Raşid Meredow Aşgabatda Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi

  • 24.06.2025 12:31
  • 14k+

23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Eýran wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Duşuşykda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda halkara we sebit gün tertibi, şol sanda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar boýunça pikir alşyldy. Esasy üns Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda dörän çylşyrymly ýagdaýyň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine gönükdirildi.
Eýran tarapy şu çylşyrymly döwürde türkmen halkynyň we ýolbaşçylarynyň eýran halkyna doganlyk raýdaşlygyny görkezendigi, şeýle-de birnäçe ynsanperwer meseleleriň çözülmegine goşant goşandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen tarapy Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda ýüze çykan kyn ýagdaýa degişli öz garaýyşlaryny ilkinji bolup beýan eden ýurtlaryň biri boldy. Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň guraly hökmünde güýç ulanmagy ýa-da güýç ulanmak haýbaty arkaly çözmegi kabul etmeýändigi nygtady.
Duşuşykda çylşyrymly ýagdaýlary diňe parahatçylykly ýollar bilen, BMG-niň Düzgünnamasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda çözmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleriň giň toplumyndan peýdalanmagyň zerurdygy aýratyn bellenildi.
Türkmen tarapy sebitdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça parahatçylykly başlangyçlara gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri doganlyk Türkmenistan ýurduna, onuň ýolbaşçylaryna we halkyna hemişelik goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapy bilen konstruktiw syýasy dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Taraplar ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......