Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (57-nji bölüm)

  • 23.04.2024 18:28
  • 2104
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (57-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

DESSINE YLALAŞMAKDAN ÄGÄ BOLUŇ!

Dördünjiden, her zada dessine ylalaşmakdan, eglişik etmekden, oňuşmakdan ägä boluň. Prinsipleriňize wepaly bolmak elmydama özüňizi aldyrmaga kömek eder. Prinsipleriňize iň uly howp, aýdaly, häzirki dörän ýagdaýda eglişik etseňem boljakdygy barada karara geleňizde ýüze çykýar. Dessine ylalaşmak uly bähbitlerden alyp galyp biler. Ýerliksiz eglişikler, bijaý ylalaşyklar prinsipleriňiziň güýjüni yzygiderli pese gaçyrar, soňlugy bilen ondan el üzmegiňize getirer.
Oňşuk diýip, boýun bolmaga mynasyp diýip hasaplaýan pursadyňyza aýdylýar. Belki siz söhbetdeşiňiziň hem oňşuk edendigi bilen özüňizi aklap bilersiňiz. Ýa-da ýagdaýlar üýtgedi we menem ýagdaýlara görä garaýşymy üýtgetmeli boldum diýip bilersiňiz. Ýöne, dogrusyny aýtsak, bularyň ählisi özňizi aldyrmaga päsgel berip biljek bahanalar. Menem edil beýlekiler ýaly, öte eglişik etmegiň peýdasyndan zyýanynyň köpdügine göz ýetirdim.  Bähbitsiz oňşuklar häsiýetiňizi ýaramazlaşdyrar we üstesine abraýyňyza hem zyýan ýetirer. Netijede, at-abraýyňyza, edýän işleriňize şübhe döredersiňiz.
Oňşukdan gaça durmagyň iň gowy usuly — hemişe özüň bolup bilmekdir. Bähbidi ýok bolsa, bolşuňyzy üýtgetjek bolmaň. Elbetde, bu bolşuňyz hemişe agyzlaryna seredip durmagyňyzy isleýän we ýagdaýlara görä üýtgäp, her diýeniňiz bilen ylalaşmagyňyza garaşýan adamlary gynandyryp biler. Ýöne, özüňi aldyrmak bilen hemmeleriň göwnünden turmak diýilýän zatlaryň aratapawudy ýer bilen Gök ýalydyr. Ýöne ýere oňşup ýörseň, sen öz hususy şahsyýetiň bir bölejigini ýitirýändigiňi unutma.
Gadymdan gelýän şeýle bir dana söz bar: «Barmagyňy berseň, eliňi tirsekden gopararlar». Hakykatdanam şeýle. Oňşuk — bu diňe barmak. Ýöne bir salymdan ýene bir gezek oňuşmagyňyzy haýyş ederler, soň ýene bir gezek, soň ýene bir gezek... Üstesine, prinsipleriňizden el çekýäňizmi ýa-da başgalaryň bähbitlerini depeleýäňizmi, olar üçin möhüm däl. Oňşuga razy bolmak diňe bir satylmagy däl-de, eýsem arzan satylmagy aňladýar. Bu bolsa, ukybyňyza laýyk üstünlige ýetip bilmejekdigiňizi aňladýar.
Ähtimal, öňem näme üçin beýle edýändigiňize düşünmän özüňizi gaty arzan «satansyňyz» we şahsyýetiňiziň bir bölegini alyp gitmäge rugsat berensiňiz. Belki, oňşugy düşünmän däl-de, eýsem düşünip, öýňüzde-de, işiňizde-de, mekdepde-de ýörite edensiňiz. Psihiatrlar dürli usullar bilen «arzan satylýan» adamlaryň arkasyndan millionlary gazanýarlar. Men olary günäkärlämok. Dostlarymyň köpüsi hem şol käriň eýesi. Diýjek bolýan zadym, siz özüňizi has gowy tanamagyň mümkinçiliginiň bardygyny bilmelisiňiz. Munuň üçin dürli psihologiýa gurnaklary bar, eger isleseňiz şolaryň birine gatnaşyp bilersiňiz. Men bir zady ediň hem diýemok, etmäň hem diýemok, ýöne aýdýan zatlarymdan özüňize geregini alyberiň. Ýöne: «Eger bu size bähbitli bolsa, onda bu gowudyr» diýýärin.
Özüňi näçe gowy tanasaň, şonça-da dessine ylalaşmak ähtimallygy az bolar. Şonda siz öz ýanyňyzdan: «Dur hany. Bu adam meniň bir zat etmegimi isleýän ýaly-la. Näme üçin-kä?» diýip pikir edersiňiz. Elmydama ýadyňyzda bolsun, kimdir biri size öz ýagdaýyňyzdan biraz yza çekilmegiňizi talap edýän bolsa, onda bu diňe bir zady aňladyp biler: siziň şu wagtky duran ýeriňiz onuň üçin amatsyz, bu ony kyn ýagdaýa salýar, ol sizi biraz hem bolsa oňaýly ýagdaýyňyzdan yza iteklemese köşeşmejekligi. Ýöne ol şol maksada ýeten badyna, siz onuň girewine düşýärsiňiz.
Meniň dostum awtoulaglar üçin ownuk bölek şaýlary öndürýär. Onuň bazary töweregi bilen çäklenýär, şonuň üçin hem ol önümlerini sargyt ýerine ýük awtoulaglary bilen eltýär. Bir näçe aý mundan öň ol maňa şeýle gürrüň berdi:
— Jo, meniň on töweregi ýük maşynymyň bardygyny bilýärsiň. Elbetde, olara ýangyç guýmaly, bir topar sürüjidir ýuwujy saklamaly. Ýöne olar meniň ýük awtoulaglarym, şonuň üçinem olara hökman gözegçilik edýärin. Eger haýsyda bolsa bir dükan gyssagly ätiýaçlyk şaýlary sorasa, men olary wagtynda eltip berýärin. Eger olara eltmegi wada beren bolsam, onda hökman sözümde durýaryn.
— Men muny bilýärin. Ýöne mesele nämede?
— Soňky döwürde maňa bir transport kompaniýasy azar berýär. Olar, maňa goşmaça kynçylyk gerek däldigini, ýük awtoulaglarymy satmalydygymy, işgärlerimiň ýigrimi sanysyny işden çykarmalydygymy, ýangyç üçin artykmaç pul harçlamaly däldigimi aýdýarlar.
— Ulagly ýük daşamagy bolsa olara tabşyrmaly, şeýlemi?
— Edil özi. Olaryň sözlerine görä, şeýtsem, men köp pul tygşytlap bilerin. Dogrusy, näçe tygşytlap biljegimi bilemok. Olar muny özleriniň hasaplap berjekdiklerinem aýtdylar. Ýöne, esasysy, men eltip bermek hyzmatyma gözegçilik edip biljek däl. Eger muny şol kompaniýa tabşyrsam, onda harytlary wagtynda eltip bererler diýip diňe umyt edip bilerin. Umuman, bu meni gyzyklandyryp hem durmaýar.
— Näme gyzyklandyrmaýar? Wagtynda eltmekmi?
— Ýokla, gürrüň häzir pul tygşytlamak barada. Eger eltip bermek hyzmatynda şolar bilen oňuşjak bolsam, onda abraýym pese düşer. Men elmydama müşderilere beren sözümde durupdym, şonuň üçin bu hazan uran kompaniýa şert goýdurasym gelenok.
Ol öz diýenini hem etdi. Şol ulag kompaniýasy bilen şertnama baglaşmady (ýogsa ol hakykatdanam köp pul tygşytlap biljekdi) we henizem harytlary öz ulaglary bilen eltýär. Ol kynlyk bilen gazanan abraýyny satyp, biznes etmegi özüne dereje bilmedi. Geliň biznesde-de, durmuşda-da hiç hili oňşuk etmäliň. 

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3741

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2732

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1830

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2022

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...