Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
- 35-nji bölüm
- 36-njy bölüm
- 37-nji bölüm
- 38-nji bölüm
- 39-njy bölüm
- 40-njy bölüm
- 41-nji bölüm
- 42-nji bölüm
- 43-nji bölüm
- 44-nji bölüm
- 45-nji bölüm
- 46-njy bölüm
GELJEGE YNAMYŇ SÖWDASY
Çagalyk dostum Jon Lo «Wasko Grosse Pointe» firmasynda (Miçigan Ştaty) ätiýaçlandyryş agenti bolup işleýär. Onuň Ýujin atly ekiz taýy hem bar eken, ýöne birdenkä Ýujin tarpa-taýyn aradan çykýar, şonda Jon harasatdan ýaňa iki bükülýär.
— Ekiz taýyňy ýitirmegiň nämedigini göz öňüne getirmek gaty kyn – diýip, Jon maňa gürrüň berýärdi (elbetde, men Ýujini hem gaty gowy tanaýardym).
Men çuň depressiýa düşdüm. Ol wagtlar ýaşdym, durmuş tejribäm azdy. Biz Ýujin bilen hak dogandyk — adaty doganlarda beýle ýakynlyk seýrekdi. Ol ýogalanda ýarty göwräm ölen ýaly boldy, durmuşa bolan höwesim gaçdy, ýaşaýyş manysyz bir zada öwrüldi. Hernä aýalym meni bu hasratdan halas etdi. Aýalym bilen şol pajygadan bir ýyl soňra tanyşdym. Ol betbagtçylygy mertlerçe geçmäge kömek etdi we bu ýagdaýdan çykalga-ýol görkezdi. Şol döwür önümçilikde işleýärdim, ýöne işime hiç kanagatlanmaýardym. Adamlar üçin peýdaly iş bilen meşgullanasym gelýärdi. Eger ýaşanlygynda, Ýujiniň hem şeýle isleginiň boljagyna ynanýardym. Ýanýoldaşyny ýitiren we ýeke özi ýa-da çagalary bilen bile galan erkekler hem aýallar, doganym ýogalandan soň mende boluşy ýaly, kömege mätäç. Bu adamlaryň ählisine gynanjymy bildirip bilmejekdigimi bilýärdim, ýöne birdenkä kelläme pikir geldi: olaryň maliýe ýagdaýyny ätiýaçlandyryş arkaly ýeňilleşdiräýsem nähili bolarka? Şeýdibem, men önümçilikden gaýtdym-da «Metropoliten laýf» ätiýaçlandyryş kompaniýasynda işe durdum.
Ine şeýdip, içki agyry-şepagat duýgusynyň netijesinde, Jonda başgalara kömek etmek zerurlygy peýda bolýar. Onuň satmakçy bolan hyzmaty, ýakynlaryny ýitiren adamlar üçin ygtybarly geljegi üpjün etmegi maksat edinýärdi. Ilkibaşda onuň özi hem muňa doly düşünmeýärdi, ýöne hünäri saýlamagyň düýp sebäbi, ýa-da başgaça aýdanyňda, bu hyzmatyň esasy ideýasy «özüni satmakdan» — «özüni görkezmekden, öz başarnygyny hödürlemekden» ybarat boldy. Hiç hili tejribesi bolmazdan, başda müşderileri edinmäge we şeýlelik bilen täze hünärini hasam kämilleşdirmek üçin, ol ätiýaçlandyryş kompaniýasynda işlemegi ýüregine düwýär. «Metropolitende» ony öýme-öý aýlanyp beýleki işgärleriň öň baglaşan polisleri boýunça ätiýaçlandyryş töleglerini ýygnaýan «arassalaýjy» diýilýän wezipä belleýärler.
Bu ýagdaý dört aý dowam edýär. «Men iň pes derejeden başlamaly diýen netijä geldim, sebäbi şowsuzlyga uçrasam, ondan pese düşmek mümkin däl» – diýip ol aýdýar. Ätiýaçlandyryş kompaniýasynda işläp başlamak bilen, ol kyn döwlet synagyndan geçmeli boljakdygyny bilýärdi. Başlyk ony «ruhlandyrmakçy» bolýar. «Ol maňa umytdan düşme, adamlaryň köpüsi sürüjilik synagyndan geçip bilerler, ýöne bu olaryň awtoulag sürmegi başarýandygyny aňlatmaýar» diýdi» diýip, Jon maňa gürrüň berýär.
Jonuň pikirine görä, şeýle diýmek bilen başlyk, Jon synagdan geçäýen ýagdaýynda-da, bu oňa ätiýaçlandyryş işinde üstünlik gazanmagy kepillendirip bilmejekdigini aýdypdyr.
Ýöne başlyk Jony meniň ony tanaýşym ýaly tanamaýardy.
— Adamlar maňa kynçylyk döredip başlasalar gowy görýärin – diýip Jon ýylgyryp aýdýar.
— Meni gysyp başlanlaryny duýsam, hiç haçan ahmala galmaýaryn. Hasam maddy däl zadyň söwdasyny edeňde kynçylyklara döz gelmek möhüm.
Jon bu kynçylygy mertlik kabul etdi. Synagdan üstünlikli geçip, «Nýu Inglend Laýf» ätiýaçlandyryş kompaniýasyna işe geçdi. Awtoulag söwdasynda ilkinji müşderimi gurluşyk biznesinde bile işlän adamlarymyň arasyndan tapyşym ýaly, Jon hem ilkinji müşderisini önümçilikde bile işlän tanyşlarynyň arasyndan tapdy.
Hünärinde basgançak-basgançakýokary galmak bilen, Jon aýaly bilen on sany çagany dünýä inderip, olara mynasyp terbiýe berdiler. Çuňňur dindar adam bolmak bilen, ol:
— Sende meşgul bolýan zadyňa hem edýän işiň adamlara peýda getirýändir diýen ynam bolmaly. Eger adamlara berýän hyzmatymy özümde ulanmadyk bolsam, onda işi ugrukmaýan bir satyjy bolup galardym. Ilki bilen men öz maşgalam üçin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşdym. Iň gowy wagyz – söz däl-de iş edip görkezmekdir – diýip aýdýar.
(dowamy bar).