Aşgabatda täze «Toyota» merkezi gurulýar

  • 03.12.2025 14:55
  • 25k+

Aşgabatda «Toyota» awtoulaglaryny satyş we satuwdan soň hyzmat etmek boýunça döwrebap Merkeziň gurluşygyna girişildi. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge niýetlenen bu toplumy 2027-nji ýylyň dekabr aýynda açmak meýilleşdirilýär.

Taslamanyň buýrujysy «Beýik Ýüpek Ýoly» kompaniýasy bolup, ol «Toyota Central Asia» bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, bu işi Ýaponiýanyň maýa goýumlaryny çekmek bilen amala aşyrýar. Kompaniýa döwletiň ählitaraplaýyn goldawy netijesinde halkara talaplara laýyk gelýän giň gerimli taslamany durmuşa geçirýär.
2,79 gektar meýdany eýelejek geljekki toplum G.Kuliýew (Obýezdnoý) köçesiniň ugrunda ýerleşip, satuwy, hyzmaty we ätiýaç şaýlarynyň ammarlaryny birleşdirýän doly derejeli 3S (Sales, Service, Spare parts) formatly diler merkezi hökmünde taslanyldy. Iki gatly binada döwrebap şou-rum (awto sergi zaly) we doly derejeli hyzmat merkezi ýerleşer.

Binanyň arhitekturasy we meýilnamasy «Toyota-nyň» global standartlaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Hyzmat merkezi bir wagtda sekiz sany awtoulaga hyzmat edip biler we ähli görnüşli, ýagny meýilnamalaýyn gözden geçirişden we diagnostikadan başlap, kuzowy bejermäge we elektron ulgamlary sazlamaga çenli işleri ýerine ýetirer.
Gurluşygyň taslamalaşdyrylmagy we durmuşa geçirilmegi «Toyota Central Asia-nyň» hemişelik gözegçiligi astynda amala aşyrylýar. Ähli inženerçilik we wizual çözgütler Ýaponiýanyň awto-ägirdiniň korporatiw bölümleri bilen ylalaşylýar, taslamanyň durmuşa geçirilişi baradaky hasabatlar bolsa «Toyota-nyň» sebit wekilhanasyna yzygiderli iberilýär.


16.06.2026 09:57
5.5k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......