Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
- 35-nji bölüm
- 36-njy bölüm
- 37-nji bölüm
- 38-nji bölüm
- 39-njy bölüm
Men bular ýaly zatlaryň meniň bilen bolanyny islämok. Hut şonuň üçin hem müşderi meniň bilen şertnama baglaşanda näme satyn alýandygyny, aýda näçe tölemeli we näçe aý tölemeli boljakdygyny takyk bilýär. Kähalat söwda agendi müşderini töleg üçin haýyş eden möçberi bilen üpjün edýär, ýöne ony iki ýyla derek, dört ýyla çenli çekdirýär.
Eger müşderi, şertnama baglaşanda, näme hödür edilýändigini we soň nähili boljakdygyny takyk bilýän bolsa, onda hemme zat halal. Ýöne, eger-de ol ýaňky agzalan maglumaty bankdan galyň hasaplaşyk kitapçasyny alan pursaty duluga urulan şarpyk höküminde alsa, onda şol söwda agendi öz müşderisine ýamanlyk edipdir.
Men müşderä awtoulagy satyn almaga mejbur etmekde ýa-da gymmat satmaga dyrjaşmakda ýaman zat bar diýjek bolamok. Meniň özümem, eger şonuň ýaly mümkinçilik bolsa, şeýle edýärin. Kähalat, şertnama baglaşanymdan soň, müşderä gerek boljak bir näçe goşmaça enjamlary, aýdaly, ýokary hilli radiopriýomnik, posa garşy ýag ýa-da gowulandyrylan tekerleri satmak maksady bilen oňa jaň edýärin. Ýöne, şol bir wagtda, şol adam näme satyn alýandygyny bilmeli, eger ol «ýok» diýse, onda hakykatdan hem «ýok».
Tölegler barada aýdylanda bolsa, müşderä onuň islegine görä ýygnalan awtoulagyň has gymmat boljakdygyny aýdyp bilerin. Eger ol täze awtoulagyny öňki awtoulagyny satyn alanda kesgitlenen şertde tölemek islese, onda her aýda tölemeli boljak mukdarynyň has ýokary boljakdygy sebäpli büjetimi täzeden meýilleşdirmeli bolar we käbir zatlardan ýüz öwürmeli bolar, sebäbi her aýda etmeli tölegi has ýokary bolar. Ýa-da tölegiň pes möçberi saklanylsa, onda töleg möhledi 6 aýa, hatda bir ýyla çenli uzalar. Bu söwda prosessiniň adaty ýagdaýy.
Eger müşderi özi üçin başga alternatiwa ýok hasap edýän bolsa, onda men ýokarda agzalan çözgüdi onuň boýnuna dakjak bolamok, sebäbi uzagyndan tölege güýji ýetmän menden alan awtoulagyny yzyna tabşyrmagyny, ýa-da bolmasa, dostlarydyr garyndaşlaryny potensial müşderilerim höküminde ýitirmegi islämok – muňa men düýbünden ýol berip bilmerin.
Müşderini has köp satyn almaga yrmak üçin näçe tutanýerli bolsaňyzam, teklip edýän zatlaryňyzyň hemmesine onuň razylygyny almak hökmandyr. Ýogsa siz hakykatda erbet şertnamany baglaşarsyňyz. Şonda, siz öz müşderiňize ýamanlyk etmek bilen, diňe özüňize ýamanlyk etmersiňiz. Siz maňa-da ýamanlyk edersiňiz, sebäbi awtoulag satýan söwdagäriň birisiniň ýaman abraýy, biziň hemmämiz üçin biabraýlykdyr. Şonuň üçin her dürli arzan bolgusyzlyklar bilen düşewünt mekanymyza ganymlyk etmäliň.
Hiç kimiň, hatda meniň hem, adamlaryň ählisine satyp bilmejekdigimiz mydama ýadyňyzda bolsun. Biziň biznesimizde, biriniň elini arkasyna towlamak ýa-da ýalan sözlemek gerek däl. Siziň etmeli zadyňyz – öz kelläňizi ulanmaly, tohumuň gerek möçberini atmaly we gözegçilik tekerine ýeterlik kürsüleri goýmaly. Eger siz şulary gowy etseňiz, onda gowy girdeji almagyňyz ahmal, şonda wyždanyňyz bilen ylalaşykly ýaşarsyňyz. Bulara ýetip boljakdygynyň diri şaýady höküminde men özümi görkezip biljek. Geleşigiň ahyrky netijesi: eger müşderi häzire çenli siziň ýanyňyzdan gitmedik bolsa, onda ol satyn almak isleýär. Muny hiç haçan ýadyňyzdan çykarmaň, şonda siz örän köp zat utarsyňyz.
(dowamy bar).