Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
- 35-nji bölüm
- 36-njy bölüm
- 37-nji bölüm
- 38-nji bölüm
- 39-njy bölüm
- 40-njy bölüm
- 41-nji bölüm
- 42-nji bölüm
- 43-nji bölüm
- 44-nji bölüm
- 45-nji bölüm
- 46-njy bölüm
- 47-nji bölüm
Bu bolsa Jon La Waskonyň taryhynyň jemlemesi:
— Ilki bilen işler örän kynlyk bilen gidýärdi, ýöne şonda-da diňe öz pikirimi etmeýärdim. Meniň üçin aýalym bilen çagalarym ilkinji orunda durýardy. Ilkibaşlarda: «dynç günlerinde hem baýramçylyklarda işlemerin, agşam naharyna hem mydama öýe gelerin» diýipdim. Munda çagalarym, näme bolsun, nähili bolsun, maňa bil baglap boljakdygyny bilýärdiler. Öýüňde ähli zat adata görä bolmaly. Näme diýýänime düşünýänsiňle? Men, eger töweregimdäkilere üstünlikli adamdygymy, ýagny, özümi «ýerläp» bilýändigimi görkezjek bolsam, men özümi kabul etdirmek islesem, onda ilki bilen özümden, öýümden başlamalydygyma düşünýärdim. Eger özüňde düzgün-tertip bolmasa, onda söwda-da hiç haçan üstünlik gazanmarsyň. Sebäbi, hatda tüýs ýürekden isleseňem, halk köpçüligini hiç haçan aldap bolmaýar. Aman-esenliginiň daşky alamatlary, maşgalada bar bolan içki meseleleri çözüp bilmez. Ätiýaçlandyryş polisleriniň söwdasy — bu iň ýakyn adamlaryň üçin goragyň söwdasy. Eger özüňi hem ätiýaçlandyryş şertnamasyny satmakçy bolsaň, sen kimdir birini gaty söýmeli. Ondan başga-da, islendik hyzmaty satmak üçin, gaty köp wagt hem kanagat gerek. Mümkin ýalňyşýanam bolsam, ýöne bu işde haryt satýan söwdagäriňkiden hem has köp kanagat gerek. Ynha, bir gürrüň aýdaýyn. Bir müşderini ätiýaçlandyrjak bolup, on bäş ýyllap dagy yzynda selpedim. Aram-aram bolýan ownuk-uşak zatlar diýmeseň, hemmesi netijesiz tamamlanýardy. Käwagt dagy onuň öýünden aglaýjak bolup çykýardym. Ol bolsa ilki bir agent bilen bir million dollarlyk, soň beýlekisi bilen çärýek million dollarlyk şertnama baglaşdy. Men oňa: «Meniň bilen hem kiçiräk şertnama baglaşaý!» diýip ýalbarýardym. Netije bolmady. Soňra, soňky ykdysady çökgünlik döwri oňa-da agyr düşäýdi öýdýän. Onuň ähli baglaşan ätiýaçlandyryş şertnamalary gurys san bolup galdy. Şertnamalary baglaşan agentler bolsa ýaly zym-zyýat bolup, gaçyp gitdiler. Ýöne soň oňa özüm barada ýene ýatlatma ugratdym, hökman ynanmaly ýa-da hökman boýun bolmaly däldigini hem aýtdym. Diňe, oýlanyp, saldarlap görmegini teklip etdim. Bir gün bolsa oňa jaň etdim:
— Siz ýigrimi müň dollarlyk şertnama barada näme pikir edýärsiňiz? Belki, derde ýarar? – diýip soradym. Ol ynanmady: «Onça puly nireden alsam diýýärsiňiz?». Men onuň öz eýeçiligine geçirilen, ýöne bireýýäm ýadyndan çykaran ätiýaçlandyryş polisinden alyp boljakdygyny düşündirdim. Biraz seljermelerden soň şol polis bilen pul alyp boljakdygyny bildim we oňa ýigrimi müň dollarlyk çek ugratdym. Bu, çöl içinde teşne gezip ýören segezdana bir çüýşe buz ýaly suw uzadan ýaly kömekdi. Soň ol daýandy, özüne edilen kömege ýokary baha berdi we menden iki ýyl öň ýarym million dollarlyk, bir ýyl ondan soň bolsa ýene bir million dollarlyk ätiýaçlandyryş polisini satyn aldy.
— Beýlekiler keselden gaçan ýaly gaçanlarynda meni kyn günümde taşlamadyňyz, muny hiç haçan ýatdan çykarmaryn – diýip ol begenip aýdýar. Jon kanagat hem müşderisiniň aladasy arkaly üstünlik gazandy. Onuň gazanan üstünligi çeninden has uly boldy.
Indi on iki ýyl bäri Jon «Millionerleriň tegelek stolunyň» agzasy. Bu abraýly klubyň agzasy bolmak üçin ätiýaçlandyryş agendi maliýe serişdesiniň belli bir mukdaryna deň şertnama baglaşmaly. ABŞ-da ätiýaçlandyryş ulgamynda işleýän 250 müň agendiň diňe 5 göterimi bu klubyň agzasydyr. Jon bu naýbaşy jemgyýete goşulmak üçin zerur bolan maliýe serişdesiniň öwezini bireýýäm doldy. Onuň her ýyl baglaşýan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň ortaça mukdary iki milliondan üç million dollara çenli baryp ýetýär. Ol soňky ýigrimi iki ýyl bäri «Nýu Inglend Laýf» kompaniýasynda işini şol depginde dowam edýär.
— Men diňe ynsaply işlejek bolýaryn. Muňa köp wagt gerek, şeýle hem adamlara düşünmegi başarmaly. Durkuň-düýrmegiň bilen işiňe berilmeli. Berdaşly hyzmat edip bolmajak bir topar müşderiň bolandan, zeruryny bitirip boljak az sanly müşderiň bolany has gowy diýip hasap edýärin.
Ýujin diri bolan bolsa doganyna buýsanardy.
(dowamy bar).