Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (38-nji bölüm)

  • 01.03.2024 16:57
  • 2.7k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Men tiz eltip bermegi söwda enjamy hökmünde ulanmak barada aýdamda, siz maňa baha meselesini inkär edýänsiňiz diýýänsiňiz. Bu hakykatda dogry. Biziň etrabymyzda meniň iň amatly geleşikleri iş ýüzüne geçirýändigimi bilýärler, meniň özüm hem bu barada elmydama gaýtalap duryn, şeýle-de, meniň hakykatdan hem abraýym gaty uly. Ýöne men, awtoulaglaryň dürli görnüşleriniň we dürli komplektasiýasynyň bahalaryny deňeşdirip görmek meselesi ýönekeý müşderilere elýeter däl diýip öňem aýdýardym, häzir hem aýdýaryn, sebäbi dürli modelleriň we dürli görnüşleriň arasynda ägirt uly tapawutlar ýatyr. Hatda, bahasy tapawutly dürli reňkli awtoulaglar hem bar.

Iň esasysy, bir zawoddan şol bir bahada iki awtoulag getirilmeýär. Käwagt öndürijiden iki sany meňzeş awtoulag alyp bolýar, ýöne bu bir raýonda, üstesine, şol bir wagtda bolmaýar. Bu aşakdakyny aňladýar: eger beýleki söwdagärlerden bahalary anyklan müşderi ýanyma gelse, onda menden eşitjek bahasy hiç haçan edil şonuň ýaly birmeňzeş awtoulagyň bahasyna meňzemez. Bu ýerde maňa arkaýyn hereket etmäge we bahalary üýtgetmäge mümkinçilik berýän bulaşyklyklar bar.

Men asla potensial müşderini  bulaşdyrjak bolamok. Men düýbünden beýle etmeli däl. Eger oňa has arzan bahany aýtsam-da, bu bir näçe sebäplere görä bolýar. Ýa, mendäki we müşderä öň hödürlenen meňzeş awtoulag hakykatdanam arzan, ýa-da oňa satmakçy bolýan awtoulagymdan men az gazanmakçy bolýaryn ýa-da şolaryň ikisem.

Bu hakykatdan hem şeýle, sebäbi men gaty köp awtoulag satýaryn, şonuň üçin hem olaryň hersinden azyrak gazansam hem bolýar. Söwda agentleriniň köpüsi her awtoulagdan köp gazanjak bolýarlar, sebäbi olar meniň bilýän zatlarymy bilmeýärler: potensial müşderileriň uly akymyny ýola goýmaly. Şol söwdagärler, eger awtosalona günde iki ýa üç perspektiw müşderä derek, 10 ýa-da 12 adam gelse, olara amatly baha hödürlemek arkaly has köp gazanç edip boljakdygyna düşünmeýärler.

Kä halat alyjyny menden satyn alar ýaly edip bilemok, şonda firmamyzdan gitmegi we başga iki söwda agendine ýüz tutmagy maslahat berýärin. Men oňa, soň olaryň kesgitlän bahasyndan 500 dollar arzan baha berip bilmegim ahmal diýip aýdýaryn. Bu meniň müşderiniň näzik tarlaryna kakyp görýän inçe hereketim bolup biler. Ýöne men ony çüňke gysjak bolamok. Tersine – men oňa gitmäge mümkinçilik berýärin, sebäbi soň onuň yzyna dolanjagyny bilýärin.

Haçanda yzyna gelende, ol maňa beýleki dilerleriň oňa hödürlän bahalaryny aýtmaly bolýar. Eger ol muny aýtmasa, onda men nähili deňeşdirjegimi we nähili eglişik etjegimi bilemok diýip aýdýaryn. Bäsdeşlerimiň oňa hödürlän bahalaryny bilemsoň, men ýa eglişik edip bilýärin ýa-da eglişik edip bilmeýärin. Bir tarapdan, oňa aýdylan iň arzan bahadan 500 dollar arzan hödürlemek mümkinçiligim pes.

Ýöne, kähalat başga hili hem bolaýýar: müşderä iki dürli has ýokary baha aýdýarlar, sebäbi käbir söwda agentleri gereginden artyk husyt, şeýtseler köp pul gazanyp we ynanjaň alyjyny aldap bolar öýdýärler. Men oňa hödürlenen iň pes bahalardan 30 ýa-da 50 dollar arzan bahany aýdyp biljek. Ynha ýaňky müşderi meniň aýdan bahamy eşidýär we: «Siz maňa 500 dollar arzan sataryn diýipdiňiz ahbetin, aşaklatma bolsa bary-ýogy 50 dollar» diýýär. Men oňa häzir goşmaça enjamlaşdyrylan awtoulagy göz öňüne tutýandygymy aýdýaryn we bu maglumaty ýene bir gezek nygtaýaryn. Ýa-da başgaça aýdýaryn: «Siz söwdalaşmany gaty gowy oňarýan ekeniňiz. Şonsuzam şäherde size iň pes bahanyň ikisini aýdypdyrlar. Şol bahalardan gaty pes bahany häzir size hödürläp biljek däl». Bu hakykatdan hem dogry.

Elbetde, men oňa 500 dollar hakda aýdypdym, hut şol hem ony meniň ýanyma gelmäge mejbur etdi. Şondan soň men ony näme, sypdyraýynmy, ol bolsa beýlekileriň ýanyna ylgap gitsinmi? Elbetde, ýok. «Söwdalaşmagy gaty gowy oňarýan ekeniň» diýip, men onuň mertebesini ýokary göterdim, onuň göwnüne ýaradym. Hytaýlylaryň gadymdan gelýän bir atalar sözi bar: «50 dollar – bu, 50 dollar». Men oňa hut şeýle-de eýerýärin.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...