Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (37-nji bölüm)

  • 26.02.2024 12:29
  • 3.2k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

DESSINE ELTIP BERMEK, KÖP SÖWDAGÄRLERE GOWY NETIJE BERÝÄR

Eger siz awtoulag däl-de başga bir zatlar satýan bolsaňyz, onda tiz eltip bermek size gaty gowy netijeleri berer. Bir gün telewizorlaryň söwdasyny edýän we tele-ulgama hyzmat edýän adam bilen tanyşdym. Ol tiz eltip bermegi netijeli ulanyp bilýän eken. Aýdaly, oňa jaň etdiňiz we telewizoryňyzda käbir abatlaýyş işlerini geçirmegi haýyş etdiňiz. Ol: «Telewizoruňyza näme bolýar?» diýip soraýar. Telefonuň beýleki tarapyndaky adam, onuň bulaşyk görkezýändigini aýdýar. Abatlaýyjy telewizora näçe ýylyň bolandygyny, öndürijisini we şoňa meňzeş beýleki soraglary berýär. Soňra häziriň özünde gelmekçi bolýandygyny we köne telewizor ussahana äkidilende maşgala agzalary ulanar ýaly ätiýaçlyk telewizory hem getirmekçi bolýandygyny aýdýar.
Hut şu pursatdan wakanyň nähili ýaýbaňlanjakdygyny göz öňüne getirýän bolsaňyz gerek. Şunda müşderiniň köne ak-gara görkezýän telewizoryň bahasy 20 dollardan kän däl bolsa gerek, bejergi bolsa 80 dollara düşmegi mümkin. Oňa derek telewizor satýan adam oňa bahasy bary-ýogy 500 dollardan geçmeýän gaty gowy telewizor getirip berer. Baý, muňa seret-le! Reňkli telewizor! Telewizoryň abatlaýyş işleri birki hepdä çeker, maşgala agzalary bolsa «wagtlaýyn» telewizora öwrenişip başlar.
Örän tiz wagtda ýaňky «wagtlaýyn» telewizoryň «hususa» öwüriljegini arkaýyn aýdyp bolar. Gowy görýän sport türgenleriniň iki ýana ylgaýanyny ekranda reňkli gören adam, heý-de köne ak-gara telewizoryny yzyna alarmy. Şol bir wagtyň özünde, meniň ýaňky tanyşym özüniň gymmat bahaly telewizoryny barakda we kümede ýaşaýana ýa-da goşlaryny düwüp, tizara göçmekçi bolýana goýmaýar.
Ilkinji telefon jaňyndan soň biziň telewizor ussamyz potensial müşderiniň töleg ukyplylygyny barlaýar, diňe şondan soň onuň öýüne telewizor getirýär. Köne telewizor taýyn bolandan soň, täze telewizory satyn almak we ony kem-kemden tölemek baradaky şertnama-da taýyn, ol müşderä ak-gara telewizoryny tabşyryp, ony täze, reňkli telewizora çalyşmaga we aýda 20 dollardan tölemäge mümkinçilik berýär.
Şondan soň kim maşgalabaşa munuň ýaly teklipden ýüz öwürmäge we köne telewizoryny yzyna, öýüne getirmäge rugsat berer? Menem şonuň ýaly hereket edýärin, telewizor söwdagäri hem edil şonuň ýaly hereket edýär. Üç tagamdan ybarat öýlänlik nahardan başga ähli zatda, üýtgewsiz şunuň ýaly edip bolar. Meniň ilkinji kostýumumy maňa egin-eşigi kireýine berýän adam satdy; ol ammardan täze kostýum çykardy we ony bellige alyp, diňe maňa berip başlady. Men oňa, bu kostýumy diňe toýa geýmek üçin alýandygymy düşündirjek boldum, ol bolsa alada etmeli däldigimi aýtdy, sebäbi edil şol ölçegde ýene bir kostýum alýandygyny, muny bolsa diňe maňa bermekçi bolýandygyny aýtdy.
Mümkin, ol meni gowy «öwrenendir», sebäbi öň biriniň egninden çykarylan kostýum däl-de, eýsem egnimde laýyk oturan, ýaňy iňňeden çykan kostýum geýýändigim maňa örän ýaraýardy. Kostýumy geýenimden soň, ýene bir gezek hemme zat ýerbe-ýermikä diýip aýnanyň öňünde özüme syn etdim. Ol bolsa şol bada kostýumumyň içinden täzeje köýnek, galstuk geýdirdi, boýnuma bolsa kamberband atly inli şarf orady, bularyň barysy gaty gowy gelişdi we ajap göründi. Soň näme bolandyr öýüdýärsiňiz? 
Ol meniň näçe çagamyň bardygyny, şeýle-de, meniň garyndaşlarymyň näçe sany ýetişen çagasynyň bardygyny sorady. Bu zatlara meniň özüm düşünýänçäm, ol eýýämi bizde öňümizdäki bir näçe ýylda bir näçe toýuň boljakdygyny hasaplady, häzir egnimde ajap oturan arassa ýüň we ýüpek matadan tikilen tüýs gowy kostýumy kireýine alanym arzana düşjekmi ýa-da satyn alanym arzana düşjekmi, hasabyny çykardy oturyberdi!
Haryt satmak, beýleki adamlara garanyňda söwdagär üçin ýeňil diýip aýdýarlar, bu, mümkin dogrudyr, ýöne ýaňky kostýumy kireýine bermek bilen meşgullanýan oglan, muny nähili dogry etmelidigini açyk görkezdi. Hatda ýaňky oglanyň gelejekde biziň tohumumyzda boljak toýlar barada aýdan zatlary doly dogry çykmadyk hem bolsa, ol bolmanda meni her gezek toýa ýa-da bankete gidemde kostýum kireýine almakdan azat etdi.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...