Hindistanda balykçy birbada 29 sany seýrek balygy tutup, 38 müň dollar gazandy

  • 22.06.2025 19:31
  • 21k+

Hindistanyň Odişa ştatyndan bir balykçy bir gezekde 29 sany seýrek Telia Bhola balygyny tutup, garaşylmadyk ýagdaýda utuş gazandy diýip, KalingaTV neşiri habar berdi.

Bu adam Digha derýasynyň deltasynda Nani Gopal traulerinde balyk tutýardy. Ol toruny çekende, oňa hersiniň agramy 20 kilograma barabar bolan 29 Telia Bholanyň düşendigini gördi. Beýle ýagdaýlar gaty seýrek duş gelýär - adatça şu balyklaryň birini, üçüsini ýa-da iň köpi, sekizisini tutmak başardýar.
Telia Bhola gymmatly balyk hasaplanýar. Sebäbi onuň ýüzgüç paklawuklaryndan Aziýanyň käbir ýurtlarynda halk lukmançylygynda hasaplanylyşyna görä, garramagy haýalladyp bilýän derman öndürmek üçin ulanylýar. Muny tassyklaýan hiç hili ylmy subutnama ýok, ýöne balyklara bolan isleg yzygiderli ýokarlanyp barýar.
Balyklary tutandan soň, balykçy derrew auksiona gitdi we ähli balygyny satdy. Balygy kompaniýa 3,3 million hindi rupiýasyndan (takmynan 38,1 müň amerikan dollary) satyn aldy.
Waka uly gyzyklanma döretdi: auksion diňe bir alyjylary däl, eýsem ýerli ýaşaýjylaryň we jahankeşdeleriň arasynda köp sanly tomaşaçyny hem özüne çekdi.


düýn 22:08
1k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....