Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
- 35-nji bölüm
- 36-njy bölüm
- 37-nji bölüm
- 38-nji bölüm
- 39-njy bölüm
- 40-njy bölüm
- 41-nji bölüm
- 42-nji bölüm
- 43-nji bölüm
- 44-nji bölüm
- 45-nji bölüm
KERPIÇLER WE YBADATHANA
Maňa has gowy düşüner ýaly, şäheri gezip ýören syýahatçy hakda köne tymsaly ýatladaýyn (onuň awtory belli däl, her halda özüm onuň kimdigini bilemok-da).
Ýolugra ol kerpiç örüjiniň kerpiçleri emaý bilen arassalap, yhlas bilen örýänini synlamak üçin ýörite saklanýar. Syýahatçy: «Siz näme üçin hapa kerpiçleriň eýlesini-beýlesini arassalap, seresaplyk bilen örýärsiňiz?» diýip sorapdyr. Ussa ýylgyryp: «Men kerpiç öremok, men ybadathana gurýaryn» diýip jogap beripdir. Görşüňiz ýaly, ussanyň adaty hyzmatynyň aňyrsynda uly, ajaýyp ideýa ýatyr. Ol bu ideýany durmuşa geçirip, özüni gaty gowy «ýerläp» bildi. Haýran galan syýahatçy ýoluny dowam etdiripdir. «Şunuň ýaly ussalar bilen bu ybadathana müňlerçe ýyllar mizemän durar!». Bu mysal, satýan önümiňiziň ornuna özüňizi goýup boljakdygyny aýdyň görkezýär.
Bir zadyň ýerine ideýany satmak üçin, ony şol kerpiç örüji ýaly çyn ýürekden hem düşnükli beýan etmegi başarmaly. Netijede, siziň söhbetdeşiňiz bu ideýa düşüner we ony uly isleg bilen kabul eder. Soň bolsa hemişe bolşy ýaly bolar: şol ideýa onuň beýnisinde ornaşar, ähmiýeti gözünde öser, soň sizi we hyzmatyňyzy satyn alar.
Hyzmatlaryň söwdasynyň strategiýasy
Öňki bapda müşderiniň gözlegini, olaryň öwrenilmegini, haryt bilen tanyşlygy we görkezilmegini, müşderiniň närazylyklaryna berilmeli jogaplary, geleşigiň baglaşylmagyny we ondan soňky hereketleri öz içine alýan haryt satuw strategiýasy barada gürrüň beripdim.
Gürrüň harytlary däl-de hyzmatlary satmak barada gidende köplenç hut şol prinsipler ulanylýar. Bu prinsipleri ele alyp bilseňiz, ol size özüňizi hyzmatlaryňyz bilen bile satmaga deň derejede kömek edip biler. Şeýdip, söwdaňyz geçginli, özüňiz idegli birine öwrülersiňiz.
Geçen bapda, beýlekiler bilen bir hatarda söwdanyň taktiki emelleri hem beýan edilipdi. Ýadyňyza düşýän bolsa, onda dört sany düzgün bardy: özüňize iň gowy müşderi boluň, müşderiň ornuna geçip duruň, tutynyň aňyrsynda bukulmaň, harydyňyzdan beýik boluň (häzirki ýagdaýda – hyzmatyňyzdan).
Bu düzgünler harytlaryň söwdasynda boluşy ýaly, hyzmatlaryň söwdasynda hem wajypdyr. Öňki baby ýene bir gezek okaň, söwdanyň strategiýasyny, taktiki emellerini özleşdiriň we olary işleriňizde ulanyň.
Ýöne hyzmatyň hyzmatdan parhy bar. Eger siziň alyp barýan işiňiz haýsydyr bir zadyň abatlaýyş işi ýa-da näsazlyygyny bejermek, arassalamak, çyzgysyny etmek, sökmek, täzeden düzmek bilen çäklenýän bolsa, onda bu ýerde söwdanyň strategiýasy gerek. Siz çaltrak müşderi tapmaly hem ylalaşyk we soňky çäreler tamamlanýança ädimleriň hemmesini ýa-da hemmesini diýen ýaly yzygiderli geçmeli. Düzgün boýunça, bu hyzmatlaryň özeni müşderiňiziň häzirki wagt eýeçiligindäki (elinde bar, özüne degişli) zatlara, mysal üçin, awtoulaglara, durmuş enjamlaryna, öý goşlaryna, egin-eşige degişli işleri etmekden ybaratdyr.
Hyzmatlaryň beýleki görnüşleriniň wezipesi adamlaryň durmuşynyň bir hili edip gowulandyrmakdan ybaratdyr. Olary lukmanlaryň, aklawçylaryň, mugallymlaryň, maslahatçylaryň, hukuk goraýjy edaralarynyň, şäher gulluklarynyň işgärleriniň we ofisiantlaryň paýyna düşýär. Şu pikirime düşünensiňiz diýip ýene bir gezek umyt edýärin. Üns beriň, elbetde, ofisiant zenan bize örän wajyp hem zerur hyzmaty berýär, ýöne ol müşderi gözlemeýär (oňa derek müşderini restoranyň eýesi gözleýär) we hiç-hili şertnama baglaşmaýar, ýöne müşderiniň naharsanawdan ýönekeý tagamy däl-de, aşpeziň ýörite bişirýän üýtgeşik we gymmatbahaly tagamyny saýlamagyna täsirini ýetirip bilýär.
Hyzmatlaryň bu toparynda köplenç, mysal üçin, lukmanyň, aklawjynyň ýa-da psihiatryň müşderilerini özbaşdak gözlemäge hukugynyň derejesini kesgitleýän berk düzgünler hereket edýär. Ýöne, siziň berýän hyzmatlaryňyzyň häsiýetiniň we satuw strategiýasynyň ähli ädimleri olara degişlidigine ýa-da degişli däldigine garamazdan, söwdanyň taktiki usullarynyň hyzmatlaryň we harytlaryň ähli görnüşlerini satmakda deň derejede ýaramlydyr diýip nygtap bolar.
Muny görnetin düşündirmek üçin, dört sany dostum hakda gürrüň bermäge rugsat ediň. Olaryň hemmesi özlerini maddy zatlar bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk ugurlarda «satýarlar». Olaryň biri ätiýaçlandyryş pudagynda, ikinjisi bilimde, üçünjisi aragatnaşyk, dördünjisi bolsa lukmançylyk pudagynda işleýärler. Men olaryň hut ikisiniň hyzmatlaryndan peýdalandym.
Haýsy pudakda işleýändigine garamazdan, bu adamlar özlerini hem uly isleg bildirilýän hyzmatlaryny ökdelik bilen satýarlar. Ýeri gelende aýtsak, öz etnik mirasyny satmak babyna gaýdyp gelsek, olaryň dördüsiniň hem dürli milli kökleriniň bardygyny aýtmalydyryn. Olaryň arasynda ýewreý, polýak hem italýan bar.
(dowamy bar).