Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (35-nji bölüm)

  • 14.02.2024 15:09
  • 2964
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

MÜŞDERI BILEN GÖNÜMEL GÜRRÜŇDEŞLIK
Adamlardan awtoulag satýan söwdagäri suratlandyrmagy haýyş ediň, şonda ol size ýaňy iňňeden çykan iň moda kostýumy geýen adam hakda gürrüň bermegi gaty mümkindir – häzirki wagt üçin, bu nepis nagyşly matada ýewropa biçimli troýka kostýum bolmaly. Olar şol söwdagäriň «Bolly» mokasinleri ýa-da krokodil dersinden tikilen aýakgaplary, şeýle hem ap-ak köýnek geýýändigini size hökman aýdyp bererler.

Başga söz bilen aýdylanda, olar size, ýönekeý söwdagäriň egninde we aýgyda pesinden 500 dollarlyk geýimiň we aýakgabyň bardygyny aýdarlar. Ýönekeý adamlaryň gözüniň öňüne diňe gymmat bahaly geýim geýen adam gelýär. Soň olar şeýle pikir edip başlaýarlar: “Görýän welin, bu adam meniň arkam bilen gaty köp pul gazanmak isleýär”. Men hakykatdan hem örän köp pul gazanýaryn we muny eýýämi köp ýyl bäri edýärin. Şeýle-de, gowy geýinmäni halaýaryn.

Ýöne, gymmat zatlarymy geýmeýän ýeke-täk ýerim, ol hem meniň işimdir. Maňa ýalňyş düşünmäň. Meniň iş kostýumum bir kemsiz we arassadyr. Gaty gymmadam. Ýöne men, sizde tikinçim üçin pul töleýärsiňiz diýdirýän pikiriň döremegini islemeýärin. Men, satyjy hem öz müşderilerine meňzemeli diýip düşünýärin.

Men «Mersedes 450» awtoulaglaryny satmaýaryn-da, «Şewrole» satýaryn. Her ýyl millionlarça adam «Şewrole» satyn alýarlar, ýöne olar ýurdumyzyň iň baý adamlary däl. Meniň raýonumda olaryň köpüsi zähmetkeşler toparyna degişlidir. Olar töweregindäki zawodlarda, fabriklerde ýa-da ofislerde işleýärler we gazanýan pullary üçin tutanýerli we agyr zähmet çekýärler, şol bir wagtyň özünde bolsa, aýlyk-günlügiň köpeldilmegi barada pikir hem etmeýärler.

Şonuň üçin, eger olar ýanyma gelseler we egnimde gaty gymmat lybasyň bardygyny görseler, onda olar ilkibaşdakysyndan hem beter howsala düşerler. Biz garyp adamlar barada asla gürrüň edemizok. Garyp adamlar täze awtoulag, hatda, iň arzan «Şewetta»-ny hem satyn almaýarlar. Menden satyn alýan müşderilerim her awtoulag üçin takmynan 5000 dollar töleýärler.

Ýöne olaryň köpüsi puluň görkezilen jeminiň köp bölegini bankdan, maliýe kompaniýasyndan ýa-da öz kredit bileleşiginden almaly bolýarlar. Olaryň kredit taryhy gowy, şonuň üçin olara karzyna pul bermek beýle bir hatary däl. Olar asla baý adamlar däl. Hut şonuň üçin men olaryň maňa syn etmeklerini isleýärin. Hut şonuň üçin olara artyk gazanmaýan, maliýe mümkinçiliklerine düşünýän adam höküminde görünesim gelýär.

ONUŇ ADYNY BILMEK ÖRÄN MÖHÜM
Ol esasy gapydan girýär, şonda meniň ilkinji diýýän zadym: «Salam. Meniň adym Jo Jirard». Ýöne meniň indiki sözlerim asla: «Siziň adyňyz näme?» däl. Men ony goşmaça sözler bilen asla gorkuzmakçy däl, gapydan giren badyna yzyna tarap götinlänini islämok. Şonuň üçin, onuň adyny göni soraman, «Siziň adyňyz bolsa, megerem...» diýýärin. Şu ýerde müşderi, adatça, sözlemi gutarmaga maý berenok we maňa adyny we familiýasyny aýdýar.

Aslynda men ondan hiç zat soramadym. Içine-daşyna girip, ony başagaý etjek bolmadym. Ähli zat tötänden, onuň adyny bilýän ahbetin diýen ýaly öz-özünden boldy. Mundan beýläk men ony eýýämi ulanyp başlaýaryn, sebäbi indi biziň aramyzda şahsy gatnaşyklar başlady. Ol Bill, men bolsa Jo. Eger müşderi maňa «Jenap» diýip ýüzlenjek bolsa, ony derrew düzedýärin we adymyň Jodygyny aýdýaryn. Şeýdip, ony ýene-de ýumşadýaryn.

Ozal bellenip geçilişi ýaly, eger ol salonda duran awtoulagyň daşyndan aýlansa ýa-da hatda aşagyna girse, menem şonuň edenini edýärin. Men kän gürlämok, sebäbi ol barada köpräk bilesim gelýär, özi hem ony gyssaman, ähli zady onuň özüniň aýtmagyny isleýärin.

Men müşderiden onuň haýsy ulagy göz öňünde tutýandygyny ýa-da häzir haýsy ulagy sürýändigini sorap bilerin, ýöne köplenç özümi passiw alyp barýaryn we onuň hereketine garaşýaryn. Maňa onuň özi hemme zady aýdyp bermeli. Ol gürleşip başlan badyna, men onuň ýanyndanam galmaýaryn, bir ädim yza-da galmaýaryn. Hereketiň şu tapgyrynda ony hiç-hili gyssamaýaryn we gaty işjeňligi görkezmeýärin. Men onuň niýetini açmagyny isleýärin, oňa özüni görkezmäge mümkinçilik berýärin. Bu edil goşun razwedkasy ýaly, siz garşydaşyňyzy harby nokatlaryny aýan etmäge mejbur edýärsiňiz. Özi hem, olaryň juda gaty açylmagyna umyt edýärin.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3795

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2762

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1846

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2036

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...