Günorta Koreýa öz raýatlaryny Eýrandan çykarmakda beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

  • 25.06.2025 18:24
  • 19k+

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Eýrandan raýatlaryny çykarmakda beren kömegi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. 24-nji iýunda Seuldaky Hökümet toplumynda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary degişli beýanat bilen çykyş etdi diýip, Newscentralasia habar berýär.

«Eýranda ýaşaýan koreý raýatlaryna öz ýerlerinden üçünji ýurtlara howpsuz üstaşyr geçmeklerine goldaw berýändigi üçin, Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris» - diýlip, beýanatda aýdylýar.
«Bu görkezilen raýdaşlyk ruhuna çuňňur minnetdarlyk bildirýäris, şeýle hem geljekde-de dostlugymyzy we hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmagy umyt edýäris» diýlip, habarda bellenilýär.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....