Mbappe psihologik basyş edilmegi babatda “PSŽ”-nyň üstünden ýazan arzasyny yzyna aldy

  • 09.07.2025 14:08
  • 15k+

Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär.

Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi.
Ozal, 2023-nji ýylda “PSŽ-nyň" ýolbaşçylarynyň Mbappäni oýunlardan çetleşdirendigi, oňa ahlak taýdan basgy edendigi we täze şertnama baglaşmaga mejbur edilendigi habar berlipdi.
Şol bir wagtyň özünde, futbolçy “PSŽ” kluba 55 million ýewro töletmek bilen bagly kazyýet işinden el çekmedi. Bu mukdar gol çekmek bonusynyň üçden bir bölegini (36 million ýewro), 2024-nji ýylyň aprel-iýun aýlary üçin aýlyk hakyny we etiki kadalaryň berjaý edilişi bilen bagly bonusy öz içine alýar. 2024-nji ýylyň tomsunda Mbappe erkin agent hökmünde Madridiň “Realyna” geçdi. Şonda ol “PSŽ” bilen köne şertnama boýunça görkezilen mukdaryň tölenmegini talap edip, Fransiýanyň Professional Futbol Ligasyna (LFP) we UEFA ýüz tutdy.
Sentýabr aýynda LFP-nyň hukuk komissiýasy kluba derrew 55 million ýewro tölemegi buýurdy, ýöne “PSŽ” bu karara şikaýat etdi. Şikaýat kabul edilmedi, şondan soň klub Fransiýanyň Futbol Federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetine ýüz tutdy, ol hem şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.
Aprel aýynda Mbappe 55 million ýewro möçberinde “PSŽ”-niň hasaplaryny doňdurmagy başardy. Maý aýynyň ahyrynda klub bu karara şikaýat edip, doňdurylan hasaplara girip bildi. “PSŽ” 2023-nji ýylyň tomsunda taraplar oýunçynyň klubuň maliýe durnuklylygynyň hatyrasyna puluň bir bölegini berjekdigi barada dilden ylalaşandyklaryny nygtaýar. Mbappe-niň aklawçylary bu sözleri "toslama" diýip atlandyrýarlar.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....