Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy

  • 06.07.2025 20:51
  • 15k+

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy.
“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň 70 göterimden gowragy durmuş maksatly desgalardan ybarat.
Türkmen halkynyň Milli Lideri guş uçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryny we  lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň, Haly kärhanasynyň ýerleşdirilýän ýerlerini we gurluşyk işlerine girişmek üçin ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň derejesini synlady.
Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar.
Arkadag şäheriniň önümçilik toplumlary bilen bir hatarda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-dynç alyş seýilgähleriniň gurluşyklary degişli derejede dowam etdirilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň dikuçary täze şäheriň ýokarsynda öwrüm edip, günbatarlygyna tarap ugur aldy. Ýolugra bu çäklerde alnyp barylýan işleri synlap, gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek we binalary öz wagtynda ulanmaga tabşyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary paýtagtymyzyň gündogar künjeginde hereket edýän M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň ýokarsynda öwrüm etdi. Lukman Arkadagymyz bu lukmançylyk edaralarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere taýýarlyk görmek babatda degerli maslahatlaryny berdi.


20.06.2026 12:08
6.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......