Banka girew goýmakçy bolýan emlägiňize baha kesmelimi? "Şowly baha" HK baha kesmek hyzmatyny hödürleýär

  • 02.12.2025 18:31
  • 133k+

BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK? Ýönekeý dilde aýdylanda...

Mysal üçin, islendik adam belli bir maksat bilen bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar. Baha kesilen emläk eýesiniň isleglerine baglylykda dürli maksatlar üçin ulanylýar. Gozgalýan we gozgalmaýan emläge kesilen baha käte esasy serişdeleriň işjeň böleginiň bazar bahasyny kesgitlemegiň ýeke-täk usuly bolup durýar. Emlägiň bahasyny bilmek bilen, eýesi açyk bazarda bu görnüşli emläge islegiň bardygyny şeýle hem ýokdugyny, bazar segmentiniň häzirki ýagdaýyny kesgitlemekde dolandyryş çözgüdini kabul edip, maýadarlary çekip, işi täzeden gurnap,  kärhanada  tehnologik  prosesleriniň   netijeliligini   kesgitläp   biler.

Ine, bu ýagdaýda islendik raýat «Şowly baha» hususy kärhanasyna ýüz tutup, emlägine baha kesdirip biler. 

«Şowly baha» hususy kärhanasy Türkmenistanyň raýatlaryna, edara kärhanalaryna, hususy telekeçilere degişli bolan gozgalýan we gozgalmaýan emläge baha kesmek hyzmatyny hödürleýär. Biziň ýokary tejribeli hünärmenlerimiz gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha kesmekde häzirki zamanyň usullaryny ulanmak bilen, bazaryň orta möhletli şeýle hem uzak möhletli meýilleriniň çaklamasyndan ugur alyp baha kesýär.
Baha kesmek zerurlygy — karzyň girew üpjünçiliginde, ipoteka karzlaryny almakda, esaslyk maýa üçin (ýuridiki şahslar üçin), satyn almak-satmak üçin, buhgalterçilik hasabaty üçin gerek bolýar.

BAHA KESMEK IŞI NÄHILI TERTIPDE AMALA AŞYRYLÝAR?

  1. Raýat «Şowly baha» hususy kärhanasyna arza bilen ýüz tutýar we gerekli resminamalary tabşyrýar;
  2. «Şowly baha» hususy kärhanasy girew goýuljak emlägi gözden geçirýär we baha kesmek «Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna şeýle hem baha kesmek işiniň Halkara standartlaryna laýyklykda geçirýär;
  3. Hasabaty we netijenamany taýýarlap raýata berýär. Raýat şol resminamalar bilen banka baryp biler.

«Şowly baha» hususy kärhanasy haýsy emläge baha kesip berýär?

  • Kottedjlere;
  • Täjirçilik gozgalmaýan emläge;
  • Ýaşaýyş jaýlaryna;
  • Ýaşaýyş öýlerine;
  • Esasy serişdelere;
  • Ulag serişdelerine;
  • Ýörite tehnikalara;
  • Oba hojalyk tehnikalaryna;
  • Enjamlara;
  • Amortizasiýa (könelme);
  • Täze gelen harytlara bazar bahasyny kesgitlemek.

«Şowly baha» hususy kärhanasynyň AÝRATYNLYKLARY:

  • Biziň ýokary tejribeli hünärmenlerimiz gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha kesmekde häzirki zamanyň usullaryny ulanmak bilen, bazaryň orta möhletli şeýle hem uzak möhletli meýilleriniň çaklamasyndan ugur alyp, baha kesmäge gatnaşýan taraplaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün edýärler;
  • Baha kesmek işi boýunça tölegsiz maslahat hyzmatlary;
  • Hyzmatlaryny Türkmenistanyň tutuş çäginde hödürleýär;
  • Hyzmatlaryň hilini we müşderiniň maglumatlarynyň goraglylygyny kepillendirýär;
  • Tiz hyzmat: ýeňil maşynlara, jaýlara — 1-1,5 günde, enjamlara — 3-4 günde, täjirçilik gozgalmaýan emläge — 5-7 günde baha kesilýär;
  • «Şowly baha» hususy kärhanasynyň işgärleri baha kesmek boýunça ýörite okuwlary geçdiler;
  • Zerur şahadatnamalary we rugsatnamalary bar;
  • 5 ýyldan gowrak iş tejribe.

«Şowly baha» hususy kärhanasy müşderileriniň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini we howpsuzlygyny goramaga, söwda syrlarynyň saklanmagyna möhüm ähmiýet berýär we berk  gözegçilik edýär. Işiň çäginde berlen ähli maglumatlar diňe hususy kärhananyň işgärleri tarapyndan iş maksady bilen ulanylýar.

Iş wagty: Duşenbe-Ýekşenbe günleri, 10:00-dan 23:00-a çenli.
Arakesme 13:00 – 14:00
Telefon belgileri:
+993 71 73-22-77;

+993 64 07-75-79.


19.03.2026 18:11
3k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
6.1k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
11k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.9k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...