Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (44-nji bölüm)

  • 17.03.2024 14:27
  • 2751
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (44-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Hatda öň gürrüňi edilen «Kadillak» satýan agent hem, müşderileri bilen gürleşende familiýasynyň ahyrky bölegini aýtmaýar, sebäbi onuň şol ady ýazardan we agzardan has uzak. Bu gaty ýönekeý ideýa, ýöne men muňa düşünýänçäm köp wagt gerek boldy. Ýöne şol ideýany iş ýüzüne geçirenimden soň meniň ykbalymy üýtgetdi, sebäbi ol durmuşymy üýtgetmezden, biznesimde iň uly meseleleriň birini aradan aýyrdy.

Dogry, familiýasyny üýtgetdi, şeýdibem özüni betnam etdi diýip pikir edýän beýleki italýanlardan gaharly hatlary alýaryn. Olaryňky nädogry. Meniň bu hereketimem biznesimde moda kostýumy geýmeýänim ýa-da ýene bir topar zatlary etmeýänim ýaly bir zatdyr. Gysgaça aýtsam, müşderileriň maňa hem ynanyp, hem awtoulagy satyn alyp boljak adam hökmünde garamaklaryny isledim. Olaryň başgalar barada näme pikir edýändikleri meni düýbünden gyzyklandyrmaýar. Men olaryň salonumyza gelmeklerini, maňa ynanmaklaryny we menden satyn almaklaryny isleýärin. Şonuň üçin, meýilleşdiren sahna hereketlerimi üýtgewsiz geçmäge çalyşýaryn. Munuň üçin gowy geýinýärin, geleşik baglaşylýan pursady müşderilerimi oňat şertler bilen gurşaýaryn, şeýle-de, menden satyn almak olara ýaran bolsa, olaryň aňynda galaýjak familiýany göterýärin.

Eger olarda milletçilige meňzeş ýalňyş pikirler bar bolsa – onda bu olaryň öz işi. Meniň biznesimde, Jo Jirad hökmünde maňa bolan ynama päsgel berip biljek faktorlaryň ýekejesi-de gerek däl.

Adamlara adyňyzy ýa-da familiýaňyzy üýtgediň diýip maslahat bermeýärin. Men başga bir zat aýtjak bolýaryn: söwdagär hökmünde netijeliligiňizi kämilleşdirmäge mümkinçiligiňiz bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin siz ähli zady, şol sanda familiýaňyzam gowy öwrenmelisiňiz. Familiýamy üýtgetmek maňa-ha peýda getirdi. Özüňiz tapdyňyzmy ýa-da ulgamda işleýän başga birinden aldyňyzmy, tapawudy ýok, beýleki ideýalaram size peýda getirip biler. Töweregiňizden özüňize bolaýjak ideýany gözläň, sebäbi barlag-seljeriş işleri – bu siziň harç eden wagtyňyza we puluňyza degýän zatdyr.

Ýöne, haçanda wagt we pul barada aýamda, üçünji bir zat – kanagat – barada-da aýtmaly bolýaryn. Kanagat – ýeňil iş däldir, has hem siziň wagt we pul çägiňiziň tükeniksiz däldigini göz öňünde tutsaň. Ýöne ygtybarly kanagatyňyz bolmasa, siz işleýän biznesiňizde hiç haçan gowy girdeji alyp bilmersiňiz.

Men gözleýjileri ýygnap başlamda, şol adamlaryň kömegi bilen baglaşyljak täze geleşikleri görýänçäm gaty köp wagtyň geçjekdigini bilýärdim. Ýöne, şeýle-de bolsa men olary gözlemegi, ýygnamagy we işe çekmegi dowam etdirdim. Öz komandama alanymdan soň, gözleýjilerimi gyssamagy dowam etdirdim. Olar menden poçta arkaly 25 dollar gazanmak mümkinçiligi hakda ýatlamalary alýarlar, ondan başga-da, olaryň köpüsine telefon arkaly aram-aram jaň hem edýärin.

Eger siz tohum atan bolsaňyz, olary suwaryp hem durmaly. Ýöne olar kök urýança we pyntyklaýança siz başga işler bilen hem meşgullanmaly. Eger siz ilkinji ädimleri dogry eden bolsaňyz, soň bolsa maksada laýyk hereket eden bolsaňyz, olar hökman pyntyklar, gül açar we miwesini bererler.

Bu barada gorkman jedel edip bilersiňiz, sebäbi, eger gowy zähmet çekseňiz we kanagatly bolsaňyz, onda ähli zat siziň peýdaňyza bolar, şonda, gelejekde siz asla utulmarsyňyz.

Bijäniň size düşmegi üçin kanagat, müşderä garaşyp gapyny saklamak ýeterlik däl. Siz bijäniň size düşmegine ýol açmaly, müşderinem, pulam getirip biljek öz usullaryňyzy işläp düzmeli, munuň üçin wagtyňyzy we puluňyzy harçlap, mümkinçilik döretmeli, size düşen bijäni gapmagy başarmaly. Amatly wagt we pul, siziň biznesiňiziň pajarlap ösmegine getirer. Muny nähili etmelidigini anyklamak üçin elmydama täze we gowy ýollary gözlemeli.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3795

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2762

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1846

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2036

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...