Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (34-nji bölüm)

  • 12.02.2024 15:55
  • 4.4k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (34-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Öň hem aýdyşym ýaly, söwda agentiniň etmeli iň wajyp zady – ol hem, müşderileriň söwda salonyna ýa-da olar bilen ýüzbe-ýüz gürleşmäge mümkinçilik bolan beýleki iş ýerine gelmegini gazanmakdyr. Müşderileri özüne çekmek meýilnamalaşdyrmagy talap edýär. Meýilnamalaşdyrmak bolsa, potensial müşderileriňiziň kimdigi we olary nädip netijeli we tygşytly ele alyp boljakdygy baradaky köp çözgütleri talap edýär. Siz potensial müşderini çekmegiň çykdajysy we çekilenden soň onuň hakyky gymmaty barada takyk kararlary kabul etmeli. Ýöne olaryň bahasam, gymmatam, esasan, siziň wagtyňyzyň barlygy bilen kesgitlenýär.
Birden boş wagtyňyz köp bolsa we telefonda gowy gürleşmäni başarýan bolsaňyz, onda käbir günler köne müşderilere we hatda, eger sizden gitmezden ozal olaryň atlaryny we salgylaryny alan bolsaňyz, «biraz soňrak gelerin» diýip söz berenlerde hem ünsi jemlemek ykdysady taýdan dogry bolar. Telefonda gürleşip, habar almak size gaty gowy kömek edip biler, ýöne olar her bir jaň we potensial müşderi üçin köp wagt talap edýär.
Şonça wagtyňyz ýok bolsa, onda poçta arkaly birnäçe habarlary ibermek, boş wagtyňyzy ulanmagyň beýleki usullary ýaly amatlydyr. Bu, ilkinji nobatda, potensial müşderä garaşýan boş wagtyňyzy doldurmagyň iň peýdaly usulydyr, sebäbi poçta bilen meşgullanýan wagtyňyz, indiki müşderi gapydan giren badyna, siz poçta işiňizi şol bada bes edip bilýärsiňiz – we, ynha, müşderi siziňki. Bu ýerde ýene bir wajyp zat, ol bolsa, bular ýaly işleri siz ýokary takyklyk bilen meýilleşdirip bilersiňiz.
Her söwda agenti her gün diýen ýaly garaşylmadyk ýagdaýlara duş gelýär, şonuň üçin hemme zady öňünden duýmak mümkin däl. Şonuň üçin siz has saldamly bir zat gabat gelende meýilnamalaryňyzy üýtgetmäge taýyn bolmaly. Size hüşgär bolmaga we müşderi akymynyň durnukly bolmagyna kömek etmäge meýilnamanyň gymmaty mese-mälim aýdyňdyr. Ýöne, hatda meýilnamany üýtgetmegiň zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda-da, meýilnamany işiňizde birinji ýerde goýmak islegi gaty uly bolar. Eger men irden sergi zalyna gelemde näme etjek bolýanymy anyk bilýän bolsam, onda bu bilimim meni garaşmak maksatnamamdan has işjeň hereket etmäge itergi berýär.
Mümkin, size öň, ruhuňyzy götermek we negatiw pikirlerden dynmak üçin aýnanyň öňünde özüňize aýdylmaly dürli zatlar barada aýdan bolsalar gerek. Bu çemeleşmeleriň hiç birine nädogry diýip biljek däl, esasanam, eger olar size kömek edýän bolsalar. Ýöne öz tejribämden ugur alsam, täze günüň ilkinji söwdasyna meni her gün irden işläp düzýän meýilnamamdan başga hiç zat ýakynlaşdyrmaýar diýip aýdyp biljek.
Irden gapylarymy gurup, öýümden daşary çykamda, meniň üçin bir zat anyk: men nirä barýandygymy we ol ýerde näme etjekdigimi takyk bilýärin. Bularyň barysy işe gelemde birdenkä 180 gradus üýtgärmi diýen sorag hakykatda meniň üçin möhüm däl, sebäbi bu ýere ýönekeý bir sebäp bilen gelmedim-de, eýsem, wajyp işler bilen meşgul boljakdygyma höweslenip we özüme doly ynam bilen geldim. Siziň – hatda şu günki meýilnamaňyzyň ähli jikme-jikliklerini (ýa-da, bolmanda esasylaryny) öňünden görüp bilmeseňizem – işiňizi meýilleşdirmelidigiňiziň iň esasy sebäbi hem hut şundadyr.
Meýilnama düzmek – bu, şu günüň ilkinji söwdasyna mümkin boldugyça ýakyn barmak üçin siziň özüňize berýän ilkinji itergiňizdir. Ussat söwdagäre günüň ilkinji söwdasynyň näderejede möhümdigini düşündirjek bolma hökman däl. Onuň nähili ajaýyp duýgulary döredýändigini siziň özüňiz gowy bilýänsiňiz. Bu sizde, her bir işi öz ýerinde we öz wagtynda ýerine ýetirýän adamyň duýgusyny döredýär.
Ýerine ýetirmeli işleriňizi her gün meýilleşdiriň we mümkin bolsa meýilnamaňyza görä işläň. Bu şygar könelişen we gadymy ýaly bolup görünýändir. Ýöne meniň pikirimçe, men size onuň henizem biziň her birimiz üçin nähili gymmatlydygyny görkezdim. Soňra bolsa, şol günüňizi meýilnamaňyzyň näderejede gowydygyna we näderejede hakykydygyna göz ýetirmek üçin eden ähli zatlaryňyzy gözden geçirmek bilen tamamlaň. Eger özüňiz üçin kesgitlän zatlaryňyzyň hemmesiniň hötdesinden gelip bilmedik bolsaňyz, munuň üçin özüňizi ýençmäň.
Ähtimal, siziň meseläňiz, siziň has köp zat etjek bolmaga dyrjaşýandygyňyzdadyr. Men hiç kime işjeňligiňizi gowşadyň diýemok. Biziň hemmämiz gaty tutanýerli we uzak wagtlap işleýäris. Ýöne mesele, öň aýdyşym ýaly, tutanýerli zähmet çekýändigimizde däl-de, hil taýdan näderejede işleýändigimizdedir. Şonuň üçin hem, eger siz 10 telefon jaňyny etmegi meýilleşdiren bolsaňyz, ýöne diňe bäş gezek jaň eden bolsaňyz, onda esasy zat meýilnamanyň bökdelmeginde däl-de, ýaňky bäş jaňa girizen ähli mümkinçilikleriňizi doly ýerine ýetirendigiňizde ýa-da ýokdugyndadyr.
Ynha, günüň wakalaryny gözden geçireniňizde özüňize bermeli soraglar şular ýaly bolmalydyr. Hut şuňa meňzeş soraglar, siziň höwesliligiňiziň derejesini we hünärmen hökmünde netijeliligiňizi görkezýär.

Işiňizi meýilleşdiriň.
Meýilnamaňyza görä işläň.
Diňe şeýle hereket ediň!

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...