Türkmenistan we ABŞ Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaýlara degişli meseleleri maslahatlaşdy

  • 25.06.2025 08:41
  • 14k+

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mark Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ýakyn wagtda duşuşmagy hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegi ylalaşdylar.
Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen ýagdaýlara degişli meselelere degip geçdiler.

Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylan Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine pugta ygrarlydygy hem-de islendik halkara meseleleriniň çözülmeginde diplomatik usullaryň netijelidigine ynanýandygy nygtaldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......