Türkmenistanda bikanun ulag belgileri, gadagan edilen ýerlerde durmak we tizlik üçin jerimeler artdyryldy

  • 04.12.2025 13:15
  • 40k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Degişli kanunçylyk namasy "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.

Bu kanunçylyk resminamasynda ýol hereketiniň kadalarynyň, ulaglary dolandyrmak boýunça düzgünleriň bozulmagynyň jerimeleri üýtgedildi.

Bikanun ulag belgileri we döwlet tehniki gözegçiliginden geçmedik ulaglar üçin jerimeleriň möçberi üýtgedi
Bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da döwlet tehniki gözegçiliginden geçmedik, belgileri doly görünmeýän ýagdaýdaky ulaglary dolandyrmak boýunça jerimeleriň möçberleri üýtgedildi. Şeýle hem belgisiz hem-de galp döwlet bellikleri bilen ulag sürmek üçin jogapkärçilik güýçlendirildi.
Üýgetmeler 2013-nji 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 212-nji maddasyna girizildi. Üýtgetmelere laýyklykda, hasaba alyş belligi boýunça düzgünleri bozmak üçin ulanylýan jerimeleriň möçberleri täzeden kesgitlenilýär.
Türkmenistanda başlangyç birlik 100 manat möçberinde kesgitlenen.
Döwlet tehniki gözegçiliginden geçmedik, bellenilen tertipde hasaba alynmadyk, döwlet bellikleri nusga boýunça gabat gelmeýän ýa-da ulag belgileri okap bolmaýan derejede görünmeýän ulaglary dolandyrmaklyga indi başlangyç birlik 100 manat möçberinde jerime salynýar. Mundan öň bu bozulma üçin duýduryş bermek ýa-da ýarym başlangyç ölçeg (50 manat) göz öňünde tutulýardy.

Kanun bir ýylyň dowamynda gaýtalanýan hukuk bozulmalary üçin hem täzeden jerime möçberlerini girizýär. Şoňa görä, döwlet tehniki gözegçiliginden geçmedik, bellenilen tertipde hasaba alynmadyk ulaglary dolandyran şahsa bu hukuk bozulmany bir ýylyň içinde täzeden gaýtalan ýagdaýynda iki başlangyç birlik (200 manat) möçberinde jerime berler.
Döwlet belliksiz ulag dolandyrmak düzgünini bozanlar üçin jerime öňki bir başlangyç birlikden iki başlangyç birlige çenli ýokarlandyryldy, ýagny 100 manatdan 200 manada çykaryldy.
Örän güýçlendirilen başga bir kada görä, galp döwlet bellikleri bilen ýa-da bilgeşleýin aýrylan belgiler bilen ulag dolandyranlar üçin jerime möçberi öňki 3 – 5 başlangyç ölçegden (300 – 500 manat) 5 – 8 başlangyç ölçege (500 – 800) çenli artdyryldy. Mundan başga-da munuň üçin sürüjilik hukugyny çäklendirmek möhleti 6 aýdan 1 ýyla çenli uzaldyldy.
Ulagyň belliklerini ýa-da beýleki resminamalaryny ýanynda götermedik sürüjiler üçin jerime 0,1 başlangyç möçberden (10 manat) bir başlangyç möçbere (100 manat) çenli ýokarlandyryldy.

Türkmenistanda gyzyl yşykda geçmek, gadagan edilen ýerlerde durmak boýunça jerimeler
Ýol belgileriniň talabyny ýerine ýetirmän geçmek, beýleki ulaglardan öňe geçmek düzgünlerini bozmak, pyýada geçelgelerinden ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryndan dogry geçmezlik, şeýle hem ulagyň yşyklandyryş enjamlaryny dogry ulanmazlyk üçin indi başlangyç birlik (100 manat) möçberinde jezalandyrylýar. Ozal bu düzgün bozulmalar üçin duýduryş ýa-da 0,5 başlangyç birlik (50 manat) möçberinde jerime göz öňünde tutulýardy.
Ýolyşygynyň gadagan ediji yşyklaryna ýa-da ýol hereketini sazlaýjy Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgäriniň görkezmesine garamazdan geçmek üçin jerime iki birlikden (200 manat) üç birlige (300 manat) çenli ýokarlandyryldy.
Ulaglaryň durmak ýa-da säginmek düzgünlerini bozmagy  indi öňki bir başlangyç birlik (100 manat) ýerine iki başlangyç birlik (200) möçberinde jerime salynmagyna getirer.
Ulag serişdeleriniň pyýada ýodalarynda sürülmegi we geçelgeleriň petiklenmegi ýaly düzgünler boýunça hem madda giňeldildi. Indi 5-nji madda laýyklykda, diňe ýanýodada durmak däl, eýsem gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howpsuzlygy, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň gök-gyzyl reňkli ýylpyldaýan yşyjagy ýakylan ulag serişdeleriniň, şeýle hem döwlet we resmi wekiliýetleriň ulaglarynyň guramaçylyk kerwenleriniň düzüminde hereket edýän ulag serişdeleriniň hereketine päsgel berilmegi ýa-da ulagyň gözegçiliksiz goýlup gidilmegi üçin iki başlangyç birlik (200 manat) möçberinde jerime bellenilýär.
Kanuna täze düzgün hem girizildi. Oňa laýyklykda, gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howpsuzlygy, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň ualgalary üçin niýetlenen ýörite zolakda ulag sürmek administratiw jogapkärçilige çekilýär. Bu ýagdaý üçin bäş başlangyç birlik (500) manat möçberinde jerime göz öňünde tutulýar. Diňe çepe öwrülmek ýa-da yza öwrülmek üçin şol zolaga girilip dolandyrylýan ýagdaýlar muňa girmeýär.

Tizlik üçin jerimeler
Bellenen tizligiň 10 kilometrden köp, emma 30 kilometrden geçmeýän derejede artykmaç geçilmegi indi öňki 0,5 birlik (50 manat) ýerine iki başlangyç birlik möçberinde (200 manat) jerime salynmagyna getirýär.
Tizligiň 30 kilometrden köp, emma 50 kilometrden geçmeýän derejede bozulmagy üçin jerime öňki üç birlikden (300 manat) bäş birlige (500 manat) çenli ýokarlandyryldy. Şu hukuk bozulmasynyň alty aýyň dowamynda täzeden gaýtalanmagy bolsa öňki bäş birlik (500 manat) ýerine ýedi başlangyç birlik (700 manat) möçberinde jerime salynmagyna getirer.
Iň güýçli çäreler bolsa has erbet bozulmalara degişli edildi. Tizligiň 50 kilometrden artykmaç derejede bozulmagy indi öňki ýedi birlik (700 manat) ýerine on başlangyç birlik (1000 manat) jerime bilen jezalandyrylýar.  Şu hukuk bozulmasy alty aýyň dowamynda täzeden gaýtalanan halatynda sürüjiniň ulag dolandyrmak hukugy alty aýdan bir ýyla çenli möhletde elinden alynýar. Öň bu möhlet üç aýdy.

Täze düzgünler ýollaryň gaýragoýulmasyz gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howsuzlygy, polisiýanyň ýol gözegçiligi, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň, şeýle hem döwlet we resmi wekiliýetleriň düzüminde hereket edýän ulaglara ýol hereketiniň howpsuzlygynyň berjaý edilmegi şerti bilen degişli däldir.


şu gün 09:53
1.2k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň tertibini neşir etdi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibini neşir etdi. 10–12 fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 17–19 mart — Türkmenistanyň...

düýn 12:54
10k+

Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi...

22.12.2025 22:51
9.8k+

Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde  «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy...

22.12.2025 22:24
9.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde «Döwlet Ermitaž Muzeýine» aýlanyp gördi...