Üç müň awtoulagly gämi Ýuwaş ummanynda üç hepdeläp ýanandan soň suwa çümdi

  • 25.06.2025 11:44
  • 28k+

3048 awtoulagy alyp barýan "Morning Midas" gämisi, üç hepdeläp dowam eden ýangyndan soň, Ýuwaş ummanynda suwa çümdi. Ekipaž agzalarynyň hiç biri zyýan çekmedi, ýöne 70 sany elektromobil we 681 sany gibrid awtoulagy hem öz içine alýan ähli ulaglar gämi bilen bilelikde suwuň düýbüne gitdi.

Awtoulag daşamak üçin niýetlenilen gämide ýangyn 3-nji iýunda ýüze çykdy. Ekipaž ýangyny öz güýçleri bilen söndürmäge synanyşdy, emma ol çalt ýaýrady. Birnäçe sagatdan soň gäminiň ähli ekipaž agzasy (22 adam) halas ediji gaýyk bilen gämini terk etdi, olary ýoldan geçip barýan gury ýük gämisi alyp gitdi. Şondan soň awtoulag daşaýjy gämi doly dolandyryşsyz ýagdaýda ummanda ýüzüp ýördi we ahyrynda batdy.
Ýangynyň sebäbi entek anyklanylmady. Käbir hünärmenler ýangynyň elektrik awtoulaglarynyň litiý akkumulýatorlaryndan döräp biljekdigini çaklaýarlar, ýöne bu pikir hem entek tassyklananok.
The Wall Street Journal neşiriniň ýazmagyna görä, "Gäminiň batmagy ýangynyň sebäbini anyklamak üçin derňewçilere az delil galdyrýar".
Reuters agentliginiň bellemegine görä, şeýle ýangynlary öçürmek asla diýen ýaly mümkin däl, sebäbi elektrik awtoulaglarynyň litiý-ion batareýalary ýanan wagtynda örän köp ýylylyk çykarýar. Hatda ýangyn öçürilenden soň hem birnäçe günläp ýene-de ot tutmak howpy ýokary bolýar.

«Morning Midas» Liberiýanyň baýdagy astynda ýüzýärdi we awtoulag daşamak üçin ulanylýardy. Bu saparynda gämi Hytaýyň Şandun portundan Meksikanyň Lasaro-Kardenas şäherine barýardy. Ýangyn Aleut adalaryndan 500 kilometre golaý uzaklykda başlady.


şu gün 18:36
1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....