Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (42-nji bölüm)

  • 13.03.2024 12:45
  • 2846
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (42-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

MENIŇ USULYM HAS GOWY

Eger beýan eden usullarym şeýle aýdyň bolsa, onda näme üçin söwdagärleriň köpüsi muny etmeýärler? Özümiň ýönekeý adamlardan artyk akylly däldigimi men bilýärin. Daş-töweregime gereginden artyk ýakymly däldigimem bilýärin. Megerem, hasap çykarmagy we on ädim öňümi görmegi, şeýle-de,  söwda prosessini toplumlaýyn seljermegi men beýlekilerden gowy oňarýandyryn.
Bularyň sebäbi, ähtimal, awtoulag biznesine giç gelenim, hemişe berilýän erbet maslahatlary almanym we usullarymy özüm oýlap tapmaly bolanym üçindir. Söwdagärleriň köpüsiniň gulak eti guradan, zaldan çykman mahawa, alasamsyga, ýüregedüşgünje ýa-da ugursuza garaşmaly diýen gürrüňlerini eşitmändim. Mümkin, meniň üstünlikli bolmak okgunlulygym beýlekileriňkiden has aýgytlydyr. Ýöne meniň üçin bir zat gürrüňsiz düşnükli: söwdagär baglaşan şertnamasyny eline alan pursaty üýtgeşik bir duýgyny başyndan geçirýär, şol «bir duýgy» bolsa onuň aňyny doldurýar, beýnisinde ornaşýar. Olar arzuwlaryna ýetdiler, ýöne, gynandyrýan hem bolsa, müşderide indiki geleşigi baglaşmaga kömek edip biljek şatlyk duýgusyny saklamaga ýa-da abraýly bolmaga kömek edip biljek geleşikden soňky edilmeli akylly zatlary ýatlaryndan çykarýarlar.
Bu zatlar barada gürrüň berýänimiň sebäbi, ýokarda agzalan inçeliklere gaty gowy düşünýärin. Geleşige gol çekip, puly ele almak islegine-de düşünýärin. Muňa islendik adamyň düşünişi ýaly, men hem gaty gowy düşünýärin, mümkin, hatda, aňymy almasyn we meni ýeňmesin diýip beýlekilerdenem gowy düşünýändirin. Eger men bir sagadymy eýelän işim üçin 150 dollar alan bolsam, onda, hamala indiki sagat üçin hem şondan kem işlemeli däl diýen meýliň boljagyna düşünýärin. Ýöne, haçan-da şonuň ýaly meýliň meni gurşaýandygyny duýup başlasam, onda şol bada ondan dynmagyň wajyplygyna-da düşünýärin.
Ondan nädip dynmaly? Diňe kelläňi işletmeli. Awtoulag satýanlaryň hiç biri hem 150 dollary bir, hatda iki sagatda-da gazanmaýar. Ýa siz öz biznesiňizi giňeltmek we ösdürmek üçin, başgaça aýdanyňda, tohum atmak we gözegçilik tekerinde kürsüleri adamdan doldurmak üçin gaty köp wagtyňyzy we puluňyzy harç etmeli bolarsyňyz, ýa-da hiç zat etmek üçin köp sagat wagtyňyzy harçlamaly bolarsyňyz.
Eger siz bir günde bir awtoulag satýan bolsaňyz we 150 dollar gazanýan bolsaňyz, bu ortaça girdeji üçin gaty uly pul, onda siz şonça puly bir sagat gazanmaýarsyňyz ahbetin. Siz 150 dollary bir iş günüň dowamynda gazandyňyz. Bu erbet däl. Hakykatda, eger bir awtoulagy bir günde satyp bilýän bolsaňyz, onda siz orta gürp awtoulag söwdagärinden ýokarda bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa, bu bir sagatda 150 dollar girdeji diýildigi däl.
Men her gün 5 awtoulagdan köp satýaryn, eger «Ginnesiň rekordlar kitabyna» ynansaň, men dünýäniň söwda ägirtleriniň biri. Ýöne, bu görkezijilere ýetmek üçin köp wagtymy hem pulumy sarp etmelidigimi bilýärin. Meniň girdejilerimiň aglabasy biznesime goldaw bermek üçin harçlanýar.
Ýöne bu özüni ödeýär, sebäbi men köp satýaryn, işimdenem gaty uly lezzet alýaryn, biznesimi alyp barmak üçin edilen çykdajylaryma garamazdan, häzir hem salgyt deklarasiýamda, Amerikanyň awtoulag satýan beýleki adamlarynyň islendiginden girdejimiň ýokary jemini görkezip bilýärin. «Ginnesiň rekordlar kitabyna» salgylanmasaňam, aýdanlarymyň dogrudygyny jedele-de goýup biljek. Şonuň üçin, eger häzire çenli maslahatlarymy diňleýän bolsaňyz, onda mundan beýläk hem diňlemegiňizi dowam etdiriberiň, sebäbi men iki zat, işiňden kanagat tapmak we pul gazanmak barada yzyny üzmän aýdýaryn.
Bir ýylda takmynan 1400 awtoulagy satmak we her ýyl takmynan 200 müň dollar gazanmak maksady bilen harç edilýän tagallalar, eger şol adam öz biznesinde hakyky professional bolsa, ýerine düşmeýär diýip maňa hiç kim aýdyp bilmez. Söwda şertnamasyny baglaşanyňyzdan soňam satmagy dowam etdiriň, şonda siz öňküdenem köp pul gazanarsyňyz.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3974

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2833

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1895

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2123

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...