Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (54-nji bölüm)

  • 16.04.2024 15:33
  • 2.2k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (54-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Dünýä derejesindäki hem-de ýerli syýasatçylaryň öz ýurtlaryny, prinsiplerini we saýlawçylarynyň ynamlaryny «satan» halatlary belli. Köplenç bu barada diňe olaryň özleri bilýär, olara bahany bolsa diňe taryh berip biler. Ýöne, taryhyň hem hökümi käwagt gapma-garşy gelýär. Birnäçeler Angliýanyň patyşasy Eduard VII-niň söýen zenanyna öýlenmek üçin tagtdan düşüp, Iňlis imperiýasyny «satandygyny» aýdýarlar. Beýlekiler bolsa, tersine, ol dogry hereket etdi diýýärler. Hamana, esasy zat, prinsiplere wepaly bolmak, imperiýa bolsa jähenneme gitsin diýýän ýaly.
Gynandyryjy hem bolsa, adamlaryň köpчsi belli bir şertlerde islendik kişini «satyn alyp bolýar» diýip hasap edýärler. Bu adaty zada öwrüldi. Birnäçe hepde mundan öň gurluşyk biznesi bilen meşgullanýan dostum uly garaýollaryň biriniň astynda drenaž desgalaryny gurmak maksatly tendere gatnaşmak üçin ýüztutma(zaýawka) berdi. Maňa duşup, ol:
— Jo, men bu sargydy alyp bilmäýmesem — diýdi.
— Näme üçin — diýip soradym.
— Ol ýerde menden başga-da ýene üç sany dalaşgär bar, olaryň arzan baha hödürleýändigini öwrendim. Olar bilen bäsleşmäge synanyşsam synanşardym: bu ýerde tygşytlasam, ol ýerde gyrp-çyrp etsem, bolsa bolaram. Ýöne arzan materiallary ulanmaga ynsabym çatmaz. Sebäbi, men soň şol gara ynsabym bilen ýaşamaly bolaryn. Bu şäher hili pes beton ulanyp, jaýryk-jaýryk bolan, soň bejergi etmeli köprülerden doly. Meniň hödürlän tekliplerim, gumuň ýa-da şoruň hiç hili täsir edip bilmeýän iň oňat materiallary ulanmak üçin niýetlenendir. Emma bu bäsleşik maňa berilmez. Ýogsam, meniň iş meýilnamam gumam, duzam täsir edip bilmejek gowy materiallary ulanmagy göz öňüne tutýar. Ýöne, bu sargydy maňa bermezler...
Onuň aýdyşy ýaly hem boldy. Ol «satylmandygy» üçin ýeňildi. Iň gynandyrýan ýeri, tender boýunça karar kabul edýän adamlar, olaryň ýeňsesinden nähili oýnuň alynyp barylýandygyny bilýändiklerindedi. Olar munuň şeýle boljagyny bilýärdiler. Dostum ýeňildi, ýöne bolmanda wyždany arassalygyna galdy.
 Bu barada bir henek ýadyma düşýär: «Älem giňişligine uçýan kosmonawt, älem gämisini arzan baha hödürlän potratçynyň gurandygyny bilse, nähili bolar?» Bagtymyza, bu diňe degişme. Şeýle-de bolsa, satylmazlygy niýet eden adamlar umydyny asla ýitirmeli däldir. Ynanaýyň, prinsiplerimize wepaly bolsak, ýeňip bileris. Prinsiplerimize ynansak, üstünlik gazanarys.
«Nýu-Ýork Taýms» žurnaly 1979-njy ýylyň 4-nji martyndaky  sanynda merhum teleýaýlym kommentatory Edward Murrou hakda makala çap etdi. Makalanyň awtory ellinji ýyllarda Murrou bilen işleşen Jozef Werşbady. Makalada, ýurtda makkartizmiň höküm süren döwürleri hakda gürrüň edilýärdi. Murrou «CBS» teleýaýlymynda senator Jozef Makkartiniň hakykatda hem kimdigini görkezjek programma meýilleşdirýär.
Telekompaniýanyň prezidenti Uilýam Peýli sesini çykarmazlygy we bu programma goşulmazlygy dogry bilýär. Murrou Amerikanyň «Alcoa» alýumin kompaniýasyndan zerur bolan hemaýatkärlik goldawyny aljakdygyna doly ynanýar. Näme üçin? Sebäbi, Murrou kompaniýanyň ýolbaşçylaryny öň öz prinsipleri bilen tanyşdyrypdy.
Jozef Werşba şeýle ýazýar: «Birnäçe ýyl mundan öň, «Alcoa» Murrouyň tele-programmasyna hemaýat bermäge razy bolanda, ol bu uly kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşmaly bolupdy. Kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan biri: «Jenap Murrou, aýdyň, syýasatyňyzyň esasy ugurlary nämede?» diýip soranda,  «Jenaplar, munuň size dahylly ýeri ýok» — diýip, Murrou çürt-kesik jogap berýär. «Men hut şeýle jogap bermegiňize hem garaşýardym!» – diýip, onuň söhbetdeşi aýdýar.
«Alcoa» şol teleprogrammanyň hemaýatkäri boldy, ýöne onuň mazmunyna hiç haçan gatyşmady».  

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...