Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
NAGT TÖLEGI ISLEMEÝÄN BOLSALAR, NÄHILI TÖLEMELI?
Haçan-da adamlar maňa müşderi iberenleri üçin nagt töleg islemeýändiklerini aýdanlarynda, men olara başgaça çemeleşýärin. Eger kimdir biri gözleýjiniň kömegi bilen meniň ýanyma gelse, men gözleýjä jaň edip, oňa sag bolsun aýdýaryn we 25 dollarlyk çekimi oňa ugratjakdygymy habar berýärin. Eger ol öz işleýän kompaniýasynda hereket edýän aýratyn düzgünler sebäpli ýa-da başga bir sebäplere görä, şol puly kabul etmäge hakynyň ýokdugyny aýdaýsa, onda onuň üçin başga ýakymly bir zat edesimiň gelýändigini aýdýaryn. Soňra Detroýtyň haýsy hem bolsa bir eýesi tanyş restorany bilen habarlaşýaryn. Olardan gözleýjime otkrytka, has takygy, oňa aýaly bilen meniň myhmanym höküminde gowy naharlanmaga mümkinçilik berýän çakylyk petegini ugratmagy haýyş edýärin. Eger-de şol kişi şolar ýaly çakylygy halamaýan bolsa, men oňa awtoulagyny hyzmat nokadymyza getirip biljegini, şol ýerde bir näçe abatlaýyş işleriniň mugt edilip beriljegini habar berýän hat ýollaýaryn.
Men bu ideýalary size, gözleýjileriňize nagt tölege mümkinçilik bolmadyk ýa-da size gözleýji bilen hasaplaşmaga päsgel berjek beýleki meseleler bar bolan ýagdaýlarynda kanuny çözgütleriň usullary höküminde salgy berýärin. Ýöne, kimdir birine çek ugratsam, köplenç hiç hili mesele ýüze çykmaýar.
Käbir ulgamlarda gözleýjileri pul bilen sylaglamak gelşiksiz hasaplanýar, ýöne bu ýagdaý pul sylagyny ulanmazlyk üçin sebäp bolup bilmez. Söwda menejerleri, öz agentlerini iş salyşýan müşderilerine dostlaryna hem tanyşlaryna öz söwda nokatlaryna gelmegi maslahat berdirmäge razy edip bilen ýagdaýlarynda, gazanylan pul mukdarynyň göz-görtele artýandygy barada maňa elmydama gürrüň berýärler. Geliň, bu hakda has giňişleýin gürrüň edeliň.
Eger siz müşderiden özüňizi başga bir müşderä maslahat bermegi haýyş edeňizde, hakykatda oňa ýagşy bir zat edýärsiňiz. Bu oňa özboluşly ýagşylyk etdigiňizdir. Näme üçindigini düşündireýin. Adamlaryň köpüsine başgalara kömek etmek ýaraýar; olar kimdir birine amatly geleşik baglaşmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtmakdan ýa-da gowy söwdagär bilen aragatnaşyk saklamak mümkinçiliginden lezzet alýarlar. Eger siz şolar ýaly adamlara dogry çemeleşseňiz, olar siz hakda dostlaryna gürrüň bermegi özlerine dereje bilerler. Eger, soňra şol dostuň özi hem senden bir zat satyn alsa, onda bu oňa, ilkinji müşderä, özüniň gowy dostuna kömek edip bilendigi üçin ýakymly duýgy berer. Mundan başga-da, ýönekeý adamlaryň her biri üstünlikleri hakda öňünden çykana gürrüň bermek zerurlygyny başyndan geçirýärler. Eger adam amatly geleşik baglaşandygy bilen magtanmaga mümkinçilik tapsa, onda bu hakda joşup-joşup gürrüň berýärm şeýdibem onuň şol zerurlygy kanagatlandyrylýar. Ýöne haçan-da dosty hem onuň maslahaty bilen bir zat satyn alsa, onda bu waka ol adamlaryň wagtynda kärini dogry saýlandygyna bolan ynamyny hasam güýçlendirýär.
Geliň, muňa başgaça seredeliň: biziň özümizem halaýan adamlarymyz bilen hut şonuň ýaly hereket edýäris ahbetin: lukmanymyz, diş lukmanymyz, dellekçimiz ýa-da suratkeşimiz hakda başgalara gürrüň berýäris. Sözden söz açylanda öz pikirlerimizi paýlaşyp galýarys. Şonuň üçin başga birinden biznesiňizi ösdürmäge kömek etmegini soramaly bolanda, ikirjiňlenmäge hiç hili esasyň ýokdugyny aýtjak bolýaryn. Sebäbi, siziň ikiňizem bu zatlardan peýda tapýarsyňyz.
(dowamy bar).