Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
Ýöne ilki bilen özüňizi nähili erbet duýýandygyňyzy bilmeli we ony boýun almaly, ýogsam bu duýgulary ýeňip geçmegi meýilleşdirip ýa-da oňa garşy çäre görüp bilmersiňiz. Eger siz içki dünýäňizde bolup geçýän zatlara erk edip bilmeýän bolsaňyz, onda erbet duýgularyňyzy siziň ýanyňyza, şeýle-de ikirjiňläp gelen adama hökman geçirersiňiz.
Men her agşam aňymda geçen günümi täzeden gaýtalamda, aýdan we eden zatlarymyň hemmesini doly ýatda saklap biljekdigime göz ýetirýärin. Şonda men «Biraz soňrak gelerin» diýýänleri we beýleki ýitirilen müşderileri hakyky müşderä öwürmek üçin has uly we has gowy zat edip bilmändigime doly akylymy ýetirýänçäm, uklamaýaryn. Bir az wagtdan geljekdiklerini aýdanlary, gapydan çykan ikinji pursatyndan başlap ýitginiň hasabyna ýazmalydygyny ýadyňyzdan çykarmazlygy haýyş edýärin. Men müşderilere düşünmekde we olary ele almakda özümi gaty ökde hasaplaýaryn. Ýöne bir kişiniň maňa soň gelerin diýýänini eşidemde, ol hemişelik gitdi diýip düşünýärin. Kähalat şeýle adamlar hakykatdanam az wagtdan dolanýarlar, sebäbi olaryň käbirleri dogrusyny aýdýarlar. Ýöne, eger geljekde bolup biljek girdejiňiziň bir bölegi hökmünde «Biraz soňrak gelerin» diýýänlere çyndanam ynanýan bolsaňyz, onda, hakykatda siz häzirem öz-özüni aldaýan höwesjeň bolmagyňyzda galýarsyňyz.
Hemmeler häzir aýtjak zadym bilen razylaşmaga taýyn däl hem bolsalar, üstesine ony halamasalar hem, özüm üçin aýdyňlaşdyran ýene bir zadym bar. Şeýlelikde, siziň satyp bilmeýän adamyňyza, başga biriniň satyp bilmegi gaty ahmal. Söwda biznesinde kä bir ýagdaýlary, söwda agendiniň gitmekçi bolýan müşderini gitmezinden ozal işdeşleriniň haýsy hem bolsa birine geçirmegini talap edýär.
Men, menden has gowy adamlar asla ýok diýip pikir etmäni gowy görýärin. Ýöne hiç kim kämil däldir, şonuň üçin söwdada käwagt ýene birini söhbetdeşlige çekmek peýdaly bolar diýip hasap edýärin, ýöne muny müşderini has beter boýun towlamaga mejbur etdirmejek görnüşde etmeli. Siz onuň özüne basyş edilýändigi hakda pikir etmegini islemeýärsiňiz ahbetin.
Mende, eger kompaniýamyzyň beýleki söwda agentleriniň haýsyda bolsa birisi kimdir birine awtoulag satyp bilmedik bolsa, men hem bagtymy synap görmek üçin şol müşderini ýanyma iberseler, şol agende 10 dollar töleýändigim barada olar bilen şertleşik bar. Bu söwdalarymyň barysy ugruna boldy diýip sizi ynandyrjak bolamok, ýöne şol «boýun egmezek» müşderileriň käbirine kähalat harydymy satyp bilýärdim. Şeýle-de bolsa, men beýle etmegi bes etdim, sebäbi bu söwdadan maňa uly komissiýa galyp, beýlekilere-de diňe 10 dollar galsa, onda olar gaty görýärdiler. Olaryň söwdasy oňmadyk müşderilerine bolan ähli hukuklaryny 10 dollara satyn aldym diýýän ideýamy, olar çynlakaý kabul etmeýärdiler. Bu söwda agentleri maňa düşýän komissiýany deň paýlaşmak isleýärdiler.
Şonuň üçin men bu ideýadan el çekdim. Ýöne, eger siz şoňa meňzeş zady synap göresiňiz gelse, işdeşleriňiziň hersiniň bu şertnamanyň şertlerine düşünýändigine ilki bilen göz ýetirmegiňizi maslahat berýärin. Ýöne, näme-de bolsa muny kähalat etseňiz gowy bolar, sebäbi siziň söwda usullaryňyz üçin gitmäge taýyn adam bilen işlemekden gowy amaly synag bolup bilmez. Şeýle «gözden gaýyp bolup barýan kişini» doly hukukly alyja öwüren pursadyňyzda emele gelýän duýgudan gowy duýgy ýokdur. Ýeri gelende aýtsak, bu siziň ussatlygyňyzyň we başarnygyňyzyň iň gowy testlerinden biridir.
Ýöne, eger bu usuly synap görmekçi bolsaňyz, söwdanyň usullary, tärleri we emelleri baradaky bilimleriňiziň işdäki kärdeşleriňizden erbet däldigine öňünden berk ynanyň. Diňe şonuň üsti bilen beýleki söwda agentleriniň bilmeýän käbir usullaryny synap bilersiňiz.
Müşderä şol öňki synap gören zadyňyzy ýene bir gezek etmegiň we aýtmagyň hiç-hili manysy ýok. Siz ylalaşyga gelmesi kyn müşderä başgaça çemeleşmeli. Elbetde, käwagt muny gönüden-göni etmek peýdalydyr, ýagny şol adamdan näme gözleýändigini ýa-da kärdeşiňiziň oňa görkezmegi ýadyndan çykaran bir zatlaryny görmek isleýändigini soraň. Beýleki tarapdan, öte geçmek, zehiniňizi görkezjek bolup ýürege düşmek we şonuň bilen bilelikde, bile işleýän adamlaryňyzy özüňizden daşlaşdyrmak gerek däl.
Ýöne kähalat şunuň ýaly soragy berseňiz, potensial müşderi özüne kömek etmekçi bolýandygyňyza düşüner, bu bolsa öz gezeginde oňa goranyş galkanyny aşak goýberip, söwdasyny amala aşyrmaga kömek berer.
(dowamy bar).