Kriştianu Ronaldu garyşyk başa-baş söweş promouşeninde paý satyn aldy

  • 01.12.2025 12:08
  • 17k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu Ispaniýanyň garyşyk başa-baş söweş (MMA) promouşeni WOW FC-niň paýdary boldy. Bu barada ol X sosial ulgamynda habar berdi.

Bu promouşende ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýanyň hem paýy bar.
Ronaldu MMA-nyň özüniň, hakykatdan-da, ynanýan “tertip-düzgün, hormat, çydamlylyk we hemişe kämillige ymtylmak” ýaly gymmatlyklary özünde jemleýändigini aýtdy.
40 ýaşly portugaliýaly oýunçy bäş gezek “Altyn topuň” eýesi we bäş gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. 2024-nji ýylda ol taryhda ilkinji bolup sosial ulgamlarda 1 mlrd agza görkezijisinden geçdi. 


düýn 23:43
4.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......