Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (56-njy bölüm)

  • 21.04.2024 16:22
  • 3601
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (56-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Ýakynda awtoulag gurluşyk kompaniýasynyň uly wezipeli işgäri gürüm-jürüm edildi. Soň onuň jenaýatçylar bilen aragatnaşykda bolandygy ýüze çykaryldy, muny hatda onuň aýaly hem bilmeýän eken. Siz hem şolar ýaly wakalaryň ep-eslisi barada habarlysyňyz. Hakykatdanam, abraýyňyza aýdan sözleriňizden däl-de, eýsem siziň tirkeşýän dost-ýarlaryňyzdan hem baha bererler. Mysal üçin, gijelerine gümürtik ýerlerde görünse, mekdep mugallymyny nädip abraýly adam hasap edip bolar? Şoňa meňzeş ýagdaý bir gezek hasratly waka getirdi. Soň bu waka barada kitap ýazyldy, film surata düşürildi.
Halk arasynda ýaýran bir söz bar: janyňyz çykjak ýerlerden ägä boluň! Goý ol belli bir derejede ulaltma diýeli, ýöne onuň umumy manysy bar: şol ýerlerden daşda duruň. Ýaramaz adamlar bilen görünmäň. Käwagt gatnaşýan adamyňyzyň ýaramazdygyny bilmezligiňiz hem mümkin. Ýöne bu barada eşiden badyňyza, onuň bilen gatnaşygy kesiň. Akýürekliligine bil baglap boljak dogruçyl hem ynamdar adamlar bilen gatnaşyň. Ýöne ikiýüzli dindara hem öwrüläýmäň. Her bir adamda kemçilikler bar ahbetin.
Üçünjiden, öz prinsipleriňize wepaly boluň. Munuň aňsat däldigini hemme kişi bilýär. Her birimizde bize görelde bolan adamlar bardyr. Olary mekdep ýyllaryňyzdan bäri ýadyňyzdan çykaran dälsiňiz we häzir hem gündelik durmuşyňyzda olardan görelde alýansyňyz. Ýöne, töweregimizde wagtal-wagtal bolup geçýän wakalar, bizi kähalat olardan el çekilmäge mejbur edýär. Siz asla beýtmäň! Işleriňiz ugruksa-ugrukmasa, näçe garaňky görünse-de, elmydama bil baglap biljek binýadyňyzyň bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň!
Şäher häkimliginiň tabynlygynda çagalar klublarynyň birinde ýaşlar basketbol toparyna tälim berýän dostum bar. Ol toparyna terbiýe bermesi kyn ýetginjekleri ýygnady. Olar kähalat oýun düzgünnamasynyň çäginden çykyp, «öz düzgünleri boýunça» oýnamaga başlaberýän ekeni. Şonda dostum agzyna jürlewügini alýardy we şol bada: «Saklanyň, göçgün kelleliler! Häziriň özünde kesgitlenen düzgünlere dolanyň» diýýärdi. Olar muny halap hem barmaýardylar, ýöne soň diňe şeýdip ýeňip boljakdygyna düşünýärdiler. Prinsipleriňize wepaly bolmak — bu, siziň nukdaýnazaryňyzdan hemişe dogry pikirlere uýmagy aňladýar. Hatda jübiňize agram salsa-da... Hatda işden kowulsaňyzam... Hatda dostuňyzy ýitirseňizem... Prinsipleriňizden ýüz öwürmäň. Bu karara gelmek kyn, ýöne bu ýeke-täk dogry ýol.
Fortepianoda saz çalmagy öwredýän bir zenany tanaýaryn. Ol tejribeli sazanda we gowy halypa. Onuň iş haky okuwçylaryň sanyna bagly. Ýöne, bir gün ol maňa şeýle diýdi: «Jo, sen ene-atalaryň näçesiniň ukypsyz çagasyna aýdym-saz öwretjek bolşuny göz öňüne-de getirip bilmersiň. Birinji sapakdan, eýýäm, şol çagalaryň saz öwrenip bilmejekleri belli bolýar. Ýöne, ene-atalara bu barada aýdamda, olary eger-eger ynananoklar. Şonda tutanýerliligimi görkezmeli bolýaryn. Hatda gyzyla gaplajaklaryny bilsem-de, men körzehinleri okadasym gelenok. Dostlarym: «Pul berýan bolsalar al-da, bolgusyz zatlara kelläňi agyrtma» diýýärler. Ýöne men muny etmeýärin. Oňşuk edäýdigim, girdejimiň üçden bir bölek artjagyny hem bilýärin. Ýöne şol wagt kim kimi aldaýar? Diňe özümizi aldaýarys».
Hemmeler birmeňzeş prinsiplere eýermeýärler. Ýaşlar kähalat öz prinsiplerin ene-atalarynyňkydan has ýokary diýip düşünýärler. Dogrusy, olar häzir ýaş, ideallaryna ikiýüzlülik etmek meýline bolsa sezewar bolmandylar. Wagtyň geçmegi bilen prinsipler, ideallar hem gymmatlyklar üýtgäp dur. Meniň döwürdeşlerim Ikinji jahan urşunyň adalatlydygyna we faşizmden üstün çykmagyň bütin dünýä üçin diýseň möhüm bolandygyna çuňňur ynanýarlar. Elbetde, bu ýerde ýagdaýlar dürli-dürli, ýöne adamlar ideallaryna wepaly bolmagyna galdylar. Hemmelere mahsus prinsipler hem bar: dogruçyllyk, sözüňde durmaklyk, baglaşylan geleşige wepalylyk, adam hukuklaryna hormat goýmak we özgäniň pikirine gulak goýmak. 

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3741

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2731

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1830

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2022

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...