96 ýaşynda häzirki zamanyň iň beýik binagärleriniň biri Frenk Geri aradan çykdy

  • 06.12.2025 17:01
  • 19k+

Häzirki zamanyň iň beýik binagärleriniň biri Frenk Geri 96 ýaşynda aradan çykdy. Binagärlik dekonstruktiwizminiň ussady 5-nji dekabrda uzak dowam etmedik keselden soň Los-Anjelesdäki öýünde ýogaldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Frenk Geri binagär Frenk Lloýd Raýtyň döwründen bäri iň tanymal amerikaly binagär hasaplanýardy. Geri Zaha Hadid we Rem Kolhas bilen bir hatarda XX we XXI asyrlaryň sepgidinde işjeň ösen dekonstruktiwizm ugrunyň esasyny goýujy boldy. Geri işde kompýuter dizaýnyny ilkinji ulanyp başlanlaryň biridi.
Frenk Geriniň iň belli işi 1997-nji ýylda Bilbaoda açylan Guggenhaým muzeýi hasaplanýar. Binagäriň beýleki möhüm taslamalarynyň arasynda Los-Anjelesdäki Uolt Disneý konsert zaly, Pragadaky «tans edýän» öý, Minneapolisdäki Frederik Weýsman muzeýi, şeýle-de Pariždäki Lui Witton Gaznasynyň binasy bar.
1989-njy ýylda Frenk Geri binagärlik ugrunda esasy baýrak bolan Pritsker baýragynyň eýesi boldy.

Binagäriň belli işleri

Bilbaodaky Guggenhaým muzeýi

Los-Anjelesdäki Uolt Disneý adyndaky konsert zaly

Pragadaky «tans edýän» öý

Minneapolisdäki Frederik R. Weýsman çeperçilik muzeýi

Pariždäki Lui Witton Gaznasynyň binasy

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....