Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (58-nji bölüm)

  • 25.04.2024 13:34
  • 1.6k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (58-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

«ÝOK» DIÝMEGI ÖWRENIŇ!
Bäşinjiden, «ýok» diýmegi öwreniň! Bu gaty gysga söz, ýöne uly täsinlikleri döredip bilýär. Şeýle-de bolsa, köp adam üçin «ýok» diýmekden kyn zat ýok. Eger hemmelere «bolýar» diýip ýörseňiz, girewe düşmegiňiz ahmal. Üstünlige tarap ýoluňyzda bolsa sizi girewine saljak päsgelçilikler gaty köpdür. Üstesine, girew sizi «özüňi aldyrmak, özüňi satmak» diýilýäniň tamamlanýan, «satylmagyň» bolsa başlaýan ýerine gönükdirip biler.
Käwagt öz prinsipleriňizden ýüz öwüreniňden, «ýok» diýmek has kyn düşýär. Şol ýagdaýda töweregiňizdäkiler wagtyňyzy, ideýalaryňyzy ýeňillik bilen ellerine alarlar we ähli aladalaryny üstüňize ýüklärler. Gysgaça aýdanyňda, utanman «seni talarlar». Pikirlenmän razy bolan ýa-da çykgynsyz ýagdaýa düşen wagtlaryňyzy ýada salyň. Belki, şol wagt siziň «ýok» diýmäge gaýratyňyz çatan däldir.
— Alkogolsyz içgileriň önümçiligine gözegçilik edýän toparyň işine gatnaşarsyňyzmy?
— Bolýar, synanyşyp göreli.
— Duralgada awtoulagymy garawullap beräýiň-dä?
— Başaraýmagym hem ahmal.
— Dost, gaýrat et-de synagdan öň konspektleriňi ber. Men leksiýalarda konspekt ýazmandym.

  • Bolýar, gürrüňi ýok. Hökman bererin.

Bu zatlar tükeniksiz dowam edýär: «Gaýrat edip bilmersiňizmi...», «Şuny isleýäňizmi...», «Kyn görmeseňiz...». Munuň yzy ýok. Haçan siz soňky gezek gaty we aýgytly: «Ýok» diýdiňiz?

  • Ýok, men siziň bouling klubuňyza girjek däl. Mende muňa wagt ýok.

— Ýok, şu kitaby okaryn diýip biljek däl. Dogrymy aýtsam, ol meni gyzyklandyryp hem duranok.
— Ýok, ybadathananyň peýdasyna haýyr-sahawat çäresine gatnaşmakçy däl. Näme üçin diýdiňizmi? Bu meniň öz işim.
Iki ýa-da üç gezek «ýok» diýmek bilen, ýüzüniň ugruna «hawa» diýen jogaby eşitmäge endik eden söhbetdeşleriňizi gaty geň galdyrarsyňyz. Hawa, ana, her gezekki şol «bolýar» diýen sözüňiz sizi beýlekiler bilen ylalaşmaga mejbur edýär. Şol gezekki «bolýar» diýeniňiz sizi öz bähbidiňizden ýüz öwrüp, beýlekileriň bähbidine görä hereket etmäge borçlandyrýar. Hawa, hawa, bu hut şeýle, her gezek «ýok» diýmäge gaýratyňyz bolmansoň, öz prinsipleriňiziň tersine gitmäge mejbur bolýaňyz. «Ýok» diýeniňiz bilen ile özüňizi aldyryp bilmersiňiz öýdüp howsala düşmäň.

Hemmelere «bolýar» diýip ýörmegi bes etmegiň wagty ýetdi. Ýeri gelende ýatlasak, hemmeler bilen ylalaşyp ýörenleri kän bir halabam baranoklar. Çürt-kesik we akýüreklilik bilen ýüz öwürmek, gaýta sizi beýlekileriň gözünde has abraýly edip biler. Şonda, hatda siziň «bolýar» diýen sözüňiz hem öňkülerden has çynlakaý we ynandyryjy ýaňlanar.
Bu siziň «gowy oglandygyňyz» hakdaky düşünjeleri üýtgedip bilermi? Asla beýle däl.  Durmuşda barybir siziň «Hawa, bolýar» diýjek we diýen ýerleriňiz köp bolar. Käbir zatlara meýletin «bolýar» diýersiňiz. Sebäbi sizi hiç kim jemgyýetçilik jogapkärçiligiňizden, dostlaryňyzdan, diniňizden, klubyňyzdan, goňşularyňyzdan ýüz öwürmäge mejbur etmeýär. Siz diňe beýlekilere düşündirmäge çalyşýarsyňyz: «Indi men hemmeler we hemme zat bilen sesini çykarman razylaşýan şol öňki oglanyňyz däl».
Men, esasanam satyjy bolup işlän döwürlerim, elmydama «ýok» sözüni inkär edýändigimi nygtaýardym. Ýöne bu edil beýle-de däldi. Şeýle pikir etsemem, özüme «ýok» diýlen gezekleri az bolmandy, ýeri gelende özümem başgalara «ýok» diýipdim. Şonda bularyň maňa bähbitli bolandygyny nygtamak isleýärin.
Ýaş ruhany dostumyň gürrüň beren bir wakasyny gaty gowy gördüm:
 — Jo, adamlaryň köpüsi doga okaýar. Hemişe boluşy ýaly, ähli dogalarda nähilidir bir haýyş bar. «Hudaý jan, maňa iş tapmaga kömek et», «Rebbim, oglumy aklyna aýlanar ýaly et», «Maňa baý bolmaga kömek et», «Maňa şowsuzlyklary ýeňmäge gaýrat ber» we ýene şoňa meňzeş dilegler. Soňra ýanyma gelip: «Men doga baryny okadym, ýöne näme üçin Taňrym dileglerime jogap bermeýär?» diýip soraýarlar. Men ýylgyryp, Hudaýyň eýýäm olara jogap berendigini aýdýaryn. Munuň jogaby ýönekeý: «Ýok». Heniz hiç zat bermedik bolsa, bu hem «ýok» diýmek ahyry. Eger Hudaý «ýok» diýip bilýän bolsa, onda sizem «ýok» diýip bilersiňiz.
Şeýlelikde, siz «özüňizi satylman satmaga» kömek etjek bäş sany ýönekeý düzgün bilen tanyş bolduňyz. Hemişekisi ýaly, muňa iň gowy jogaby ýaşuly Şekspir berdi. Ynha onuň beren maslahaty, ynanyň, munuň üstüne bir zatlar goşup-aýramok. Sebäbi menem aram-aram teatra gidýärin. Eşiden zatlarym täsir etse, ýadymda galýar.
«Iň esasy zat: Hemişe özüňe wepaly bolgun!
Şonda gündizden soň gije gelişi ýaly,
Sen başgalara-da ikilik etmersiň.

Şulary HÄZIRIŇ ÖZÜNDE EDIŇ!

*Şu günden başlap, ýokarda getirilen bäş düzgünden ugur alyp ýaşamagy ýüregiňize düwüň!
*«Özüňizi satmak» bilen «satylmagyň» ýer bilen Gök ýaly tapawudynyň bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň!
* Şekspiriň sitatasyny belläp alyň, ony wannanyň ýüz görülýän aýnasynda, ofisiňizde, sport zalynyň eşik çalşylýan otagynda, awtoulagyňyzda asyň, gapjygyňyza salyp, ýanyňyzda göteriň. 

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...