Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (60-njy bölüm)

  • 03.05.2024 12:10
  • 1.6k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (60-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Kanun 250
Bu prinsipe men  «250 Kanuny» ýa-da «Kanun 250» diýip at goýdum. Öň, bu kanunyň söwdada ýetirip biljek ýaramaz täsirlerinden ägä boluň diýipdim. Häzir onuň durmuşymyza we özümizi aldyrmak ukybymyza edýän oňyn täsirini belläsim gelýär. Biz sebäp-netije dünýäsinde ýaşaýarys. Islendik waka bir zada ýa-da birine täsir edýär. Bu bolsa öz gezeginde täze netijelere sebäp bolýar. Sebäp — netije — sebäp — netije... Bu hataryň nirede gutarjagyny hiç kim bilmeýär.
Bir ýola sebäp — netije gatnaşyklary diýilýän zadyň nirelerden çykarjagyna düşünjek bolamda, men atdanlykda «250» belginiň ilkinji gezek beýanyny tapan kanunyna gabat geldim. Bu, hakykatda ýöne ýere peýda bolan belgi däl. «Islän zadyňy islendik adama nädip satmaly?» atly kitabymy okan ýa-da leksiýalarymy diňlän adamlar, meni bu pikiriň üstünden ýas-matam gullugynyň müdiriniň eltendigini bilýändirler.
Bu wakany gysgaça ýatladaýyn. Öň, awtoulag salonunda awtoulag satýarkam, merkezi ammarda ýokary isleg bildirilýän belli bir reňkli ýa-da goşmaça enjamlaşdyrylan awtoulaglaryň ýetmezçiligi mydama duýulýardy. Bu sargytlara kimiň jogap berýändigi we haýsy yzygiderlilikde ýerine ýetirilýändigi baradaky sorag meni hemişe gyzyklandyrýardy. Men muňa hiç hili jogap alyp bilmedim.
Ýas gullugunyň müdiri bolup işleýän bir dostumdan merhumyň ady, şeýle-de doglan we ölen seneleri ýazylan mazar bellikleriniň ýa-da gynanç kartalarynyň näçesini sargyt etmekçidigini nireden bilýändigini soradym. Onuň sözlerine görä, köp ýyllyk tejribe we statistika ony «250» belginiň üstünden eltipdir. Eger ol 250 kartoçka sargyt edýän bolsa, onda biz hiç haçan olary gaty az ýa-da gaty köp diýip hasap etmeýäris.
— Jo, bu täsin zat. Bir hili, her adamyň aňyrsynda, hatda ol ýogalan hem bolsa, ýene 250 adam duran ýaly täsir döreýär – diýip, ol gürrüň berýär.
Soňra bu maglumatlary çaphanada işleýän dostumyň üsti bilen ýene iki gezek barladym, şonda ol toý çakylyklaryny ýa-da nika dabarasynyň habarnamalaryny çap edendigine garamazdan, toý çärelerinde hem meňzeş statistikanyň bardygyny aýtdy.
— Jo, uzak wagtlyk tejribämiň esasynda adamlar çakylygyňam, habarnamanyňam takmynan 250-sini sargyt edýärler diýen netijä geldim.
Ýakynda bu sanyň ýöne ýerden peýda bolmaýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Men Maýamide leksiýa berýärdim, şonda «250 kanuny» mysal getirdim. Yz ýany «Omni» myhmanhanasynda dostum Joel Wulfsona gabat geldim, oňa söwda barada täze neşir edilen kitabymy gowşurdum. Elbetde, onda ýokarda agzalan kanun jikme-jik beýan edilendi. Kitaby okandan soň ol geň galyp:
— Jo, men birnäçe aýlap, sinagoganyň goşmaça otaglarynyň meýilnamasyny düzmek bilen meşgullandym, ol ýerde meni hossarlar geňeşiniň başlygy wezipesine saýlapdylar. Esasy meseleleriň biri, onuň ululygynyň nähili bolmalylygy hakyndady. Biz dabaraly ýygnaklary, dini dabaralary we baýramçylyklary ýeterlik ýer bilen üpjün etmelidik. Netijede, takmynan hasabymyza we tejribämize esaslanyp, otagda ýigrimi bäş sany, hersi 10 adamlyk tegelek stol goýulmaly diýen karara geldik — diýdi. Şu sözleri diýende onuň gözleri ýanyp gitdi.

  • Göz öňüne getirýäňmi, Jo? Laýyk 250 adam!

Bu meni geň galdyrmady. Siz heý-de bir wagt barlara we restoranlara gireniňizde, diwarlarda «Zal 250 adam üçin niýetlenendir» diýen ýazgylaryň asylandygyny görüpmidiňiz? Ondan başga-da, kinoteatrlaryň köpüsiniň foýesinde ýangyn bölüminiň görkezmesi boýunça, jaýyň içinde bir wagtda 250-den köp adamyň bolmaly däldigi barada ýazgyly tablisalar asylyp goýulandyr.
Meniň höwesjeň teatryň işlerine işjeň gatnaşýan dostum bar. Truppanyň kärendesine alan zallaryň biri laýyk 250 adam üçin niýetlenipdir. Eger truppa şol möçberden artyk ýekeje petek satsa, onda ýangyn howpsuzlygy bölümini hökman habarly etmeli, olar bolsa öz gezeginde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin öz wekilini ibererler.
Şeýlelikde, 250. Eger isleseňiz, sözlerimiň dogrudygyny özüňiz barlap göräýiň. «250» belgi siziň dilde aýdylan ýa-da ýazgysy edilen islendik mahabatyňyzyň arkasynda durandyr. Onuň kömegi bilen kino petekler we kitaplar satylýar, restoranlarda öňünden sargytlar we lukmanyň kabul edilişigine ýazgylar edilýär. Ol adamlary, şol sanda sizi «satmaga» gowy kömek edýär.
Satyjy hökmünde awtoulag eýeleriniň we alyjylaryň kartotekalaryny döretmek barada yzygiderli alada edýärdim. Mende ýurtda iň göwrümli kartotekalaryň biri bardy. Ýogsa bir ýylda 1400-den gowrak awtoulagy nädip satyp bilerdim? Bir gün kartotekalary gözden geçirip otyrdym, birden meni ýyldyrym uran ýaly boldy. Men her bir adyň we kartoçkanyň aňyrsynda ýene 250 adamyň bolup biljekdigine düşündim, olaryň aňyrsynda bolsa — ýene 250 adam, we ş. m. Bu meni haýran galdyrdy. Men hasabymy ýitirdim. Özüme gelenimden soň ilki bilen eden zadym, bu kanunyň getirip biljek ýaramaz netijelerinde ünsümi jemledim. Munuň üçin ýeterlik sebäpler bardy.
Esasy zat, satyjylaryň köpüsi, şol sanda özümem, alyjylaryň köpüsiniň özlerine hoşniýetli däldigini tejribelerinden bilýärler. Olar: «Ol satyjy ahbetin. Onuň elinden gelýän zat barmy?» — diýýärler. Ýa-da: «Gör ahbetin, bize harytlaryny sokmak üçin bilbil bolup saýraýar!» diýip aýdýarlar. Şeýlelikde, men ilkibaşdan 250 kanunyň ýetirip biljek ýaramaz täsirlerinde ünsimi jemledim.
Men: «Eger siziň müşderiňiz nägile bolan bolsa, muny utgaşykly reaksiýanyň kanununa laýyklykda  ýene 250 müşderä aýdar. Soň bolsa bu erbet myş-myş dünýä ýaýrar. Şonuň üçin alyja aýtjak her söziňizi ölçerip aýdyň. Ýogsa ol aýlanyp-dolanyp, siziň özüňize deger. Geleşigiňizde kemçilik bolsa, müşderi hökman muny görer we başgalara habar berer. Eger müşderileriň birine ýaramaz hyzmat etseňiz, müşderiler sanawyňyzdan ýene 250 adamy arkaýyn aýryp bilersiňiz» diýip hemme ýerde aýdýardymam, ýazýardymam. Görşüňiz ýaly, gürrüň ýene diňe etmeli däl zatlar hakda gitdi.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...