Senegalda repçi Eýkonyň futuristik şäher taslamasy ýatyryldy

  • 07.07.2025 11:08
  • 14k+

Senegalda Akon City futuristik şäheriň gurluşygy resmi taýdan ýatyryldy.  Munuň sebäbiniň maliýe ýetmezçiligi we gurluşyk işleriniň togtadylmagy bilen baglanyşyklydygyny ýerli wezipeli adamlaryň sözlerine salgylanýan Bi-bi-si habar berýär.

Muňa garamazdan, Senegalyň hökümeti taslamanyň inisiatory repçi Eýkon bilen kenarýaka Mbodýen obasynyň golaýynda ýerleşýän şol bir ýerdäki täze, has realistik taslama boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler.
Eýkon ABŞ-da doguldy, ýöne asly senegally bolup, çagalygynyň bir bölegini öz ýurdunda geçirdi. Ol 2018-nji ýylda Akon City taslamasyny hödürledi. Şäher tutuşlygyna üsti ýetirilip durulýan energiýa bilen işlemelidi we AKoin kriptowalýutasy walýuta hökmünde ulanylmalydy. Taslamanyň kesgitlenen býujeti 6 milliard dollardy.

Egrem-bugram binalaryň renderleri Marvel komikslerindäki hyýaly Wakanda bilen baglanyşygy ýatladýardy. Taslamanyň 2023-nji ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilen birinji tapgyrynda hassahananyň, söwda merkeziniň, mekdebiň, polisiýa merkeziniň, galyndylary gaýtadan işleýän merkeziň we Gün elektrik stansiýasynyň gurluşygy bolmalydy. Şeýle-de bolsa, şu güne çenli diňe kabul ediş binasy guruldy (ol hem doly däl).
AKoin kriptowalýutasy hem kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy, ýagny maýa goýujylara töleg tölemekde meseleler ýüze çykdy we Senegalda ony ulanyp boljagy gümanady. Resmi walýuta Merkezi bank tarapyndan dolandyrylýan KFA franky bolmagynda galýar.
2021-nji ýylda Akon Ugandada şuňa meňzeş taslamany yglan etdi, ýöne ol ýerde hiç hili işjeň gurluşyk işi başlanmady. 2025-nji ýylyň maý aýynda bu taslamanyň “pyşdyl tizliginde” gyrmyldaýandygyny we onuň 15 ýyla çekip biljekdigini gürrüň berdi.

şu gün 22:13
40

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......