Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (49-njy bölüm)

  • 31.03.2024 13:58
  • 3.4k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (49-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

ŞÄGIRTLERIŇIZDEN ÖWRENIŇ!

Joel Wulfson – iki sany ýokary derejeli çagalar lageriniň düýbüni tutujy we direktory. Ynha olar: «Kemp kerk-lend» oglanlar üçin we «Kemp uingeýt» gyzlar üçin. Olaryň ikisi hem Massaçusets ştatynyň Ýarmute şäherinde ýerleşýär. Joel bilen ilkinji gezek «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» («Islendik zady islendik kişä nädip satmaly») atly kitabymyň Maýamide geçirilen tanyşdyryş çäresinde gabat geldim. Duşuşyk meniň bolýan myhmanhanamyň howuzynyň golaýynda boldy.
Şeýlelikde, bir-biri bilen duş gelen adamlaryň biri ýetişik görkezijileri pes bolansoň mekdepden kowulan, beýlekisi bolsa Boston uniwersitetiniň matematika bölümini tamamlan, Garward uniwersitetiniň sungat bakalawry we bilim ylymlarynyň magistri. Üstesine, onuň dürli abraýly komissiýalara agzadygyny hem aýtmaly. Ol mekdeplerde zehinli çagalary okatdy, öwrediji maşynlar üçin ýörite maksatnamalary işläp düzdi, mekdep büjetleriniň işlenilip düzülmegine gatnaşdy, ruhy taýdan sagdynlyga goldaw bermekden başlap, professional okuwa çenli  dürli ulgamlarda ýüze çykýan meseleleriň giň möçberi bilen meşgul bolýan köp sanly komitetlerde başlyklyk etdi. Häzirki wagtda ol Garward klubyna ýolbaşçylyk edýär we her tomus, ýaňy aýdyşym ýaly, özüniň esaslandyran iki sany çagalar lagerinde işleýär.
Meniň üçin düýbünden nätanyş ulgamda bu uly üstünlikleriň ählisi oňa öýlenmäge, dört sany çagany dünýä inderip terbiýelemäge päsgel bermedi. Ynanaýyň, bular mende gaty täsir galdyrdy. Öň aýdylan bir henek bar: «Garwardy tamamlan bilen gürleşip bolar welin, ýöne onuň bilen näme hakda gürleşjek diýsene?». Meniň pikirimçe, bu degişmäni döredenler Ýel uniwersitetiniň uçurymlary bolmaly. Belki bu beýle däldirem, ýöne beý diýeniň bilen degişmäniň düýp manysyny üýtgetmeýär. Men bolsa tersine, onuň beren gürrüňini uly gyzyklanma bilen diňleýşim ýaly, Joel Wulfsona hem özüm hakda gürrüňlerimiň ählisiniň gyzyklydygyna göz ýetirdim. Bu adam ömrüniň köpüsini başgalara hyzmat etmäge bagyşlady we olara özüni uly höwes bilen «ýerledi». Onuň bilen Maýamide gürrüň başynda geçirilen wagt, hut Konkord uçarynda uçup barýan ýaly örän çalt geçdi.
Ol özüni we hyzmatlaryny nädip aldyryp bildikä? Bu ýerde çylşyrymly zat ýok: ol adamlara ünsli garaýar, olary diňlemegi başarýar we töweregindäkileriň aladasyny edýändigini hem-de olara bolan söýgüsini görkezýär. Ine, onuň maňa beren gürrüňi:
— Saýlap alan hünär ýörelgäm kollejde okaýan wagtym peýda boldy. Bir gezek, tötänden, tomus lagerinde bäş-alty okuwça gözegçilik etmeli boldum, şonda olaryň menden alada hem söýgä mätäçdigine düşündim.
Joeliň aýtmagyna görä, diňe ynsan alada we söýgi bilen gurşap bilýär, diňe ynsan söýgüsini berip bilýär, maddy zatlar size söýgi bermez. Gaz peç aladaňyzy etmez, zynjyrly byçgy bolsa size söýgisini berip bilmez. Haryt satyjy size diňe üns berip biler, ýöne söýgüsini bermez. Ol söýgüsini diňe käbir ýagdaýlarda, mysal üçin, eger gürrüň gaty owadan zenan müşderi hakda gidýän bolsa, berer.
Joel gürrüňini dowam etdi:
—Ýaş mugallymkam menem şeýle bir ýagdaýa gabat geldim. Eger-de talyplarda mugallymy hoşal etmek, mugallymy begendirip bilmek islegi näçe köp bolsa, şonça-da okuw netijeli bolýar ekeni. Okuwçy başga birine öýkünmezden, başga biriniň täsirine berilmezden  mugallymyny söýmelidir, hormat goýmalydyr we oňa meňzejek bolmalydyr. Bu ýerde «Özüňi satmak» diýen sözi ýumşak bir söz bilen çalşyp bileris — «Özüňi aldyrmak». Okuwçy, talyplar mugallyma özlerini görkezesleri gelýär, olar özlerini aldyrmak isleýär, bu bolsa mugallymyň öňünde uly talaplary goýýar. Bu ýerde ikiýüzlülik etmek bolmaýar, tersine çekmek bolmaýar. Bilim ulgamynda dolandyryjy wezipelerde zähmet çekip başlanymdan soň,  mugallymlar bilen aragatnaşygy ýola goýmak we akýürekliligimiň hem bilimiň hilini ýokarlandyrmak hakda aladamyň çyndygyny ynandyrmak üçin kän wagtymy sarp etdim. Tomus lageriniň direktory hökmünde meniň esasy wezipäm, şäher häkimiýetlerine iň gowy zatlary çagalara bermelidigini ündemekden ybarat. Tomusda özüme has köp aýlykly, üstesine, uly jogapkärçilik talap etmeýän başga işleri-de tapyp bilerdim.
Şu meselede Joel meniň bilen ylalaşýar: hyzmatlary bilen bilelikde özlerini hem aldyryp bilýän adamlar, hamana, haryt satýanlaryň girdejileri özleriniňkiden has köp ýaly, ýöne daş-töwerekdäkileriň sylag-hormaty hem-de olaryň özlerindan hoşaldyklary hakdaky kanagatlanma duýgularyny hiç bir pul mukdary bilen ölçäp bolmaz. Söhbetdeşligiň ahyrynda dostum Joel şeýle diýdi:

  • Özlerine üns berilýändigini duýsalar, özleri barada alada edilýändigini bilseler, adamlar elmydama mähir-mylakatly jogap berýärler. Hyzmatlaryňyzy geçginli etmek üçin adamlary diňlemegi oňarmaly we olara hoşniýetlilik bilen çemeleşmeli. Munuň üçin ol-bu şowlulyklaryňyz hakda gören ýeriňizde öwünip ýörmeli däl-de, «müşderileriňiz» üstünlikleriňize ynanyp, sizden görelde alar ýaly, özüňize hem maksatlaryňyza ynamyňyzyň bardygyny görkezmeli.

Eger şu kitapdaky gahrymanlaryň haýsydyr birine birinjiligi bermeli bolsa, onda ol ilki bilen Joel Wolfsondyr.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...