Norfolkda wikingleriň seýrek duş gelýän altyn şaýy tapyldy

  • 06.03.2026 10:44
  • 2k+

Angliýanyň Norfolk graflygynda seýrek duş gelýän altyndan taryhy gymmatlyk tapyldy. Seljerijileriň pikiriçe, bu şaýylar 865-nji ýylda Angliýa çozup giren skandinawlaryň Beýik butparazlar goşunynyň esgerine degişli bolupdyr. Tapyndyny metal detektorly höwesjeň arheolog Elsing obasynyň golaýyndaky meýdandan tapdy.

Boýna dakmak üçin niýetlenip ýasalan şaýylyk (kulon) takmynan 816-njy ýylda zikgelenen we Karolingler döwrüniň iň gowy zikge nusgalaryndan biri hasaplanylýan Beýik Karlyň ogly, imperator Lýudowik Takwanyň (814–840) altyn teňňesiniň öýkünmesidir.

Artefakt özüniň ýokary hilli ýasalyşy bilen tapawutlanýar. Ondaky ýazgylary aýyl-saýyl okap bolýar, imperatoryň kellesi bolsa örän gowy çekilen. Asykdaky iki sany deşik ony imperatoryň suraty daşyna seredip durar ýaly edip dakynmaga mümkinçilik beripdir.

Altyn – wikinger üçin baýlygyň we derejäniň nyşany bolup hyzmat edipdir. Olar teňňeleri seýrek ýagdaýda pul maksatly ulanyp, köplenç şaý-sep hökmünde dakynypdyrlar.

Angliýada wikingleriň altyn artefaktlaryna örän seýrek duş gelinýändigi sebäpli, bu tapyndynyň taryhçylar üçin uly ähmiýeti bardyr. Asyk Karolingler imperiýasy bilen Skandinawiýanyň arasyndaky gatnaşyklary tassyklaýar, şeýle hem Frisiýanyň ussahanalaryny öwrenmek üçin täze maglumatlary berýär. Häzirki wagtda gymmatly tapyndy Britaniýanyň kanunçylygyna görä «hazyna» hökmünde ykrar edilme tapgyryndan geçýär. Noriç galasynyň muzeýi ilkinji bolup, ony satyn almaga isleg bildirdi.


22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......