Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (53-nji bölüm)

  • 13.04.2024 17:01
  • 2.3k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (53-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Şulary HÄZIRIŇ ÖZÜNDE EDIŇ!

  • Hyzmatyňyzyň ulydygyna ýa-da kiçidigine garamazdan, diňe kerpiç örmäň-de, ybadathana gurup başlaň!
  • Berýän hyzmatyňyzyň ideýasyny tapyň! Bu ýerde esasy zat düşewündem, alyjam däl-de, eýsem hödürlenýän hyzmatyňyza bolan garaýşyňyz. Siziň hyzmatlaryňyza bolan garaýşyňyz — ýeke-täk hakykatdyr. Sebäbi siz agramyny çekip bolýan, görüp bolýan, elläp bolýan we iş ýüzünde barlap bolýan haryt satmaýarsyňyz ahbetin.
  • Hyzmatlaryň söwdasyna degişlilikde, söwda strategiýasynyň esasy ädimlerini berjaý ediň. Hyzmatlaryňyzy satanyňyzda, söwdanyň taktiki usullaryny ulanyň.

***
ÖZÜŇIZI SATYLMAN SATYŇ
Indi bolsa, geliň tertip-düzgünlilige degişli birnäçe meselelere garalyň. Tertiplilik – bu, örän giň düşünje, şeýle-de bolsa, bu barada birnäçe söz bilen gaty köp zat aýdyp bolar. Häzir men hut şeýtmekçi bolýaryn. Artykmaç sözler nämä gerek? Häzir siz özüňize ýa dogruçylsyňyz, ýa-da dogruçyl dälsiňiz. Häzir siz özüňize ýa beletsiňiz, ýa-da belet dälsiňiz. Eger özüňize dogruçyllyk ýetmeýän bolsa, onda siziň üçin bu meseläni çözmegiň tüýs wagty geldi. Eger siz özüňizi tanamaýan bolsaňyz, onda kimdigiňizi anyklamagyň wagty geldi.
Içki tertiplilik siziň hakykatdanam kimdigiňize tizden-tiz düşünmäge kömek eder. Eger özüňizi hiç kim däl hasap edýän bolsaňyz ýa-da iň bolmanda göwnüňize şeýledir öýdýän bolsaňyz, onda bu netijäňiziň özi eýýäm edep-terbiýäniň ep-esli bölegini öz içine alýar. Ýöne mundan nähili peýda bolup biler? Eger özüňizi prinsipli adam hasaplaýan bolsaňyz we size para berip bolmaýar diýip pikir edýän bolsaňyz, onda bu edep-terbiýelilik, dzgün-tertiplilik, eýýäm, uly öwgä mynasyp. Abraýyň ýitirilmegi, sebäbine garamazdan, prinsipleriňizden çekileniňizden soňra ýüze çykýar. Käbirileri köp pula, beýlekiler derejä, üçünjileri at-abraýa, dördünjileri agalyga, bäşinjileri meşhurlyga, altynjylary bolsa gorka özlerini aldyrýarlar.
Özüňi satmaklyga nähili düşünmeli? Munda, köplenç bir adamyň bir zady ýa-da kimidir birini satýandygy ýa-da oňa dönüklik edýändigi göz öňünde tutulýar, mysal üçin, Benedikt Arnold Amerikany Iňlislere, Iuda bolsa Isany otuz kümüş pula satdy. Ýöne, hakykatda, bir kişi ýene bir kişä bir zat satsa, ol özüni hem satýar. Tersine, eger adam öz prinsiplerine dönüklik etse, ol iru-giç başgalara-da dönüklik eder. Şeýlelikde, satylmagyňyzy bes ediň-de, özüňizi aldyryp başlaň.
Şu bapda prinsipleriňize wepalylygyň we esasy meseleler boýunça oňşuk etmekden ýüz öwürmegiň oňyn taraplary barada söhbet ediler. Muňa nähili ýetmelidigini bolsa size men görkezerin. Maslahatlaryň birnäçelerini öz tejribämden aldym, käbirlerini bolsa beýleki adamlar aýtdylar. Bu bapda ýeke-täk tapyp bilmejek zadyňyz, ol hem prinsiplerine dönüklik eden tanyşlarym baradaky mysallardyr. Näme üçin diýýäňizmi? Sebäbi dostlarymyň arasynda beýle adamlar ýok. Ýadyňyzdamy, men diňe ýeňijiler, öňdebaryjy şahsyýetler bilen gatnaşmagy we mümkin boldugyça şowsuzlardan, edeni ugruna bolmaýan adamlardan gaça durmagy size köp gezek maslahat berýärdim?
Şowsuzlar – bu, yzygiderli «satylýan» adamlar, öz maksatlaryna däl-de, ahyrsoňy maksadyndan jyda düşürjek zatlara özüni aldyrýan adamlar. Olardan elmydama: «Baý müşderilere jaň etmek üçin ýene bir sagadymy sarp etsemem bolýar welin, ýöne men şu wagt gaty ýadaw», ýa-da: «Bu meseläni häziriň özünde çözmelidigini bilýärin, ýöne dostlarym bilen restorana gidibereýinle», ýa-da: «Bu firmada meniň ukyp-başarnyklarym gerek däl. Ýeke-täk çykalga, ol hem başlygyň göwnünden turmagy başarmak gerek» diýen ýaly sözleri eşidersiňiz. Şeýle adamlar size tanyş bolsa gerek. Siz menem tanaýansyňyz. Men şo zeýilli adamlar bilen düýbünden gatnaşmaýaryn. Olaryň nalyşlarynam, käýinçlerinem eşitmek islemeýärin. Olarda hiç-hili özlerine bolan dogruçyllyk ýok.
Aslynda, düzgün-tertiplilik, dogruçyllyk nämekä? Käbir adamlar munuň hut özüňize bolan garaýşyňyza baglydygyny, çünki her gün irden oýananaňyzda ilki bilen aýnada özüňizi görmekden başlaýandygyny, ömür boýy hem şeýle dowam edýändigini ýanjarlar. Ýöne meniň aýdýanymy diňläň: dogruçyllyk diýmek, hiç wagt özüňi hiç kime, hatda özüňe-de satmaýaň diýmekdir.
Geliň, adamlaryň nädip we nirede «satylýandyklary» barada käbir mysallara seredeliň. Türgenleriň birnäçesi «satylmakda» aýyplanyldy. Şol aýyplanmalaryň käbiri tassyklanyldy, beýlekileri şübheligine galdy. Käbir  boksçylar ýaryş meýdançalarynda bilgeşleýin «ýykylýarlar». Käbir futbolçylary we basketbolçylary oýun wagty «ýalandan oýnamakda» aýyplaýarlar. Käbir çapyksuwarlarynyň ynsapsyzlyk edýändigi belli. Stawka puly, köplenç, ýeňilýän ata goýulýar, sebäbi ýeňiş gazanmaly çapyksuwar bireýýäm durky bilen «satyldy». Bu ýerde haýsydyr bir adamyň adyny tutmagyň hajaty ýok, muny özüňiz şonsuzam bilip otyrsyňyz, sebäbi aýdýan zatlaryma siz gaty gowy düşünýän bolmaly.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...