Tutanhamonyň duşmanlaryny dep eden «sandallary» görkezildi

  • 19.02.2026 15:30
  • 6.7k+

Arheologlar Tutanhamonyň aramgähinden tapylan we iç ýüzünde faraonyň el-aýagy daňylgy duşmanlary şekillendirilen gyzykly bir jübüt sandaly görkezdiler.
Takmynan, 3 300 ýyllyk taryhy bolan bu aýakgap 1922-nji ýylda britaniýaly arheolog Goward Karter tarapyndan tapylypdy.
45-lik ölçegdäki sandallar agaçdan ýasalypdyr we ýüzüne altyn gurşun, ýaşyl deri hem-de gymmat bahaly serişdeler çaýylypdyr. Her sandalyň ortasynda lotos we papirus bilen daňylan iki sany ýesir şekillendirilipdir. Aýakgabyň gyrasyndaky sekiz sany ýarag bolsa kemeri bilen bilelikde Müsüriň ähli duşmanlaryny aňladýan "Dokuz ýaý" nyşanyny emele getirýär.
Bu kompozisiýa faraonyň şeksiz häkimiýetini aňladýar we ondan çen tutup, patyşa ýörän mahaly onuň aýaklary duşmanlarynyň üstünden basyp geçýär diýen manyny çykarmak mümkin. Tutanhampnyň mumiýasynda diňe bir taryhy şekilli aýakgaplar däl, eýsem, sap altyndan ýasalan sandallar we aýak barmaklary üçin niýetlenen ýörite altyn gaplamalar hem tapyldy. Emma bu sandallary faraonyň diri wagty geýendigi ýa-da diňe jaýlanyş dessury üçin ýasalandygy entek nämälimligine galýar.
Häzirki wagtda bu gymmatlyk Kairdäki Müsür muzeýinde saklanylýar.


07.06.2026 20:06
3.3k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....