakdygyny aýdýar. Indi bolsa, muny jübüsinde siziň wizitkaňyz bar 250 adam bilen baglaşdyryň. Eger olar jübülerinden – tötänden ýa-da bilgeşleýin – hökman nämedir bir zady çykarmaly bolsalar, munuň siz üçin nähili gowy boljakdygyny özüňiz göz öňüne getirip görüň.
О'keý, ýöne biznes – asla söýgi däl; bu pul. Indi bolsa, aýdalyň, sizi halaýan we jübülerinde siziň wizitkaňyz bolan şol 250 adamyň hersinde beýleki adamlary sizden satyn almaga çekmek üçin bir höweslendiriji bar diýeli – pul, mugt günortanlyk ýa-da mugt tehniki hyzmaty. Gözleýjiler barada aýdanymda, men hut şolary göz öňüne tutýaryn. Ýeňiji bolmak üçin bularyň hemmesini baglaşdyrmagyň köp usullaryny özüňiz tapyp bilersiňiz.
Indi bolsa siz bilen, her ýyl çykdaýyjyny az etdirip, takmynan 550 awtoulag satmaga mümkinçilik beren gözleýjiler ulgamymy ösdürmek üçin ulanan usullarym barada gürrüň etmekçi. Eger eliňizde telefonyňyz, poçta gutyňyz, galamyňyz, bolup biläýjek müşderileriňiziň sanawy we wizit kartoçkalaryňyz bar bolsa, onda eýýäm sizde biznesiňizi ösdürmek üçin dünýäde iş gymmatly iş gurallaryňyz bar. Sizde ýene-de maňa näbelli, ýöne size belli beýleki iş gurallar bar bolmagy ahmal.
Men söwda barada hemme zady bilmeýändigimi elmydama boýun alyp biljek. Ýöne men, biznesimde başga biri has gowy netijeleri gazandy diýseler, hiç-haçan ylalaşmaryn. Şonuň üçin, haçanda men hatda diňe ýokarda agzalyp geçilen ýönekeý gurallaryň dogry ulanylmagy sizi professional söwda ulgamynda ýyldyz edip biljekdigine kepil geçenimde, sözüme ynanaýyň. Gural gutyňyzy dolduryň we ol ýerdäki iş gurallaryň hersini yzygiderli ulanyň.
(dowamy bar).