1.1k+

Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir

"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär...

7.9k+

Panamada müň ýyldan gowrak taryhy bolan altyn şaý-sepli gadymy mazar tapyldy

Panamada arheologlar adam süňkleri, altyn şaý-sepler we toýun gap-gaçlar saklanyp galan, müň ýyldan gowrak ýaşy bolan gadymy mazary ýüze çykardylar. Bu täsin açyş Panama-Siti şäherinden takmynan 200 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Nata sebitindäki El-Kano arheologik ýadygärliginde hasaba alyndy...

8.8k+

Müsürde üsti altyn bilen örtülen 4300 ýyllyk abat mumiýa tapyldy

Arheologlar Müsüriň Sakkara nekropolyndan 4300 ýyl ozal möhürlenen hek daşyndan ýasalan sarkofagy açdylar. Onuň içinden altyn çaýylan, heniz ellenmedik görnüşde mumiýa tapyldy. Earth neşiriniň habar bermegine görä, 15 metrlik şahtanyň düýbünden tapylan bu gubur Gadymy patyşalygyň Bäşinji we Altynjy nesilleriniň döwrüne degişlidir...

5.7k+

Ýaponiýanyň gadymy "gaplaňlary" hakykatda gowak arslanlary bolup çykdy

Uzak wagtlap Ýaponiýanyň adalarynda gadymy döwürlerde gaplaňlaryň ýaşapdyr diýlip hasaplanýardy. Emma täze geçirilen DNK barlaglary bu ýyrtyjylaryň aslynda meşhur gowak arslanlarydygyny subut etdi. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň tebigatynda ýolbars ýa-da gaplaň ýok...

6.5k+

Tutanhamonyň duşmanlaryny dep eden «sandallary» görkezildi

Arheologlar Tutanhamonyň aramgähinden tapylan we iç ýüzünde faraonyň el-aýagy daňylgy duşmanlary şekillendirilen gyzykly bir jübüt sandaly görkezdiler. Takmynan, 3 300 ýyllyk taryhy bolan bu aýakgap 1922-nji ýylda britaniýaly arheolog Goward Karter tarapyndan tapylypdy...

3.4k+

Altaýda 2500 ýyl ozal çylşyrymly hirurgiýa operasiýalary geçirilipdir

Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň alymlary Altaý Respublikasynyň Ukok belentliginde tapylan gadymy pazyryk medeniýetine degişli zenanyň kellesini häzirki zaman kompýuter tomografiýasy arkaly öwrendiler. Barlaglar netijesinde, mundan 2,5 müň ýyl ozal bu zenana örän çylşyrymly äň operasiýasynyň edilendigi anyklandy...

5k+

Sudandaky 4000 ýyllyk aramgäh Kerma medeniýetiniň gizlin däplerinden habar berýär

Sudanyň Baýuda çölünde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda alymlar takmynan 4000 ýyl ozalky döwre degişli bolan täsin gubury ýüze çykardylar. Bu tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki 2500–1500-nji ýyllar aralygynda gülläp ösen gadymy Nubia patyşalygy — Kerma baradaky bilinýän maglumatlary has-da baýlaşdyrdy...

4.6k+

12 000 ýyl ozal ekerançylygyň dörän ýerini anyklamak başartdy

Häzirki zaman oba hojalyk ekinleriniň ýabany ata-babalarynyň 10–12 müň ýyl ozal ýaýraýşynyň ilkinji jikme-jik kartasy döredildi. Kopengagen uniwersitetiniň (Daniýa) we Basklar ýurdunynyň uniwersitetiniň (Ispaniýa) halkara alymlar toparynyň ylmy işi «Open Quaternary» žurnalynda çap edildi...

6.6k+

ABŞ-da 154 ýyl ozal suwuň düýbüne giden gämi tapyldy

Dünýäniň dürli ýerlerinde suwa giden gämileri agtarmak bilen meşgullanýan Shipwreck World guramasy Miçigan kölüniň düýbünde Lac La Belle bug gämisiniň tapylandygyny habar berdi. Associated Press neşiriniň ýazmagyna görä, bu gämi 150 ýyldan gowrak wagt ozal güýçli harasat sebäpli heläkçilige uçrapdy...

7.1k+

Müsürde açyk asman astynda 10 müň ýyl bäri işläp duran muzeý tapyldy

Arheologlar Sinaý ýarymadasynyň günortasynda ýüzüne gadymyýetde ýüzüne suratlar çekilen we oýulyp şekiller galdyrylan gaýany tapdylar. Alymlaryň çaklamasyna görä, olaryň iň gadymylary takmynan 10 müň ýyl ozal döredilipdir diýip, Yeni Safak neşiri habar berýär...

6.4k+

Ilkinji subutnama! Ispaniýada Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňki tapyldy

Ispaniýanyň günortasynda arheologlar Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňküni tapdylar. Bu tapyndy Ikinji Puni urşunda şol haýwanlaryň ulanylandygynyň ilkinji gönümel hem maddy subutnamasy boldy. Süňk, aslynda 2020-nji ýylda gadymky Kordobadaky Kolina-de-los-Kemados şäherçesindäki köne iberiýa obasynyň ýykyk diwarynyň aşagyndan tapylypdy...

7.5k+

Yrakda Aleksandr Makedonskiniň ýiten şäheriniň anyk ýeri kesgitlendi

Yragyň günortasynda ylmy gözlegçiler Aleksandr Makedonskiý tarapyndan esaslandyrylan port şäheri — Tigrdäki Aleksandriýanyň ýerleşýän ýerini anyklamagy başardy. Ol asyrlaryň dowamynda ýazuw çeşmelerinden mälim bolsa-da, birmeňzeş atly birnäçe şäheriň bolmagy sebäpli, onuň anyk ýerleşýän nokady jedelli mesele bolup galypdy...

5.1k+

136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky tebigy künjekli seýilgähiň plýažynda güýçli kenar eroziýasyndan soň, gark bolaly bäri üstünden 136 ýyl geçen «Lowrens N. Makkenzi» ýelkenli gämisi tapyldy. Bu barada Smithsonian Magazine neşirinde beýan edilýär...

2.6k+

Gazagystanda Parfiýa we Wizantiýa degişli gadymy artefaktlar tapyldy

Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda arheologlar Parfiýa we Wizantiýa döwürlerine degişli bolan içi kümüş we mis teňňelerden doly küýzäniň üstünden bardylar. Gadymy Garakabak şäherçesiniň harabalaryndan tapylan bu gymmatlyklar Mangystau (öňki Maňňyşlak) sebtiniň häki bir çetki künjek däl-de, eýsem möhüm söwda merkezi bolandygynyň esasy subutnamasy diýlip atlandyrylýar...

9.1k+

Ispaniýada taryhda iň kiçijik dinozawrlaryň biri tapyldy

Ispaniýanyň demirgazygynda paleontologlar dinozawryň täze görnüşini — irki hek döwrüniň iň kiçi ornitopodlarynyň biri bolan Foskeia pelendonum diýlip atlandyrylan görnüşi ýüze çykardy. Bu jandaryň boýy ýarym metrden geçmeýär, emma onuň kelleçanagynyň gurluşy örän çylşyrymly we ewolýusion taýdan ösen bolup çykdy...

2.9k+

Paleontologlar Portugaliýada dili uzyn gadymy amfibiýany tapdylar

Portugaliýanyň Lorinýan formasiýasynda mundan takmynan 150 million ýyl ozal ýaşan we ozal nämälim bolan Nabia civiscientrix atly örän gadymy amfibiýanyň galyndylary tapyldy. Bu tapyndy dinozawrlaryň döwründen tä iň soňky buzluk eýýamyna çenli ýaşan, az öwrenilen we nesli kesilen Albanerpetontidae toparyna degişlidir...

7.8k+

Kiçijek, özem süsek: Meksikada dawany kelle bilen çözen dinozawrjyk tapyldy

Halkara paleontologlar topary häzirki zaman iri göwrümli guşuň ölçeginden uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşiniň üstünden bardylar. Dinozawryň kellesindäki süňk ösüntgisi, onuň dürli häsiýetli çaknyşyklary süsüşmek arkaly çözen bolmagy ahmal diýen çaklamany döredýär...

3.4k+

Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy

Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär...

2.1k+

Hytaýda Aziýadaky iň gadymy çylşyrymly gurallar tapyldy

Arheologlar Gündogar Aziýada iň gadymy çylşyrymly daş gurallaryny ýüze çykardylar. Bu täze tapyndy sebitiň tehnologik taýdan yza galandygy baradaky öňki garaýyşlary şübhe astyna alýar. Bu barada "Nature Communications" žurnalyndaky ylmy işde aýdylýar...

6k+

Ýewropada ýaşan adamlar 25 müň ýyl ozal hem ýüzlerçe km aralykda gatnaşyk saklapdyrlar

Arheologlar Merkezi Ispaniýada, gelip çykyşy häzirki Fransiýanyň çäklerine degişli bolan we tapylan ýerinden 700 kilometrden gowrak uzaklykdan getirilen daş gurallaryny tapdylar. Science Advances žurnalynda çap edilen ylmy işde bellenilişi ýaly, bu aralyk Ýewropanyň paleolit döwri üçin daş gurallarynyň daşalan iň uzak aralygy hökmünde tassyklanylýar...