Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (43-nji bölüm)

  • 15.03.2024 16:23
  • 2k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (43-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

BAŞGAÇA HEREKET ETMEKDEN ÇEKINMÄŇ – ŞONDA KÖPLENÇ HAS GOWY BOLÝAR

Siz meniň mahabat we maglumat maksatly hat ibermek maksatnamam, sowgatlarym we öz biznesimde meşgullanýan beýleki zatlarym barada-da şuny aýtmagyňyz ahmal. Ýöne, men beýleki awtoulag söwdagärleriniň emellerini ulanmaýaryn, beýleki ulgamlaryň söwdagärleriniň köpüsiniň häzir hem edýän zatlaryny etmeýärin.
Awtoulag biznesi bilen meşgullanyp başlamda bu ugurdan gömükdim, onuň dürli çylşyrymlylyklaryny bilmeýärdim, şonuň üçin hem öz usullarymy işläp düzdüm. Bularyň barysy bir bada emele gelmedi, ýuwaş-ýuwaşdan, biznesimi giňeltmegiň we söwdanyň göwrümini artdyrmagyň iň gowy usullaryny işime ornaşdyrdygymça hasyl boldy.
Men ulanýan usullarymyň barysyny özüm oýlap tapdym diýjek bolmaýaryn. Ideýalaryň köpüsi beýleki adamlardan we biznesiň beýleki ulgamlaryndan alyndy. Näme, eýsem siziň ulgamyňyzda işleýän adamlaryň aglabasy islendik sanawda elipbiýiň ilkinji harpyndan başlamaýarmy?
Onda näme üçin şol ätiýaçlandyryş agendiniň ideýasyny ogurlamaly däl we sanawuň ortasyndan, hatda ahyryndan başlamaly däl? Ýöne netijäniň nähili boljagyna garamazdan, muny etme, ondan netije bolmaz, sebäbi öň muny hiç kim etmändi diýýän adamlary diňlemezlik gaty möhümdir.
Munuň ýaly psihologiýa, ýagny, «öň muny hiç kim etmändir, şonuň üçin men hem etmeli däl» diýen pikir, dünýäde iň biderek zat bolup biler. Eger bu çemeleşme dogry bolan bolsa, onda dünýäde hiç-hili täzeçillikler bolmazdy. Beýik açylyşlaram, täze ideýalaram bolmazdy. Bularyň barysy siziň biznesiňize-de degişlidir. Öň muny hiç kim etmändir, şonuň üçin ol başa barmaz diýip iň gaty gygyrýän kim? Diňe bäsdeşligi islemeýänler. Ýöne, biziň biznesimiziň özeni hut bäsleşikdedir.
Söwda edýän her bir adam, ol ýa-da beýleki harydy satýan beýleki adam bilen mydama bäsleşýär. Müşderi menden şu gün satyn almalymy ýa-da 6 aýdan almalymy diýip bilmeýär, sebäbi ol puluna diňe awtoulag satyn alasy gelenok-da, eýsem, motorly gaýyk alasy gelýär ýa-da zähmet rugsadyna çykasy gelýär. Şonuň üçin motorly gaýyk satýan söwda agendem, syýahatçylyk putýowkasyny satmak boýunça agentlik hem meniň bilen, şeýle-de, «Şewrole» we awtoulaglaryň beýleki markalaryny satýan müňlerçe söwdagärler bilen bäsleşýärler.
Diňe müşderini özüme çekmegiň we olara satmagyň täze we ygtybarly usullaryny tapyp bilsem, men gaty uly artykmaçlyklary gazanyp bilerin. Gowy ideýalar, olary oýlap tapmak üçin sarp edilen wagty gaty ödeýär. Olar, şeýle-de, iş ýüzünde ulanmak üçin harçlanan pul serişdelerini-de ödeýärler. Alymlaryň aýdyşy ýaly, bu işleri köplenç ylymy-barlag işleri we iş ýüzüne girizmek diýip atlandyrýarlar. Olar sizde-de bar bolmaly. Siz ilki synagdan geçirmeli boljak täzeçilligi gözlemeli we biznesiňiziň bahasyny kesgitlemek üçin öň geçilmedik ýollary gözlemeli. Şeýle etmek bilen, siz satýan zadyňyzyň iň wajybyny, ýagny özüňizi, gowy satmagyň usullaryny yzygiderli gözlärsiňiz. Esasy özen, köne zatlary täze usullar bilen nädip etmegiň yzygiderli gözleginden ybaratdyr. Şu ýerde iň netijeli usul, düýbünden garaşylmadyk ýerden peýda bolup biler.
Men öň milletçiligi, etniki taýdan dil ýetirmeleri ýigrenýändigimi aýdypdym. Kabinetimde kimdir biri «myrdarlar» ýa-da «bedroýlar» barada gürrüň edip başladygy, şol bada gyzýaryn we gahar-gazaba münýärin. Onuň bilen gyzyl ýumruga girsek-girmesek, ýöne kelläm göçýär we şol günki geleşik meniň üçin elden gidýär.
Ahyrsoňy, iş wagty meniň wezipäm, diňe müşderä awtoulag satmak diýen karara geldim. Men Sisiliýanyň aşa galjaň tohumundan bolanym üçin dawa-jenjele girişip geleşiklerimem, dişlerimem ýitiresim gelmeýär. Şonuň üçin ýönekeý bir iş etdim. Men çaphana ýüz tutdum we täzeçil wizit kartoçkasyny sargadym. Familiýamyň soňky «i» harpyny aýyrdym, şonuň üçin men indi haçandan bäri ýöne Jirard.
Men pasport maglumatlarymy resmi taýdan çalyşmadym, ýöne, diňe Amerikaly kinoaktýorlar Jon Ueýin ýa-da Jerri Lýuis we müňlerçe beýlekiler ýaly özüme lakam edinmegi dogry bildim.
Jon Ueýin (1907-1979ý.ý.), kinolarda gedemräk, ýöne dogruçyl mertligiň nusgasy bolan. «Oskar» kinobaýragynyň eýesi. Hakyky ady – Merion Maýkl Morrison. 
Jerri Lýuis (1929ý.), haýran edýän komediýalary bilen belli bolan amerikaly kinoaktýor we režissýor. Hakyky ady – Jozef Lewin.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...