Türkmenistanda dekabryň aýlyk zähmet haklary 20-sine çenli töleniler

  • 06.12.2025 00:23
  • 24k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi,  bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,1 göterim ýokarlandy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.


şu gün 07:42
384

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.7k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......