Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (45-nji bölüm)

  • 19.03.2024 18:25
  • 2701
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (45-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Şulary HÄZIRIŇ ÖZÜNDE EDIŇ!

  • *Söwdasyny edýän harydyňyzy gowy öwreniň, onuň peýdaly häsýetlerini we artykmaçlyklaryny anyklaň. Eger satýan zatlaryňyzyň nämedigini bilmeýän bolsaňyz, onda size üstünlik hemra bolmaz.
  • *Söwdanyň ýedi sany esasy ýörelgelerini ýadyňyza salyň, soň olary ýokarda getirilen taktiki amallar bilen baýlaşdyryň.
  • *Işiňizde özüňizi harydyňyz bilen bile satmagyň dört düzgünini ulanyň. Iň gowy alyjyňyz özüňiz boluň, alyjynyň ýerine geçip duruň, tutynyň aňyrsynda bukulmaň we harydyňyzdan beýik boluň.
  • *Işiňizde söwdanyň dört düzgünini özleşdiriň we ulanyň. Gizlin syrlaryňyzy alyjylar bilen paýlaşyň, olary iş hereketlerine gatnaşdyryň, olara bir salym zeýrenmäge mümkinçilik beriň we olaryň aladasyny edýändigiňizi görkeziň.

***

ÖZÜŇIZI HARYTLARYŇYZ WE HYZMATLARYŇYZ BILEN BILELIKDE «SATYŇ»!
Aslynda, hyzmatlar bazarynda işleýän adamlar harytlaryny satmaýarlar-da, eýsem dürli zatlaryň hilleridir häsýetleri barada düşünjelerini we oý-pikirlerini, kähalat bolsa olaryň hil derejelerini we häsýetlerini satýarlar. Lukmanlar haryt satmaýarlar, olar diagnostik we terapewtik ukyplaryny, bilimlerini, lukmançylyk (stomatologik, akuşerlik, psihatriýa we beýleki) tejribelerini satýarlar. Aslyýetinde, olaryň hyzmatlarynyň ählisini keseli bejermeklik we öňüni almaklyk bilen çäklendirip bolýar.

Adwokatlar kanunlary we döwlet tarapyndan çykarylan kararlary ulanmak arkaly bilimlerini, başarnyklaryny we tejribelerini satýarlar.

Pedagoglar çagalary okatmak we terbiýe bermek boýunça hyzmatlaryny satýarlar. Slesar we mehanik özlerini, şeýle-de, mehaniki enjamlaryň döwülmän işlemeklikleri üçin guratlykda saklamak ukyplaryny satýarlar. Ätiýaçlandyryş agentleri gelejege ynam satýarlar, dürli maslahatçylar iş bilen üpjün etmeklikden öýlendirmeklige çenli durmuşda bolup biljek ähli ýagdaýlar üçin maslahat satýarlar, ruhanylar rahatlyk satýarlar, syýahatçylyk agentlikleri arzuwçyllyk we gezelenç satýarlar, polisiýa işgärleri gorag satýarlar.

Dürli hyzmatlary, şonuň bilen birlikde özlerini hem satýan adamlar, hödür edýän «harytlarynyň» özeni hakda kän bir pikir edip hem durmaýarlar. Ýöne, eger olar bu prosesi änigine-şänigine ýetip içgin etseler, onda hyzmatlaryny hem özlerini satmak olara has hem ýeňil bolar. Şol bir wagtyň özünde, hyzmatlaryň haýsy görnüşe degişlidigi asla möhüm däldir. Siz poçta bölüminde işläp bilersiňiz, haryt eltmek bilen meşgul bolup bilersiňiz, salgytlary barlap bilersiňiz, adamlara bejergi berip bilersiňiz, ýüzmegi öwredip bilersiňiz, ýetginjekler toparyna ýolbaşçylyk edip bilersiňiz, gar üýşmeklerini aýryp bilersiňiz, restoranda nahar hödürläp bilersiňiz, häkimlikde işläp bilersiňiz, teatr çäreleriniň beýanyny satyp bilersiňiz, awtoulag ýuwup bilersiňiz, öwülýäde işläp bilersiňiz, bankda pul berip bilersiňiz, kir ýuwulýan ýerde eşik ýuwup bilersiňiz, adamlara radio ýa-da telewizor arkaly täzelikleri habar berip bilersiňiz...

«Hyzmatlar» sözüniň aňyrsynda nämäniň ýatandygyna siz eýýäm düşünen bolsaňyz gerek. Berýän hyzmatlaryňyza pul alýandygyňyz ýa-da ony mugt edýändigiňiz hem möhüm däl: çek kagyzyna dört belgili tölegi ýazýan plastik hirurgiýa hünärmeni hem, gyzlar klubunda boş wagtlary meýletin iş dolandyryjy bolup işleýän zenan hem hyzmatlaryny — öz başarnyklaryny, edip bilýän işlerini hödürleýär.

Bu adamlaryň barysy, hyzmatlary bilen birlikde özlerini «satsalar», hödürleýän her bir hyzmatynyň nämedigine — çuňňur manysyna düşünseler, has uly üstünlikler gazanyp bilerdiler. Näme edýändigiňizi, näme işleýändigiňizi aňly-düşünjeli ýerine ýetiriň!

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3975

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2833

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1895

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2123

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...