Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (52-nji bölüm)

  • 11.04.2024 16:38
  • 1897
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (52-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Hakykatda, doktor Seski adamlara özüne bolan ynamlylygy, ynamy we umydy täzeden tapmak ukybyny satýar. Bularyň hemmesi maddy däl zatlar, ýöne olaryň wajyplygy akuşerçilik däl-de, eýsem adamyň köpeliş ulgamy bolan ginekologiýa hakda gürrüň gidende iki esse artýar. Bu ýerde köplenç hirurgiýanyň gatyşmagy gerek bolýar. Doktor Seski bu hyzmatyň özi üçin nämäni aňladýandygyny we ony nädip satýandygyny gürrüň berýär:
— Eger men zenana ýörite bejerginiň birini, mysal üçin hirurgiýa operasiýasyny maslahat bersem, ähli amallary jikme-jik düşündirýärin, näme etmelidigini we ondan nähili netijelere garaşyp boljakdygyny aýdýaryn. Şeýlelikde, men lukmançylyk fakultetiniň professory we köp klinikalaryň lukmançylyk geňeşiniň agzasy hökmünde, lukmançylyk kärlerimi satýaryn. Men zenanyň gowy lukmanyň ýanyna gelendigine düşünmegini isleýärin. Adatça bu köşeşdiriji, teselli beriji täsir edýär. Soň bularyň ählisiniň aňyrsyny-bärsini ölçersin diýip, ony öýüne iberýärin. Elbetde, adatdan daşary ýagdaý ýüze çykaýmasa, şol bada operasiýanyň edilmeli senesini bellemeýärin. Beýle etmek, meniň pikirimçe, näsagy hiç-hili esassyz gyssamak bolýar, bu bolsa hyzmatyňy we özüňi satmaga päsgel berýär. Adatça, hassalarym teklip edilýän bejeriş usuly bilen ylalaşýarlar. Olar biraz wagtdan lukmançylyk barlagyna ýene meniň ýanyma gelýärler, sebäbi bu gowy,  baha amatly. Mümkin, olar beýleki bir lukman tizden-tiz operasiýa ýatyrar diýip pikir edýändirler. Men hassalarym arkaýyn pikirlensinler diýip, olara mydama goşmaça wagt berýärin. Bu olara rahatlygy täzeden berýär. Şondan soň, hassahana girmegi teklip edemde, olar köplenç gürrüňsiz razy bolýarlar. Meniň hyzmatlarym diňe bir hassanyň başlangyç döwürde özüne ynam gazanmagyna kömek etmek bilen çäklenmeýär. Bu usuly onuň hassahanada bolan döwründe hem dowam etdirýärin. Men palata köplenç irden gelýärin, özem elmydama keýpim kök. (Hakykatdanam, doktor Seski hakda hassahana her gün ilkinji bolup gelýän adam diýip aýdýarlar.) Eger operasiýa şu güne meýilleşdirilen bolsa, hassany köşeşdirmek we howsalany aradan aýyrmak üçin elimden gelenini edýärin. Aňrujy mümkinçilik bolsa näsagyň maşgala agzalaryny çagyrýaryn, adamsy bolsa, adatça, elmydama operasiýa otagynyň golaýynda bolýar. Operasiýa otagynda özümi beýleki lukmanlar ýaly alyp barmaýaryn-da, näsagyň ýanyndan asla aýrylmaýaryn. Narkoz berilýän wagty onuň elini elimden goýbermeýärin. Ýanynda oturanymy bilmek, oňa goşmaça ynam berýär. Biler bolsaňyz, hassalarymyň köpüsi operasiýany başga lukman eder öýdüp gorkýan eken. Ýöne ýanlarynda men bolanymda, olar köşeşýärler we tiz uklaýarlar. Bu kiçijik hileler maňa «özümi satmaga» kömek edýär. Operasiýadan soň hassalarymyň ýanyna her gün birnäçe gezek gelýärin, hatda dynç günleri hem olardan habar alyp durýan. Men palata girýärin, ýylgyryp salam berýärin, keýpihon hiňlenýärin ýa-da sykylyk atýaryn.
Lukman Seskiniň sözlerine görä, näsaglar operasiýadan soňra lukmançylyk barlagyna gelenlerinde, diňe saglyk barada gürrüňlere däl-de, eýsem aýdyma-da garaşýarlar.
Ol hyzmatyny zenanlara berýär, şol sebäpden şu bapda, şol sanda, zenanlar hakda hem gürrüň etjek. Aýal-gyzlara bagyşlanan bapda, hyzmatlary satmakda ajaýyp üstünlik gazanan iki zenan hakda öň gürrüň beripdim. Olaryň biri Delwern Bell, bankda kassir bolup işleýär, ikinjisi — Mariýa Pýaçentini, gozgalmaýan emläk söwdasy bilen meşgullanýar.
Hanym Bell şeýle diýýär: «Men bank müşderilerine hyzmat etmegiň islendik görnüşini — nagt bolsun, çek bilen bolsun — ýerini ýetirip bilýärin. Eger muny, müşderi hasaby dolduranda-da, pul alanda-da, ýylgyryp etsem we müşderi bilen hemişe güler ýüzli bolsam, ikimiziňem keýpimiz kök. Eger keýpiköklük müşderimiň şähtini açsa, onda bu, bank hyzmatlarym bilen birlikde özümi hem üstünlikli satandygymy aňladýar».
Hanym Pýaçentini şeýle diýýär: «Elbetde, men maddy zat satýaryn, ýöne özümi gozgalmaýan emläk ýa-da ýer-ýurt satýan adam hasaplamaýaryn. Meniň söwdamyň köpüsi hyzmatlardan ybarat, şonuň üçin, müşderimiň tamasynyň çykanyny göremde, olaryň begenjine menem begenýärin. Şol bir wagtda, özümi müşderiler üçin satyn alýan ýa-da satýan adam hasap etmeýärin-de, eýsem olaryň hyzmatdaşy hasap edýärin. Olara bu ýaraýar, bu maňa-da ýaraman duranok.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3795

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2762

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1846

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2036

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...