IIHS iň howpsuz awtoulaglary atlandyrdy. TOP 10-lygyň 9-sy Aziýa modelleri, diňe biri Mersedes

  • 25.06.2025 11:06
  • 16k+

Ýol howpsuzlygy Amerikan instituty (IIHS) täzelenen Top Safety Pick+ reýtingini çykardy. Onda 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli ABŞ-da bar bolan iň ygtybarly ýeňil ulaglaryň sanawy ýerleşdirildi. Muňa gapdal urgulary, kiçi we orta derejeli öň tarap çaknyşyklary öz içine alýan berk kraş-testlerden, şeýle hem pyýadalaryň öňünde awtomatiki tormoz tutuş ulgamlarynyň we faralaryň netijeliliginiň barlag synaglaryndan üstünlikli geçen on sany model girdi.

10 awtoulagyň 9-sy Aziýa markalary, ýagny Honda, Hyundai, Toyota, Mazda we Kia. Premium segmentiniň ýeke-täk wekili Mersedes-AMG C 43 boldy. Modelleriň köpüsi gibrid ýa-da münmäge amatly sedanlar.
Aýratynam, passiw howpsuzlygyň ýokary görkezijileri boýunça Honda Civic we Accord, pyýadalaryň goraglylygy we ýangyç tygşytlylygy boýunça Toyota Prius we Hyundai Ioniq 6 tapawutlandy. Ykjam modelleriň arasynda Kia K4 bellendi. Ol faralary ideal däl hem bolsa,  häzirki zaman sürüjilere kömek ulgamlary bilen Forte-niň mirasdüşeridir.
Hyundai Elantra bilen Sonata ygtybarly maşgala awtoulaglary derejesini ýene bir gezek tassyklady, Mazda3 iki görnüşinde-de - sedanda we heçbekde durnukly netijeleri görkezdi.
Häzirki wagtda diňe gibrid görnüşinde elýeterli bolan täzelenen Toyota Camry energiýa netijeliligi we oňat hilli ýygnalandygy sebäpli sanawa düşdi.
Tutuş setiriniň dört silindrli hereketlendirijilere geçendigine garamazdan, Mersedes C-Class işjeň howpsuzlyk ulgamlarynda we öndürilişiniň hilinde öňdebaryjylygyny saklady.
Hünärmenleriň pikirine görä, 2025-nji ýylda hut sedanlar we heçbekler howpsuzlygyň, netijeliligiň we enjamlaryň iň amatly sazlaşygyny hödürlemegi dowam etdirýär.


düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....