Ysy eksponat etdiler: Germaniýanyň muzeýinde gadymy müsür balzamlarynyň ysy dikeldildi

  • 08.02.2026 09:05
  • 2.5k+

Halkara alymlar topary Gadymy Müsürde mumyýalamak üçin ulanylan gadymy balzamlaryň ysyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdüler. Bu täzelik bilen Gannowerdäki Awgust Kestner muzeýinde geçirilen sergide tanyşdyryldy.
Gözleg işleri biomolekulýar arheologiýanyň usullaryna esaslanýar. Alymlar arheologik tapyndylaryň geçmişdäki lukmançylyk, atyrlar we dessurlar bilen bagly molekulalary saklap bilýändigini anykladylar. Şol molekulalaryň üsti bilen müňlerçe ýyl ozalky yslary hem dikeltmek mümkindir.
Germaniýanyň, Daniýanyň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň uniwersitetleriniň hünärmenleri diňe bir mumyýalamakda ulanylan maddalary anyklamak bilen çäklenmän, eýsem, goşundylaryň  utgaşmasyny we olaryň mukdaryny hasaba alyp, şol yslaryň özüni hem döretdiler. Işiň netijeleri Frontiers in Environmental Archaeology žurnalynda neşir edildi.
«Biomolekulýar maglumatlar wajyp subutnamalary berýär, ýöne atyrşynas hünärmen himik maglumaty diňe bir aýry-aýry goşundylaryň däl, eýsem, düýp materialyň çylşyrymlylygyny görkezýän bütewi ys garaýşyna öwürmelidir» diýip, işiň awtorlary nygtaýarlar.
Sergä gelýänlere yslar bilen tanyşmagyň iki görnüşi ysly möhür basylan otkrytkalar we balzamlamak ussahanasy görnüşinde bezelen durnukly atyr stansiýasy hödürlenildi.  
«Ys — mumyýalamak barada gürrüň bermegiň täze çemeleşmesidir. Ol adamlary gorkuly faktorlardan we elhenç filmleriň aldawçy täsirlerinden uzaklaşdyryp, bu amallaryň aňrysynda duran sebäplere we göz öňünde tutulan netijelere düşünmäge mümkinçilik berýär» diýip, sergini guraýjylar çylşyrymly işiň maksadyny ýönekeý söz bilen düşündirýärler.


düýn 08:53
3.1k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....