Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (29-njy bölüm)

  • 20.01.2024 18:07
  • 2718
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (29-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

KÖP HARYT SATMAK ÜÇIN, HARYDY ALYJYNYŇ BOÝNUNA DAKMAK UKYBY HÖKMAN DÄL
Tohum atmak we hasyl ýygnamak barada, ser salma tekerindäki oturgyçlary doldurmak we boşatmak hakda aýdanlarymyzy ýadyňyza salyň. Aslyýetinde, biz mümkinçilikler we işde üstünlik gazanmak ähtimallygy hakda gürleşipdik. Siz indi müşderiler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlaryňyzda edil öňki ýaly hereket etseňiz-de, eger şolar ýaly ýagdaý köp boljak bolsa, onda sizde harytlary isleseň-islemeseň köp satyp biljegiňiz barada hiç hili şübhe döremeli däldir. Mundan soň biz mukdardan başga hiç zat hakda gürrüň etmeris ahbetin.

Çypbakaý-çynym. Eger her gün ýanyňyza iki esse köp adam gelse, onda siz öňkiňizden iki esse köp haryt satarsyňyz. Eger-de siz her gelen iki adamyň biri bilen şertnama baglaşyp bilýän bolsaňyz, her günem ýanyňyza iki adam gelýän bolsa, onda şol gün iň bolmanda birisi bilen söwda şertnamasyny baglaşyp bilersiňiz. Bu ýönekeý arifmetika. Munuň hasabyny çykarmak üçin uniwersitet diplomunyň, hatda, orta mekdep attestatynyň eýesi bolmagam hökman däl. Ýöne indi geliň biraz has uly göwrümli sanlara geçeliň. Eger siz ýanyňyza her gün dört alyjynyň gelmegini gurnap bilseňiz we olar bilenem edil öňki ýaly hereket etmegi dowam etdirseňiz, onda siz olaryň ýarysyna-ha haryt satyp bilersiňiz. Şeýdip, gündeki dört alyjy size azyndan iki geleşik berer. Şeýlelikde, siz girdejiňizi iki esse artdyrarsyňyz. Ýanyňyza gelýänleriň sanyny köpeldip bildigiňizçe, alyjylaryňyz hem şonça köpeler.

Şu wagt sizi biraz begendirmek isleýän ýaly görünýändirin, ýöne ýokarda ýaňzydyşym ýaly, meniň gara çynym. Hany birsellem, başga hiç zat etmän gapyňyzdan girjek ýa-da size jaň etjek birine garaşyp näçe wagtyňyzy geçirýändigiňiz hakda pikir ediň. Siz şu wagta çenli öňki usullaryňyzy kabul ederlikli diýip hasaplan bolmagyňyz ahmal. Ýa-da şol öňki bilýänjeleriňizi, öňki hereketleriňizi siziň başaryp bilýän iň ýokary derejäňizdir öýden bolmagyňyzam mümkin. Elbetde, munuň ýany bilen ol-bu şowlulyklar we ugruna bolmalar hem nesip ediberýär diýensiňiz. Haçan-da eliňiz gelip, işiňiz şowlanda, potensial alyjylar topar-topar bolup gapydan girip, öňkülerinden iki esse köp haryt satyn alanlarynda, siz biçak begenensiňiz. «Allahym! Hemişe şeýle bolaýsady! Bu pursady peýdalanyp biläýsedim! Hut şu prusatlary saklap biläýsedim» diýensiňiz.

Ýeri bolýar, onda size bir zatlar aýtmaga rugsat ediň: diňe bir saklap bilmek däl, eýsem siz bu ýagdaýy has kämilleşdirip hem bilersiňiz. Işiňizi siz bilen söhbetdeşlige, pikir alyşmaga has köp adam geler ýaly edip gurnap bolar. Onsoň müşderileriňiz öňki ýygylykda ýanyňyza gelselerem, öňki mukdarda söwda etselerem, siziň göwnüňiz bitin bolar, işe mydama höwesli ýapyşarsyňyz. Mesele «jüpüne düşme göterimini» nädip artdyrmakda – bu düýbünden başga zat, biz soňra onuň hem üstünde durup geçeris.

Eger işiňiziň birinji ýarymyny gowy ýerine ýetirýän bolsaňyz, başgaça aýdylanda, esasy gapydan has köp adamyň girmegini gazanmagy başarýan bolsaňyz, onda «jüpüne düşme göterimini» artdyrmak hakda kelle döwüp oturmak o diýen möhüm hem däl. Muny bolsa, köpleriň lenç edilen we eýýämi könelişdi diýýän ýokarda getirilen şygaryna ýene-de gaýdyp gelmek arkaly gazanyp bolar: işiňizi meýilleşdiriň, meýilnamaňyza görä işläň we ony doly ýerine ýetiriň. Muny hut şeýle ediň. Işiňiz ilerik!

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3785

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2752

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1843

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2034

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...