Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (30-njy bölüm)

  • 23.01.2024 14:23
  • 3090
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (30-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

ERJEL IŞLEME-DE, AKYLLY-BAŞLY IŞLE
Oýun edemok. Bu sözler bilen men diňe bir hakykaty nygtamakçy bolýaryn: işiňizi ýerine ýetirýän usulyňyz, siziň her günki netijeliligiňiz üçin möhümdir. Gazanýan girdejiňiz, işiňizi nähili bitirip bilşiňize baglydyr. Men size «her gün irden birnäçe wagtyňyzy indiki etsem-goýsamlaryňyzy meýilleşdirmek üçin sarp etmelisiňiz» diýip gaýta-gaýta ýaňzydýaryn. Üns berýän bolsaňyz «hökman etmeli» diýen däldirin, diňe «şeýtmelisňiz, şeýtmäge borçlusyňyz» diýendirin. Siz ilki planyny düzmeli, soňra-da şol işi hökman etmeli. Maňa ýalňyş düşünmäň. Oturan ýerimden size tutanýerli zähmetiň wajypdygy hakynda takal okaýandyr öýtmäň.

Hars urup edilýän iş harsal bolar. Dynuwsyz köp işlemegiň köp netije berýändigine hiç ynanamok. Men akylly-başly işe ynanýaryn. Oýlanyşykly bitirilýän işe ynanýaryn. Netijeli işe — netije berýän işe ynanýaryn.  Her gün irden şu gün näme etjek bolýandygym hakda pikir edýärin. Ilki bilen, şu gün kim bilen duşuşmagy şertleşendigimi bilmek üçin gündeligimi barlaýaryn. Meselem, belki-de men şol gün maliýe edarasynyň karza jogapkär çinownigi bilen ertirlik ýa-da günortanlyk nahary başynda duşuşmagy teklip edendirin. Ýa-da ol, täze awtoulag satyn almagy meýilleşdirýän, ýöne gepleşigi we geleşigi şu güne çenli yza süýşüren müşderileriň biri bilen duşuşyk bolup biler.

Sizden awtoulag satyn alan müşderileriňiziň kartotekasyny tertipleşdirmek hem netijeli bolar. Belli bir adamy dessine tapmak üçin, olary familiýalary boýunça tertipleseňiz, ýerbe-ýer etseňiz, has-da gowy bolar. Ýöne senä görä tertiplenen ýene bir  kartotekaňyz bolsa dagy bu örän netijeli, mysal üçin, düýn kimdir biri sizden awtoulag satyn alan bolsa, onda şonuň ady şol sanawyň iň soňuna düşmeli, ýa-da el ýüzde bolmaly. Şeýtseňiz. Siz kartotekaňyzy başdan gözden geçirip bilersiňiz we haýsynyň ulagyny çalyşmaga wagtyň gelendigini görüp bilersiňiz.

   Käwagt, boş wagtym bolanda şol adamlaryň telefon belgisini aýlap, täze awtoulagyň gürrüňini etmek meýliňiz bolsa, ýanyma aýlanyp bilersiňiz diýip jaň edýärin.  Muny esasanam, köplenç kompaniýamyza täze modeller gelende edýärin. Eger men şeýle sorag-jogap çäresini öz wagtynda we ýygy-ýygydan geçirsem, onda meniň gündeligimde bir aýa paýlanan köp sanly iş duşuşyklary peýda bolýar. Bu, söhbetdeşlerimiň geljek günlerini we wagtyny hemişe özlerine kesgitlemegi maslahat berýärin. Olar özlerine amatly wagty özleriniň kesgitleýändigine hem monça bolýarlar.

Men diňe «Sem, täze modeller geldi, olary synlamak üçin gelersiň diýip umyt edýärin» – diýen sözler bilem çäklenmeýärin. Men muny başgaça aýdýaryn: «Sem, şu gün öýlän sagat dört töweregi gelip gidäý, bolýarmy?». Eger Sem bellenen wagtda gelip bilmeýän bolsa, onda özi gelip biljek wagtyny maňa aýdar. Ynha indi mende ýene bir iş duşuşygy döredi. Men ony derrew gündeligime ýazýaryn. Ýatkeşligim gaty gowy bolsa-da, hiç haçan arkaýyn bolamok, gündeligime .

Şeýlelikde, men gündeligimi barlaýaryn we şu gün öýlän duşuşygymyň bardygyny görýärin. Elbetde, köçeden huzurymda kimiň peýda boljagyny we menden satyn aljagyny çaklap bilmerin. Munuň ýaly söwdalaryň günde müňlerçesi edilýär. Bularyň şeýle bolýandygy hakykatda meni geň galdyrmaýar, sebäbi gündeki edýän işlerimiň ählisi diýen ýaly   söwda etmekçi bolýan adamlaryň akymyny özüme tarap gönükdirmeklige jemlenendir. Ýöne herhal, güniň dowamynda mende boş wagt peýda bolýar, şonda ony ýokarda agzalan akym has güýçli bolar ýaly işler bilen doldurmaga çalyşaryn.

Poçta arkaly habar ibermek meýilnamam özüm baş alyp çykardan has giň gerimli bolansoň, bu işleri meniň üçin işleýän ýörite adamlar ýerine ýetirýärler. Dogrusy, ilkibaşda bu işleri hem özüm alyp barýardym, ýöne diňe soňky ýyllarda muny ýörite işgärlerime ynanyp başladym. Poçta arkaly habar ibermegiň göwrümi entek beýle uly bolmadyk döwri, her gün irden belli bir mukdarda hat ugradyp, muny özüm edýärdim. Adatça, muny gyssagly işlerimi edişdirenimden soň we indi başga işim bolmadyk pursatlary edýärdim. Şol pursatlar, nobatym ýeten badyna, gapydan girýän müşderä tarap ähli işlerimi taşlap göni ylgaberesim gelýärdi. Bukjalaryň ýüzüne ýazgylary ýazmak, şol ýagdaýdaky iň aladasyz iş.

Eger täze müşderi bilen habarlaşmak zerurlygy ýüze çyksa, siz bolsa telefonda gürleşýän bolsaňyz, onda telefonyň aňyrsyndaky gowy we potensial müşderä söhbetdeşligiň arasyny kesmeli boljakdygyny medeniýetlilik bilen aýtmak we soňrak jaň etmegi wada bermek töwekgelçiligi ýüze çykýar. Muny bolsa hiç kimiň edesi gelmeýär.

Haçanda gös-göni söwda wezipäm bilen meşgullanmaýan wagtym, men hatlary gözden geçirýärin ýa-da telefonda müşderiler bilen gürleşýärin. Kähalat, başga bir peýdaly iş edýärin ýa-da hyzmat gullugymyzyň bir çetinde kärdeşlerim bilen ümmüldeşýärin (Beýleki kärdeşlerim, esasanam, tehniki hyzmat we beýleki hyzmatlar bölümi bilen gowy gatnaşyk saklamagyň nähili möhümdigini soň düşündirerin). Käwagt ýokarky gata çykyp, kanselýariýa işgärleri bilen söhbetdeş bolýaryn.

Söwdanyň edara ediş-dolandyryş we kagyz-resminama tarapy, hatda hemme zady dogry eden ýagdaýyňyzda-da, müşderileriň kanagatlanmagyna ýa-da nägileligine uly täsirini ýetirip biler.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3785

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2752

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1843

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2034

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...