Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (27-nji bölüm)

  • 14.01.2024 17:47
  • 4753
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (27-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Şol maliýe hünärmeni bilen restoranda duşuşanymda, stoluň başynda oňa näme hakda gürrüň gidýändigini açyk ýaňzydýaryn. Menden maşyn satyn alýan müşderiniň we onuň wizitkasynyň arkasyna öz ady ýazylan her bir adama  25 dollar sylag töleýändigimi men oňa hökman aýdýaryn. Ýa-da oňa, özi üçin amatly hasap etse, onda maňa jaň edip, şeýle ýa-da şeýle adamy iberýändigini habar berende-de bolýar diýýärin. Ýene men oňa kredit-bank ulgamynda işleýän täze tanşyma kanagatlandyrylan müşderilerimiň köpdigine düşüner ýaly, maýa dolanyşygymyň gaty uludygyny aýdýaryn. Ol menden şeýle-de, meniň adatça beýleki söwda agentleriniň geleşiklerini ellerinden alyp, olardan öňe geçip biljekdigimi eşidýär.

Ýöne, dogrymy aýtsam, köplenç başga bir söwda agendinden üstün çykmaga we elinden söwdasyny almaga maňa maliýeçi bilen tanyşlyk kömek edýär. Munuň nähili bolýandygyny düşündireýin. Aýdaly, şol banka başga bir dilerden awtoulag sargyt eden müşderi gelýär. Tiz wagtdan awtoulag eýesi bolmaly alyjy özüne karz pul berilmegini haýyş edýär. Bu meselä jogapkär emeldar we şol bir wagtyň özünde meniň gözleýjim, resminamada görkezilen geleşigiň ahyrky jemine seredýär, ondan ötünç soraýar, goňşy otaga girýär we maňa jaň edýär. Ol telefon arkaly maňa ol adamyň haýsy awtoulag satyn alýandygyny, goşmaça nämeleriň bardygyny we bahasynyň näçedigini tizden-tiz düşündirýär. Şol bahany arzanlatmak üçin näme edip biljegimi dessine anyklaýaryn. Şeýle-de, alyjynyň awtoulagy başga söwda agendinden satyn almakçy bolýan ýerinde tölemekçi bolýan pulundan 50 dollar pes görkezijä gelmäge çalyşýaryn.

Gül boldy, indi, aýdaly, müşderiniň soraýan bahasyndan 50 dollar arzan baha men hakykatdan hem hötde gelip biljekdigimi bilýärin. Men bu barada kredit bermek bölüminiň emeldaryna aýdýaryn we mende oňa gerek bolan awtoulagyň bardygyny, hut häziriň özünde muny oňa satyp biljekdigimi oňa habar berýärin. Ol otagyna dolanyp gelýär-de, müşderä, edil şonuň ýaly awtoulagy 50 dollar arzan bahadan hödürleýän söwda agendiniň (ýagny, meniň) bardygyny aýdýar. Eger baha bary-ýogy 25 dollar arzan bolsa, onda müşderi söwdany gaýtaranyňa degjek däl diýip pikir eder we meniň ýanyma gelmez. Galyberse-de, ol beýleki söwda agentine söwdanyň ujundan, aýdaly, 10 dollar ýa-da hatda 20 dollar geçiren bolmagy ahmal. Ýöne gürrüň 50 dollary tygşytlamak barada bolanda, müşderi geçiren puluny ýitirenine gynanyp hem durmaz. Eger tapawut has kiçi bolsa, onda ol meniň ýanyma gelip, haýsy awtoulag hödürleýändigimi görmek üçin wagt ýitirmek hökman däl diýen netijä geler.

Ondan başga-da, şol müşderä goşmaça täsir edilýär: kredit bermek boýunça jogapkär bank emeldary hem, şol müşderini meniň ýanyma iberendigi üçin 25 dollara hantama ahbetin. Şol sebäpden hem, bolup biljek awtoulag alyjysyna meniň ygtybarly dilerdigim, gowy adamdygym we beýleki şuňa meňzeş gowy taraplarym barada gürrüň bermäge höweslidir.

Bank işgäri bilen söhbetdeşligimi tamamlan badyma, tizden-tiz wedomostlardan ýaňky adamyň satyn almakçy bolýan awtoulagyna mümkin boldugyça ýakyn bir awtoulagy ammar ätiýaçlyklarymyzdan tapýaryn, has gowusy bolsa, edil şonuň ýaly awtoulagy tapýaryn ýa-da bolmasa ony başga bir dilerden sorap alýaryn. Ony hyzmat ediş gullugyma çaltrak ýuwmagy, tozan sorujy bilen arassalamagy we eltip bermäge taýyn etmegi tabşyrýaryn. Täze tapan müşderimiň ýanyma gelen pursadynda, onuň eýýäm şol awtoulaga töleg üçin berilmeli kreditiniň tassyklanjakdygyny öňünden bilýärin.

Ýaňky bank emeldaryny gözleýjim etmek üçin, ilki bilen onuň eýeleýän wezipesiniň meniň başga bir ýol bilen eýeläp bilmejek müşderilerimi ýanyma ibermäge mümkinçilik berýändigine göz ýetirýän. Ol maňa eýýäm başga söwdagäriň ýola goýan söwdasyny getirip berýär ahbetin. Netijede, bu maliýe işgäri karza girip awtoulag almakçy bolýan müşderä 50 dollar tygşytlamaga kömek etdi, üstesine özüne-de goşmaça 25 dollar gazandy we maňa elýeter bolmadyk şertnamany baglaşmaga mümkinçilik berdi.

Hatda gözleýjä edilen tölegi, alyja edilen baha düşürmesini göz öňünde tutamda-da, özüme ýeterlik gazanç alaryn. Eger bu geleşikde bary-ýogy 50 dollar gazanaýsamam, bu meniň başga usul bilen gazanyp bilmejek 50 dollarym. Bu pullar, sözüň doly manysynda köçeden tapylan diýseň hem bolýar – olar asmandan göni jübime uçup geldiler. Munuň pikirini ediň. Meniň oturan ýerimden özüme goşmaça girdejini nädip döredýändigim hakda pikir ediň. Ýene-de, biznesiňizde şuňa meňzeş emelleri nämeler edip boljakdygynyň pikirini ediň.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3785

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2752

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1843

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2034

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...