Türkmenistanda täze 200 manatlyk banknot dolanyşyga girizildi, 1, 5, 10 manatlyk banknotlar modifisirlendi

  • 01.12.2025 06:51
  • 54k+

Türkmenistanyň Merkezi banky 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär. Bu barada Merkezi bankyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu pullaryň esasy aýratynlygy hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly daşky täsirlere durnuklylygydyr. Şeýle-de olaryň gorag alamatlary has güýçlendirilip, hakykylygyny tassyklaýan şekilleri wizual taýdan kämilleşdirildi. 1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň reňki hem-de şekili öňki görnüşde saklanyp, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şekillendirilendir. 200 manatlyk banknotyň ýüz tarapynda «Arkadag» binasynyň, arka tarapynda bolsa Arkadag şäher häkimliginiň edara ediş binasynyň şekili ýerleşdirilipdir. Dolanyşyga giriziljek modifisirlenen manatlaryň we täze banknotyň ýüz tarapynda olaryň çykarylan senesi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilesi görkezilýär.
Bu banknotlar ýurdumyzyň çäginde eýeçiliginiň görnüşine, alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň we guramalaryň ählisi tarapyndan tölegleriň ähli görnüşleri boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji, 2017-nji, 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň çäginde dolanyşykda bolan banknotlardyr teňňeleriň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin azyndan bäş sany gorag alamatyny barlamak zerurdyr. Bu alamatlar baradaky maglumatlar bilen https://www.cbt.tm salgysy boýunça Merkezi bankyň resmi internet saýtyndan tanşyp bilersiňiz.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....