Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
Ynha, gözleýjileri tapmagyň başga ýene-de bir näçe usullary we ýerleri bar. Her gezek benzin ýa-da motor ýagyny satyn almaga baramda, men zaprawkanyň ýa-da tehniki hyzmat stansiýasynyň işgärleri, esasanam, abatlaýyş işleri bilen meşgullanýanlar bilen gürleşmäge çalyşýaryn. Şolar könelip, çalyşmaly köp sanly awtoulaglary ellerinden geçirýärler.
Eger bahasy 500 dollara düşjek gymmat hem uly möçberli abatlaýyş işlerini talap edýän awtoulag bilen bir kişi olaryň ýanyna gelse, onda şol müşderi köne awtoulagyny bejermegiň ýerine täze awtoulag satyn almak barada pikir etmekden gaty bir daşda hem däldir. Eger ol hyzmat kärhanasynyň işgärleriniň düşündiriş bermeleriniň netijesinde, häzirlikçe warak awtoulagyny bejermekden saklanmakçy bolsa, onda ol eýýäm awtoulagyň täzesini satyn almak barada pikir edip başlar. Şonda, abatlaýyş bölüminde işleýän adama, eli meniň adym ýazylgy wizitkaly ýanyma gelmegi we meniň bilen gürleşmegi potensial müşderiniň aňyna guýmak üçin bary-ýogy birki sany söz gerek bolar.
Eger müşderi meýilleşdiren abatlaýyş işlerinden ýüz döndermese, onda etjek alajyň ýok; ýöne, eger-de gözleýji ony maňa iberip, öz 25 dollaryny gazansa, onda ol başga bir ýerde gazanyp bilmejek puluny gazanar. Gözleýjileri işe çekmek üçin iň oňat ýerler diýip döwük awtoulaglary tirkege almak hyzmatlary gullugyny we awtoulag kuzowlaryny abatlaýyş ussahanalaryny atlandyrmak bolar. Olar döwük we bejerip bolmajak awtoulaglary köp görýärler.
Şonuň ýaly awtoulagyň eýesi hökman täze awtoulag satyn almakçy bolýandyr, üstesine, ätiýaçlandyryş kompaniýasyndan onuň saldamly çek almagynyň mümkindigine kepil geçip bolýar. Betbagtçylyklar we heläkçilikler bolan ýagdaýynda ätiýaçlandyryşy almak üçin talaplary gaýtadan işlemek ulgamynda işleýän adamlara, şeýle hem awtoulag ätiýaçlandyryş polisleriniň söwdasy edilýän ýerlerde işleýän adamlar hem gözleýjilige ýaraýar, sebäbi olar hem döwük-ýenjik awtoulaglar barada köp zat bilýärler. Men bu adamlaryň barysy bilen habarlaşmaga çalyşýaryn, sebäbi olar meniň üçin, men hem olar üçin goşmaça maýa dolanyşygyň örän gowy çeşmesi bolup durýarys.
NÄME EDÝÄNDIGIŇIZI WE NÄME ÜÇIN EDÝÄNDIGIŇIZI BILMEK
Söwda tälimlerine eýe bolýan öňki döwürleriňizde eşiden, belki-de häzirem ulanýan lenç edilen we köp çeýnelen şygarlaryň biri şundan ybarat: «etmekçi bolýan işiňi meýilleşdir we meýilnamaň boýunça işle!». Muny men ýüzlerçe gezek eşitdim. Awtoulag söwdasy bilen meşgullanýan we belli bir ýaşdan geçen her bir kişiniň gulagynda hem, onuň şonça gezek ýaňlanandygyna ynanýaryn. Ony şeýle bir ýygy-ýygydan agzaýarlar welin, hatda onuň özi hem anekdota öwürilip gitdi.
Ýöne, häzir size awtoulag biznesinde köp ýyllaryň dowamynda öwrenen başga zatlarymy paýlaşaýyn. Bu, size gerek bolup biljek iň gowy maslahatdyr. Ýokarda görkezilen şygar bilen baglanyşykly mesele, munuň gaty akylly we aforistik bolmagy bilen baglydyr, ýöne ýygy-ýygydan gaýtalap ýörensoňlar, ol hakykatda öz manysyny ýitirdi. Aslynda onuň aňyrsynda ýatan pikir – bu, gaýtalap aýdýaryn, häzir hem siziň alyp biljek iň gowy maslahatyňyzdyr.
Aslynda onda iki dürli zat hakda aýdylýar. Olardan biri, özüňe we edýän işiňe gözegçilik etmek bilen baglanyşykly. Bu siziň, aýdaly, möhüm müşderi tötänden siziň iş ýeriňiziň gapysyndan ätläp, söwda agentleriniň arasynda ala-böle hut siziň bilen pete-pet gelip, şertnama baglaşmaga razy bolan ýaly, amatly pursatlaryň peýda bolmagyna bil baglaman, özbaşdak hereket edýändigiňizi aňladýar.
Ýokarda agzalan şygaryň ikinji ýarymy, etmeli dogry hereketleri öňünden bilseňiz we hakykatda olary ýerine ýetirseňiz, onda şol hereketleriň size pul gazanmaga mümkinçilik berjekdigi barada aýdýar. Men wizit kartoçkalar, müşderilere ugradylan hatlar, gözleýjiler we telefon jaňlary hakda öňem aýdypdym. Ýöne söwda meselesinde oýlanmalarymyzyň esasy özenini tutýan zatlar hakda köp durup geçmeýärdim. Siz iň soňunda potensial müşderi bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, oňa dessine näme we nädip aýtmalydygy hakda men gaty az ýaňzytdym. Bu barada indiki baplarda has köp aýdyp geçerin. Ýöne, hatda siz şoňa çenli okamasaňyzam, diňe öň teklip eden zatlarymy ýerine ýetirmek bilen çäklenseňizem, indi islendik harydy gaty köp satmagy başararsyňyz
Bu birnäçe sebäplere görä bolup biler, ýöne olaryň iň esasysy, köp adamyň siziň ýanyňyza gelmegi we siziň bilen habarlaşmagy bilen baglanyşýandyr — başga söz bilen aýdanyňda, sizde habarlaşmak üçin has köp potensial alyjylaryňyz bolar. Şol gazanan baglanyşygyňyzy, aragatnaşygyňyzy ýitirmejek boluň. Hatda söhbetdeşlikde, önümiň artykmaçlyklaryny beýan etmekde we şertnamalary baglaşmakda hünärmen hökmünde bary-ýogy orta gürpde bolsaňyzam, siziň görkezijileriňiz öňküsinden has ýokary bolar.
(dowamy bar).