Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
- 35-nji bölüm
- 36-njy bölüm
- 37-nji bölüm
- 38-nji bölüm
- 39-njy bölüm
- 40-njy bölüm
- 41-nji bölüm
- 42-nji bölüm
- 43-nji bölüm
- 44-nji bölüm
- 45-nji bölüm
- 46-njy bölüm
- 47-nji bölüm
- 48-nji bölüm
- 49-njy bölüm
- 50-nji bölüm
KESELHANADA ÝATYRKAŇ HYZMATLARY SATMAK
Dostum doktor Artur Seski Detroýtyň iň meşhur ginekologlaryndan biri. Men ony köp ýyl bäri tanaýaryn. Elbetde, ol özüni zenanlara «aldyrýar», ýagny, dostum zenanlaryň ideýän, gözleýän lukmany. Artur diňe bir ginekolog däl, eýsem akuşerem, ol biziň iki çagamyzyňam göbek atasy. Doktor Seski bilen (onuň adyny diňe şeýdip tutýaryn) ilkinji gezek 1953-nji ýyl kyn güne düşemde tanyşdym. Aýalym Jun birden keselledi. Keseliň sebäbiniň şu ýerde ähmiýeti ýok, ýöne aýal keselleri lukmanynyň gerek bolandygyny aýtmak gerek.
Aýalymy Keramatly Fransisk keselhanasyna eltdim-de, şepagat uýasyndan «Iň gowy ginekolog kim?» diýip soradym. Ol säginmän «Doktor Artur Seski» diýip, jogap berdi. Gije sagat 3-de doktor Seskä jaň edip, hassahana gelmegini we aýalyma seretmegini haýyş etdim. Ol meni öň gören adam däl. Üstesine ýarygije, süýji ukuda ýatyr, şonuň üçin aýalyna seretmegi talap edýän erkek adamy aňkasy aşan diýip hasap edip hem bilerdi. Ýöne ol beýle etmedi. Şonda lukman Seskiniň hünär saýlamagynda Gippokrat kasamynyň uly rol oýnandygyna ynandym.
Häzirki döwürde, onda-da beýle wagtda lukmanyň gelmegini gazanaýmak aňsat däl, ýöne doktor Seski üçin bu adaty zat. Ol birjik-de ikirjiňlenmän «Häziriň özünde barýaryn» diýdi. Telefonda gürleşip bolanym hem şoldy, ol bolsa eýýäm gaşymyzda dur. Gelenden birlaý göz aýlady-da, aýalymyň operasiýa otagyna ugradylmagyny tabşyrdy. Bir salymdan lukman otagdan çykdy we suwuklykdan doly kapelnisany görkezip: «Eger el ýüzünde şu derman bolmadyk bolsa, onda siziň aýalyňyzy halas edip bolmazdy, mister Jirard» diýdi. Ynha, adamlara hiç haçan kömek etmekden boýun gaçyrmaýan we aýalymy, ruhy rahatlygymy halas eden adamyň nusgasy. Keselhananyň şepagat uýasynyň hut şol lukmana ýüz tutmagymy maslahat berendigi üçin Hudaýa müňde bir minnetdardyryn (indiki bapda siz domino prinsipiniň nähili hereket edýändigini jikme-jik bilersiňiz). Eger ol meniň aýalymy halas etmedik bolsa, onnda Jo-kiçi we Greýs dünýä inmezdiler.
Onuň maňa özüni aldyran beýleki bir gezegini hem hiç haçan ýatdan çykarmaryn. Aslynda, bu wakany ýatdan çykaryp hem boljak däl, sebäbi ol 1954-nji ýylyň 30-njy maýynda, uruşlarda wepat bolanlaryň Hatyra güni, garry enem Wita Stabilanyň (ol barada men öň gürrüň beripdim) we doktor Norman Winsent Pilanyň doglan günleri bolup geçdi. Şol gün doktor Seska jaň etdim, sebäbi meniň garry enem Jirardi ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol:
— Men ginekolog ahbetin, mister Jirard — diýdi. Şeýle-de bolsa, onuň gelmegini haýyş etdim. Ol haýal etmän geldi we diňe ýeke bir zat – demini sanaýan garrynyň ölümini ýeňilleşdirip bileris diýdi. Ol enemi bejerip bilmedi, ýöne gürrüň onda-da däl. Esasy zat, ol çagyran badyňa geldi. Hut şeýdip özüni we hyzmatlaryny başgalara aldyrmagy başarýar.
Onuň akuşerçilik we ginekologiýa ulgamyndaky işleri, umuman aýdanyňda bermekde we almakda jemlenýär. Ginekolog hökmünde aýal maşgala hiç-hili pajygasyz çaga dogurmaga mümkinçilik berýär, garaşylmadyk ýagdaýda operasiýa zerurlygy ýüze çykanda bolsa, janyna howp salyp biljek zady aradan aýyrýar. Iki ýagdaýda-da ol özüni bir meňzeş üstünlikli aldyrmaly. Lukman Seski häzirki alyp barýan işine nähili başlandygyny gürrüň berýär:
— Lukmançylyk işime ýaňy başlan wagtlarym tanatgyç kartoçkalaryny (wizitkalary) edindim we çagyrlan toýlarymyň ählisine gitdim. Kartoçkalarymy çaga dogurmaga ukyply zenanlaryň hemmesine, ilkinji nobatda bolsa, toý tutmakçy bolýan gelinliklere paýladym. Soň olaryň käbiri kabul edilişigime geldi, şonda olara öz maşgalamyň agzalary hökmünde garadym. Adamlara, hasam, eger olar siziň hassalaryňyz bolsa, mümkin boldugyça olara köp ýagşylyk etmäge synanyşmak örän wajyp diýip hasap edýärin. Bu aladany olar jogapsyz goýmaýarlar. Kabinetimden çykanlarynda: «Gaty gowy lukman eken» diýýärler.
Akuşerçilik ulgamynda lukman Seski täze doglan çaga bilen iş salyşýar.
— Eger dogýan çagany kabul edýän bolsaň, özüňi kähalat garaşylmadyk ýagdaýda «ýerlemeli» bolýar. Göwreli aýallar aýratyn idege mätäç we akuşeriň göwreli zenanlara kämahal beýlekilerden, şol sanda erkek ýanýoldaşyndanam has ähmiýetlidigine göz ýetirdim. Käbir hassalar keselhanada gysga wagtlyk bolýan hem bolsalar, lukman bilen gaty ysnyşýarlar. Duýgularyň şeýle ýüze çykmagyna hormat goýulmaly we ol hassalaryň peýdasyna ulanylmaly. Çaga dünýä inenden soň, lukmanlar köplenç aýallarda çaga dogandan soňky depressiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýaş ene hassahanadan çykanda, men oňa: «Indi siziň iki çagaňyz bar. Olaryň biri ýanýoldaşyňyz. Oňa çagaňyza ideg etmegi öwrediň» diýýärin.
(dowamy bar).