Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (41-nji bölüm)

  • 08.03.2024 13:38
  • 2074
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (41-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

ARAGATNAŞYKDA BOLUŇ!
Awtoulagy satanymdan soň müşderimden ýagşy-ýaman ýekeje söz eşitmesemem, onuň bilen aragatnaşyk saklamagy dowam etdirýärin. Söwda agentleriniň aglabasy komissiýa-peýdalaryny alanlaryndan soň, hasam awtoulagda hiç-hili mesele ýok bolsa, müşderilerini ýatlaryndan çykarýarlar.

Men bolsa bu ýagdaýa düýbünden başgaça seredýärin. Eger birine awtoulag satan bolsam, onda oňa hökman minnetdarlyk hatyny ugradýaryn, ondan başga-da, eger mätäç bolsa, tehniki hyzmat bölümden kömek alar ýaly edýärin. Ýöne, kömek derkar bolmadyk ýagdaýynda-da, olar bilen habarlaşyp durýaryn.

Söwdany amala aşyranymdan soň üç-dört hepdäni ýa-da birki aýy geçrip, soňky söwdalaşan müşderilerimiň sanawyna girýärin-de, olara jaň edip başlaýaryn. Olardan ýüze çykan meseleler barada soramakçy bolýandyr öýdýänsiňiz. Bir tarapdan bu dogry, ýöne esasysy, söhbetdeşlik wagty geljekde bolup biljek geleşikler barada bilmekçi we eger bar bolsa oňa taýyndygymy olara aýtmakçy bolýaryn. Ýönekeý söwda agendinden awtoulag satyn alýan ýönekeý adamyň ýönekeý tejribesi barada oýlanyň. Adaty, şertnama baglaşylandan soň müşderi erkin we awtoulagy bilen ýüzbe-ýüz galýandyr.

Ýöne meniň müşderilerim bilen düýpgöter başgaça. Men erjellik bilen işleýärin, olar muny bilýärler. Söwda-satyg işleri amala aşyrylandan soň olaram aram tapýarlar, ýöne olary çökerip barýan söwdagäriň penjesinden sypanlary üçin däl-de, eýsem, gorky bilen başlap kanagatlanma bilen gutaran işleriň üstünlikli tamamlanandygy sebäpli köşeşýärler.

Ynha, indi men trubkany galdyrýan, gerekli nomerleri aýlaýan we awtomobiliň ýagdaýy nähili diýip soraýaryn. Men köplenç gündiz jaň edýärin, şonda telefony aýaly alýar. Eger müşderi bilen söwdadan soň görüşmedik bolsam, onda hemme zadyň gowudygyny bilýärin.

Adaty, aýaly awtoulagyň gowy işleýändigini aýdýar. Men kepillendirmäniň täsirliligi üçin gerek bolan bir topar kontrolluk işleriniň geçirilmelidigini ýatladýaryn. Şeýle-de, adamsy gelende şu aşakdakylary aýtmagy haýyş edýärin: awtoulagda şarryldy, tatyrdy, gürpüldi, ýa-da takyrdy ýaly näsazlyklar ýa-da awtoulagyň hereketi bilen bagly islendik mesele ýüze çyksa, onda ol awtoulagy firmamyza getirmeli we meni çagyrmagy haýyş etmeli.

Soň men ondan awtoulag satyn almakçy bolýan adamy tanamaýarmyň diýip soraýaryn. Oňa ähli tanyşlaryny we hossarlaryny ýadyna salmagy teklip edýärin we menden awtoulag satyn alan islendik müşderi üçin 25 dollar töleýändigimi aýdýaryn.

Eger zenan bäş-üç gün mundan öň doganoglany awtoulagynyň köneldendigini gürrüň bereni barada aýdaýsa, onuň adyny, familiýasyny we telefon nomerini soraýaryn, ondan başga-da, ýakyn günlerde oňa jaň etjekdigim barada doganoglanyna telefon arkaly aýdyp bermegini ondan haýyş edýärin. Soň zenana 25 dollar barada ýene bir gezek ýatladýaryn we hoşlaşýaryn.

Indi ýaňky zenan adamsyna hal-ahwal, awtoulagyň ýagdaýy barada erjellik bilen soranymy jikme-jik gürrüň berer. Eger onuň adamsy ýanyma gelibem satyn alaman giden bolsa, onda ol bu gürrüňi eşidip oturan oturgyjyndan arkanlygyna ýykylmagy ahmal, sebäbi islendik adam, söwdagärler, esasanam awtoulag satýanlar harydyny satanlaryndan soň müşderilerini gara köpükçe-de görmeýärler we olar hakda birjik-de alada etmeýär diýip hasap edýärler. Hut şonuň üçin hem men onuň doganoglanyna awtoulag satyp bilmegim gaty ahmal.

Şeýle etmek bilen sap ýürekliligiň, ýagşy işleriň we ýagşy gazançlaryň sanawy artýar, sebäbi zenan gözleýji üçin niýetlenen 25 dollaryny alýar, doganoglany bolsa hojalykda kanagatlanan ikinji adam bolýar. Ondan başga-da, mende her 3, 4 ýa-da 5 ýyldan ýüz tutjak iki sany täze ygtybarly müşderi peýda bolýar.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3795

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2762

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1846

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2036

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...